Soňky habarlar

Arhiw

Telefondan pul alynýandygyny nädip anyklamaly?

0
51663

Mobil telefon ulanýanlar öýjükli aragatnaşyk üçin çykdajylaryň käte artyk bolýandygyna az gabat gelenoklar. Şeýle halatda siz elýeterli usullaryň biri arkaly öz belgiňizden näme üçin pul alynýandygyny anyklap bilersiňiz.

1. Telefondan näme üçin pul alynýandygyny anyklamak isleseňiz, öz operatoryňyzyň goldaw merkezine jaň ediň. Hünärmenler bilen habarlaşmak üçin TM CELL-iň müşderileri 088 ýa-da (+99312) 93 20 26, 93 02 79, MTC-iň müşderileri bolsa (+99312) 42 52 05, 0890 belgiler boýunça jaň edip bilerler. Siz sesli menýudaky degişli punkty saýlap ýa-da operator bilen birikdirilerine garaşyp, çatylan tölegli we beýleki hyzmatlar  barada jikme-jik maglumat alyp bilersiňiz. Goldaw merkeziniň hünärmeni size telefonyňyzdan näme üçin pul alynýandygyny anyklamaga kömek eder we gerekmejek hyzmatlary aradan aýrar.

2. Öz mobil operatoryňyzyň saýtyndaky şahsy otagyňyzdan peýdalanyň. Mysal üçin, TM CELL-iň müşderileri – https://hyzmat.tmcell.tm ulanyp bilerler.

Gerekmejek tölegli hyzmatlara çatylan bolaýmagyňyzyň mümkindigini anyklamak üçin “Meniň hyzmatlarym” we “tölegleriň taryhy” diýen bölümleri öwreniň. Bu ýerde siz şol hyzmatlardan ýüz öwrüp bilersiňiz. Mundan başga-da, şahsy otagyň degişli bölüminde siziň belgiňizden edilen çykdajylaryň jikme-jik beýanyny buýruň. Köplenç halatda uly möçberdäki pullar müşderiniň hasabyndan ýygy-ýygydan edilýän jaňlar ýa-da daşary ýurtlara iberilýän habarnamalar, her günki uzaga çekýän gürrüňler we siziň tarifiňiziň çäklerindäki beýleki hereketleriň ýerine ýetirilmegi sebäpli alynýar. Eger uly çykdajylar sizi kanagatlandyrmaýan bolsa, onda degişli bölümi açmak bilen tarifiňizi üýtgediň.

3. Telefondan näme üçin pul alynýandygyny anyklamak isleseňiz, öz operatoryňyzyň öýjükli aragatnaşyk salonyna ýüz tutuň. Hünärmenler siziň belgiňizi barlap, çatylan tölegli hyzmatlaryň sanawyny görkezerler. Şeýle hem siziň haýyşyňyz boýunça olar şol hyzmatlaryň islendigini edil şol ýerde aýryp bererler.   

TMCELL hyzmat ediş bölümçeleriň salgylary - https://www.tmcell.tm/tk-TM/offices

MTS hyzmat ediş bölümçeleriň salgylary - http://www.mts.tm/tm/support/service_abonents/mts_adresses_own/

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar