Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» myhmançylykda «Şagadamdan» üstün çykdy

16:3206.05.2024
0
9632

«Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynda «Şagadamyň» myhmany boldy.

Şu möwsümde bu toparlaryň ikisiniň hem üstünlikli çykyş edip gelýändigini nygtamak gerek. Olaryň özara duşuşygy bolsa «Ahalyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Has takygy, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň toparyna ýeňiş getiren gollary 55-nji minutda Akmämmet Metdäýew, 88-nji minutda Gurban Annaýew geçirdi.

Bu ýeňişden soň utugyny 24-e çykaran «Ahal» ynam bilen ikinji orny eýeleýär. TNGIZT-iň howandarlygyndaky «Şagadam» topary bolsa 15 utuk bilen ýaryş tertibinde bäşinji orunda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň