Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 3x3 basketbol boýunça Aşgabat 2017-ä gatnaşyjylaryň sanawynda 1-nji we 2-nji setirleri eýeledi

0
2683

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda zenanlaryň hem-de erkekleriň arasynda geçiriljek 3x3 basketbol ýaryşy boýunça türkmen milli topary ýaryşa gatnaşýanlaryň sanawynda 1-nji we 2-nji setirleri eýeländen soň, olardan gowy netijelere garaşylýar. 

“A” toparynda bolan Türkmenistanyň zenanlar topary Mongoliýa we Siriýa Arap Respublika döwletleri bilen ýaryşar. “B” toparynda bolsa Indoneziýa, Taýland we Guam döwletleri ýaryşarlar. 

Aşgabat 2017 oýunlarynda ýaryşjak 12 zenandan ybarat toparlar 3 türgenden ybarat bolan 4 topara bölünerler. “C” topary: Iordaniýa, Özbegistan we Kuk adalaryndan,  “D” topary bolsa Eýran Yslam Respublikasy, Hytaý Taýpeý we Owganystan döwletlerinden ybaratdyr.   

Iki ýyldan bäri Türkmenistanyň milli zenanlar toparynyň kapitany bolup gelýän Aýna Gökowa toparyň güýçli depginde türgenleşýändigini, “Gün geçdigiçe biz şowly çykyş etmäge has-da golaýlaşýarys” diýen sözleri bilen beýan etdi.

Türkmenistanyň erkekler topary gatnaşýan 18 toparyň dünýä sanawynda 2-nji setirde bolup, “B” toparynda Liwan, Eýran Yslam Respublikasy, Täjigistan we Yrak döwletleri bilen garşylaşar. Dünýä sanawynda iň ýokarda bolan Gyrgyzystan Mongoliýa, Özbegistan, Nepal we Palestina bilen ýaryşarlar. 

Galan beýleki 8 topar 4 türgenden ybarat bolan 2 topara bölünerlers. Iordaniýa, Katar, Samoa we Owganystan “C” toparynda bolar we Hytaý Taýpeý, Indoneziýa, Taýland we Guam bolsa “D” toparda çykyş ederler. 

Toparlaryň hemmesi aýlawly ulgamda, ýagny biri-birleriniň arasyndaky ýaryş “utulan çykdy” görnüşde geçiriler. Ýeňiji toparlar çärýek finalda öz aralarynda ýaryşarlar.

Her çärýek finalyň ýeňiji topary ýarym finala gatnaşar, şeýle-de galan 2 topar altyn we kümüş medal üçin ýaryşarlar. Ýarym finalda utulan toparlar bürünç medaly gazanmak ugrunda ýaryşarlar.

Halkara basketbol federasiýasynyň 3x3 basketbol görnüşi boýunça menejeri Robert Riýblinger bu sport görnüşiniň Aşgabat 2017 oýunlarynyň sanawyna goşulmagy janköýerleriň sanyny artdyrjakdygyny belläp, şeýle diýdi: “3x3 basketbol ýörgünliligi boýunça dünýäde iň tiz ösýän toparlaýyn sportlaryň biri bolup durýar we bu Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň sanawynda hem orun alandyr. Ýakynda geçiriljek Aşgabat 2017 oýunlary bolsa,  köp sanly halkara tomaşaçylary bu sporta gyzyklandyrmaga ajaýyp pursat bolar”.

Aşgabat 2017 oýunlary üçin toparlaryň ýerleri 1-nji awgustda Halkara Basketbol federasiýasy tarapyndan kesgitlener. 

Çäreler 19-njy sentýabrdan başlap, 3x3 basketbol arenasynda geçiriler. 24-nji sentýabrda altyn medaly gazanmak üçin iň güýçli zenanlar hem-de erkekler toparlary özaralarynda ýaryşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar