Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň atly sportunyň ýyldyzlary altyn medaly gazanmaga taýýar

0
1106

Sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň atly sportunyň konkur görnüşi boýunça bäş sany türgen Türkmenistanyň adyndan çykyş eder. Bu Oýunlar ýerli halkyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýaryşy bolup durýar. 
 
Milli toparyň düzümine dürli ugurlardan gelen dört sany erkek we bir zenan türgenler girýär. Atly sportuň konkur görnüşine gatnaşýan türgenleriň biri öňden at çapyp ýören bolsa, beýlekisi farfor ýasalýan zawodyň işçisi bolupdyr. 

Ezber Babalyýew özüniň 32 ýaşynyň içinde atly sportuň konkur görnüşi boýunça Türkmenistanyň iň tejribeli türgenleriniň biri bolup durýar. Geçmişde çapyksuwar bolan bu türgen atly sportuň şu görnüşinden çäksiz lezzet alandygyny belläp geçdi.  

“Men 2006-njy ýyla çenli at çapdym. Soňra, işime käbir üýtgeşmeleri girizmek isledim, emma bu üýtgeşme atçylykdan daşlaşmaly däldi. Şeýlelikde men atçylyk sportunyň konkur görnüşi bilen meşgullanmagy makul bildim. Bu çözgüt üçin men hiç wagt gynanmaryn. Çünki men sportuň bu görnüşinden çäksiz lezzet alýaryn” diýip, ol Halkara atçylyk sport toplumynda geçirilýän türgenleşigiň dowamynda aýdyp geçdi. 

“Aşgabat 2017-niň 21-nji sentýabrynda başlanjak atçylyk sporty boýunça ýaryşyna gatnaşyp, ýygnanan tomaşaçylarda ýiti täsir galdyrmaga ymtylýaryn” diýip, Babalyýew belledi. 

“Men her gün iki wagtyna, iki sagat türgenleşýärin. Meniň baş maksadym, sentýabr aýynda öz Watanymda geçiriljek Oýunlara gatnaşyp, altyn medaly eýelemek” diýip, ynamly  jogap berdi. 

Emma 28 ýaşly Fadilýa Zaripowa üçin atçylyk sportunyň konkur görnüşiniň dünýäsine düşmeklik garaşylmadyk waka boldy. Durmuşda oňa köp zat beren sporta ol hem bir zat gaýtaryp bermek isleýändigini aýdyp geçdi. 

“2005-nji ýyla çenli men Halkara atçylyk sport toplumynyň golaýynda ýerleşýän farfor zawodynda işledim. Bir gün atçylyk toplumynda türgenleriň ajaýyp atlar bilen  türgenleşik geçip durandyklaryny gördüm. Men ýüregimi bire baglap, olaryň ýanyna bardym we jogapkär adamy soradym. Şol günden başlap,  arman-ýadaman işledim we gysga wagtyň içinde toparyň bir bölegi boldum.
Bu sport we bu döwlet maňa köp zady bagyş etdi. Indi bolsa men, Aşgabat 2017-niň Oýunlarynda  ýeňiji bolup, mynasyp jogabymy gaýtarmak isleýärin. Munuň üçin men taýýar diýip pikir edýärin”. 
 
Begli Garajaýew toparyň iň uly ýaşly agzasy bolup, onuň hem biziň bilen paýlaşmaga maglumaty bar. 

“Men 2009-njy ýyla çenli öýümiň golaýynda ýerleşýän athanada atlary seýisledim . Şol döwürler atly sportuň konkur görnüşinde ukybymyň bardygyna göz ýetirdim. Soňra men milli ýygyndy toparyň dolandyryjysy bilen habarlaşdym we tizara toparyň agzalygyna girdim” diýip, 33 ýaşly türgen belläp geçýär. Mundan başga-da Garajaýew Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda atlaryň psihologiýasy boýunça alnyp barylýan sapaklara gatnaşýar. 

“Aşgabat 2017-ä taýýarlyk işleri we Ýewropa ýurtlarynyň dürli okuw türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmak bilen toparymyz meşgul boldy” diýip, Hanjar Gyşykow belleýär. 

“ Biz Germaniýa, Belgiýada we Niderlandiýada geçirilen birnäçe okuw türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşdyk. Bu okuw türgenleşikleriniň geçirilen döwründe biz käbir ýerli ýaryşlaryna hem gatnaşdyk. Aşgabat 2017-niň Oýunlarynda ýaryşmak üçin biz indi doly taýýar diýip pikir edýärin.”

 22 ýaşly Nikolaý Beglarýan  toparyň iň ýaş türgeni bolup durýar. Sentýabrda geçiriljek ýaryşlarda ýerli janköýerleriň öňünde türkmen milli ýygyndy topary ýokary derejede çykyş eder.  Emma beýleki ýurtlardan gelýän türgenlere-de kem baha bermeli däldir.  

“Ýakyn Gündogaryň çapyksuwarlary, esasan hem Katardan, Saud Arabystandan we Birleşen Arap Emirliklerinden geljek türgenler biziň iň uly garşydaşlarymyzdyr. Muňa garamazdan, ýaryşyň öz döwletimizde geçirilmegi bize uly goldaw berer we biz özümiziň güýçli taraplarymyzy görkezeris. Bu Oýunlarda ajaýyp şowhun görkezip biljekdigimize meniň berk ynamym bar” diýip, Beglarýan belleýär.

Atly sportuň konkur görnüşi boýunça ýaryş 21-23-nji sentýabr aralygynda Atçylyk sport toplumynda geçiriler we onuň netijesi boýunça üstünlikli çykyş eden türgenleri sylaglamak üçin iki sany medal gowşuryş dabarasy geçiriler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar