2-nji maýda Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşmesi binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – türkmen we özbek halklarynyň umumy edebi mirasy» atly halkara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Bu maslahat Özbegistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan Daşkentdäki Respublikan türkmen medeni merkezi we Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşmesi bilen bilelikde guraldy. Çärä Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky daşary ýurtlar bilen halkara we dostluk gatnaşyklary komitetiniň ýolbaşçylary, özbegistanly belli magtymguluşynaslar, alymlar, ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahat öz işine başlamazdan ozal oňa gatnaşyjylar Daşkentde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we Alişer Nowaýynyň ýadygärliklerine gül desselerini goýdular, şeýle-de Özbegistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň binasynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işler boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredow, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy S.Saidow, Özbegistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky daşary ýurtlar bilen halkara we dostluk gatnaşyklary komitetiniň ýolbaşçysy R.Kurbanow, Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti B.Abduhalimow hem-de Daşkentdäki Respublikan türkmen medeni merkeziniň başlygy G.Awezdurdyýewa dagy çykyş etdiler.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Şol bir wagtyň özünde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmek ugrunda iki ýurduň alymlary tarapyndan soňky ýyllarda bilelikde geçirilen ylmy gözlegleriň netijelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar goşgulary ençeme daşary ýurt dillerine terjime edilen Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň häzirki zaman dünýäsinde parahatçylyk medeniýetini wagyz etmekde möhüm orna eýedigini nygtadylar.
Halkara maslahatyň çäginde Ürgenç we Daşkent şäherlerinde türkmen we özbek sungat işgärleriniň gatnaşmagynda konsertler guraldy.