Soňky habarlar

Arhiw

Göreş asyrlardan geçen oýun

0
3905

17-27-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrjak göreş boýunça gatnaşýan türkmen toparyndan ildeşlerimiziň tamasy uludyr. 

Türkmen halky üçin göreş iň ýörgünli sport görnüşidir, munuň sebäbi bolsa ata-babalarymyzdan miras galan bu oýnuň asyrlardan aşyp, şu günlerimize gelip ýetmegidir.

Şonuň üçin hem, Olimpiýa şäherjigindäki Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda türkmen türgenleriniň maşgala janköýerleriniň öňünde çykyş etjekdigi olary biraz tolgundyrýar.

Göreşçi doganlar Batyr we Döwletmyrat Orazgylyjowlary sportuň bu görnüşine kakasy tejribeli göreşçi Öwezgeldi ugrukdyrdy.

“Biziň kakamyz ökde türgendi we biz onuň ýaryşyny görüp ulaldyk. Durmuşymyzda kakamyzyň täsiriniň uludygy bu sport bilen meşgullanmagymyza sebäp boldy. Ilkibada göreşçi bolmaga beden taýdan taýýar däldim. Emma kakam meni hemişe höweslendirýärdi . Onuň goldawy bilen men milli topara goşuldym” diýip, 70 kg agram dereje boýunça ýaryşjak 24 ýaşly Batyr gürrüň berýär. 
Batyr maý aýynda 21 ýaşyny doldurýan jigisi Döwletmyrady hem bu sporta höweslenýänleriň hataryna goşdy. 

“Elbetde kakamyzyň bizi bu sporta höweslendirmekde has köp goşandy boldy, ýöne Batyr ýaly däl. Bu sporta gatnap başlamagyma kakam ugrukdyran hem bolsa, agam Batyr has uly täsir etdi. Çünki kakamyň tutluşyklaryna gatnaşyp görenim ýadyma düşenok, emma doganymyň türgenleşiklerine ýany bilen giderdim. Şeýdibem, bu sporta höweslenip başladym. Indi biz bilelikde syýahat edýäris we dürli ýaryşlara gatnaşýarys . Doganymyň ýanymda bolmagy özümi ynamly duýmaga güýç berýär” diýip, 74kg agram derejesinde çykyş etjek Döwletmyrat belledi. 

Doganlaryň kakasy entek hem häli-şindi oňyn maslahatlary berýär we olaryň iň söýgüli janköýeridir.

Doganlar hemişe kakasynyň goldawynyň zerurdygyny nygtamak bilen: 
“Häzirki wagtda sport bilen birlikde türgenleşmegiň usullary hem üýtgedi, emma kakamyň tejribesi biz üçin görelde mekdebi bolup durýar. Ol biziň ýaryşlarymyza yzygiderli gatnaşýar we degerli maslahatlary berýär. Kakamyzyň bize ýolgörkeziji, has dogrusy tälimçi bolýanlygy üçin özümizi bagtly duýýarys” diýýärler. 

86 kg agram derejedäki Didar Baýramow hem doganlar Orazgylyjowlar ýaly, maşgala agzasy, has dogrusy ejesiniň goldaw bermeginde bu sporta ugrukdy.

“Men göreş boýunça türgenleşmäge ýaňy mekdebiň birinji synpyna baran mahalym başladym. Çagalygyma dolansam, göreşçi bolmaga iň köp höweslendiren ejemdir. Men başga işler bilen hem meşgullanyp bilerdim, emma ejemiň göreşe gatnamaga ugrukdyrany üçin oňa ömürbaky minnetdar. Eger ol meni bu sporta gönükdirmedik bolsady, bu gün men Türkmenistan ýurdumyzyň adyndan çykyş etmek ýaly abraýa eýe bolmazdym” diýip, buýsanç bilen gürrüň berdi. 

Saparmyrat Myradow göreş ýaryşa ugrukdyrany üçin ýekeje dogany Şatlyga minnetdarlygyny bildirýär. 

“Şatlyk maňa sportuň göreş dünýäsiniň gapysyny açdy. Ol häzirki wagtda göreş bilen meşgullanmaýan-da bolsa, meniň gündelik türgenleşigimde möhüm orny eýeleýär. Agamyň türgenleşiklerini synlap, ýygy-ýygydan göreşiň inçe tilsimleri boýunça maslahatlar bermegi öz ukyplarymy kämilleşdirmäge örän uly täsir edýär. Oýunlar döwründe onuň maňa janköýerlik etmegi ýeňşe ruhlandyrar” diýip, 65 kg agram derejeli türgen gürrüň berdi.

Göreşde öz ornuny tapanlaryň biri-de Berdi Atabaýewdir. Sportuň bu görnüşine 18 ýyl öň başlan 31 ýaşly türgen öz toparynyň içinde iň tejribeli türgen hasaplanýar.

“20 ýyla golaý wagt bäri bu sport bilen meşgullanýanlygyma garamazdan, men häzir hem ýaryş düşekçesine çyksam, ýüregimiň urgusy batlanýar. Bu meniň göreş sportuny aşa söýýänligim üçin bolsa gerek. Göreşde ýeterlik tejribe gazananlygym sebäpli, ýurdumyzda geçiriljek Oýunlarynda 57 kg agram derejesinde çykyş edip, altyn medalyň eýesi boljakdygyma hem ynamym uly. Elbetde, bu aňsat bolmaz, emma men ýaryşmaga taýýar durun. Çünki, Aşgabat 2017 oýunlary üçin biz ýokary derejede türgenleşýäris” diýip, tejribeli türgen sözüni jemledi. 

Toparyň eýranly tälimçisi Seýit Morad Mohammedi toparyň daşary ýurtdaky we öz içindäki türgenleşik meýilnamasynyň taýýarlanandygy barada şeýle diýdi:

“Biz hepdäniň dowamynda 10 gezek türgenleşik geçýäris. Netijede, öz ukyplarymyzy ýerli ýaryşlarda görkezmekdir. Ýakyn wagtda Ispaniýanyň Madrid şäherinde, Russiýada ýa-da Eýranda 15 günlük taýýarlyk türgenleşigini geçeris we awgust aýynyň ahyryna çenli Ata Watanymyza dolanyp geleris”. 

Tälimçimiz hem Oýunlardan garaşýan üstünliklerini biz bilen paýlaşdy. 

“Häzirki wagtda erkin göreş boýunça türkmen türgenleri dünýäde 3-nji ýa-da 4-nji orny eýeleýärler. Biziň maksadymyz bolsa, iň ýokarky 2 ýerde bolmakdyr. Meniň pikirimçe, biziň taýýarlyk derejämiz gowy. Aşgabat 2017 oýunlary toparymyz üçin sport ýolundaky şowlulyklaryň başlangyç nokady bolar. Bu ýaryşlarda azyndan 3 ýa-da 4 medal alarys diýip ynanýaryn. Mundan pes netijä asla garaşmaýarys” diýip, tälimçi ynam bilen sözüni jemledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar