Arkadag şäherinde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat geçirildi

11:0326.04.2024
0
13017

Arkadag şäherinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda 25-nji aprelde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, däbe öwrülen forum ýurtda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan esasy çäreleriň üstüni ýetirdi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, behişdi bedewler umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygydyr. Dünýäniň atçylyk sungatynyň kemala gelmeginde bu tohum atlaryň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen ýeri bolan gadymy Ahal topragyna uly orun degişlidir. Ýelden ýüwrük, ajaýyp häsiýetli bedewler baradaky maglumatlar gadymy döwürlerde Hytaýda, Gresiýada we Rimde, Gomer, Ptolomeý, Strabon, Appian, Ksenofont, Gerodot ýaly irki antik döwrüň şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, alymlarynyň eserlerinde duş gelýär.

Türkmen halky diňe bir seçgiçilik sungatynyň ýokary nusgasyny dünýä bagyş etmek bilen çäklenmän, ajaýyp atlaryň täze ugurlaryny döretmek arkaly, onuň genofondyny kämilleşdirip, bu tohumyň arassa ganlylygyny hem gorap saklamagy başarypdyr.

Çykyşlarda ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak işinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigi aýratyn bellenildi.

Halkara maslahata gatnaşyjylar çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň