Turkmenportal logo
06.05.2024
99479947
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Merw» Türkmenistanyň çempionatynda bir basgançak ýokary galdy

Marynyň «Merw» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň çempionatynyň 12-nji tapgyryny ýeňiş bilen tamamlady.


Topar tapgyrda «Aşgabat» futbol toparyny kabul edip, güýçli garşydaşdan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 37-nji minutda 11 metrlik jerime ugrusyndan Söhbet Allanurow geçirdi.


Bu ýeňişden soň möwsümde toplan utuklaryny 18-e çykaran «Merw» ýaryş tertibinde dördünji orna beýgeldi.


“Merw” – “Aşgabat” – 1:0


Gol: 37 (11 m.j.u.) Söhbet Allanurow.