Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Taryhda yz goýanlar: Renesans döwrüniň beýik dörtlügi

0
51302

Leonardo, Mikelanjelo, Rafael we Donatello — bu şahsyýetler iň uly medeni we taryhy döwürleriň biri bolan Renesans döwrüni döredijiler. Bu döwür dünýä ýüzüne görnükli oýlap tapyjylary, suratkeşleri, binagärleri hem-de heýkeltaraşlary berdi. Şeýle-de bolsa, meşhur dörtlügiň ady köplere meşhur animasion multiserialyň adybir gahrymanlaryndan mälimdir. Leonardo, Mikelanjelo, Rafael hem-de Donatello atlaryny, ilkinji nobatda, pyşbagalar topary bilen baglanyşykly multfilmden bilýän bolsaňyz, onda siz olaryň adynyň hakyky eýeleri bolan dünýäni özgerden bu dört şahsyýet barada bilmek hasam gyzykly bolsa gerek.

Surat: ru.wikipedia.org

Leonardo da Winçi — italiýaly suratkeş, dünýäde görnükli heýkeltaraş, binagär, alym hem-de inžener bolup, 1452-nji ýylyň 15-nji aprelinde Florensiýadan uzak bolmadyk ýerdäki Winçi şäheriniň golaýynda, Ançiano diýen ýerde doglupdyr. Kakasy Pýero notarius bolupdyr, ejesi Katerina bolsa daýhançylyk edipdir. Leonardo ömrüniň ilkinji ýyllaryny ejesi bilen geçiripdir. Tizara kakasy baý we meşhur gyza öýlenipdir, ýöne olardan çaga bolmandyr. Şonuň üçin Pýero üç ýaşly ogluny ulaltmak üçin alyp gidýär. Leonardo ömrüniň ahyryna çenli ejesini küýseýär, özüniň sungat eserlerinde onuň keşbini gaýtadan döretmäge synanyşyklar edýär.

15 ýaşynda Leonardo da Winçini nakgaş Andrea del Werrokiodan tälim almak üçin berýärler. Werrokionyň ussahanasynda surat, heýkeltaraşlyk we tehniki-mehaniki sungat ýaly ugurlardan köp taraply bilim alýar. Leonardo da Winçi seljeriş ukyplaryny ösdürmäge ýardam eden, onda uniwersalizme söýgi döreden mugallymyna dürli ugurlardaky ajaýyp üstünlikleri bilen hemişe minnetdarlygyny bildiripdir.

1472-nji ýylda Leonardo da Winçi Florensiýanyň suratkeşler gildiýasynyň agzasy boldy. 

Bir gün Werrokio «Isa Mesihiň çokundyrylmagy» atly suraty sargyt alýar. Leonardo bolsa iki perişdäniň birini reňklemegi tabşyrýar. Bu şol döwürde adaty edilýän tejribe usulyýeti bolupdyr: ýagny, mugallym suraty öz okuwçylary bilen bilelikde döredýär. Leonardo we Werrokio tarapyndan çekilen iki perişde şägirdiň halypasyndan ozdurandygyny äşgär edipdir. Italiýaly suratkeş Wazariniň beýan edişi ýaly, haýran galan Werrokio çotgasyny taşlap, suratkeşlige gaýdyp dolanmandyr.

Leonardo da Winçiniň (fresklerden we çyzgylardan başga) 15 töweregi suratynyň saklanyp galandygy bellenilýär. Bulardan bäşisi Luwrda, biri Uffiside, Gadymy pinakotekde, Çartoryskiý muzeýinde, London we Waşington milli galereýalarynda hem-de beýleki muzeýlerde saklanýar.

Leonardo da Winçiniň nakgaşlyk suratlary: «Mona Liza», «Gizlin agşamlyk», «Sazandanyň portreti», «Dünýäniň halasgäri», «Madonna çaga bilen», «Madonna gaýalarda», «Jinewra de Bençiniň portreti», «Madonna Benua», «Owadan Ferroniera», «Çokundyryjy Ioann», «Bildiriş».

Alym we oýlap tapyjy hökmünde Leonardo da Winçi tejribäni hakykatyň ýeke-täk ölçegi hasaplapdyr. Matematika, mehanika, gidrawlika, anatomiýa we adamlaryňdyr haýwanlaryň fiziologiýasy, botanika, geologiýa we ş.m ugurlary öwrenipdir.

Leonardo da Winçi ilkinji bolup 1653-nji ýylda açylan Paskalyň kanunyna ýakynlaşyp, aragatnaşyk gämilerindäki suwuklyklaryň deňagramlylygyny suratlandyrypdyr. Şeýle hem adamyň dürbi görüşini, adam hem haýwan anatomiýasyny öwrenýär. Döwrebap ylmy illýustrasiýanyň esasyny düzen jikme-jik anatomiki çyzgylary döredýär, süňkleri we nerwleri ilkinji bolup suratlandyrýar, şeýle hem embriologiýa we deňeşdirme anatomiýasy ýaly ugurlaryň meselelerini öwrenýär. Görnükli alym agaçlaryň ýüzükleri bilen agaçlaryň ýaşyny kesgitlemegiň usulyny öňe sürýär.

Da Winçiniň oýlap tapyşlary öz döwründen öňe saýlandy. Onuň ýaşan mahaly ýeke-täk ykrar etdirip bilen oýlap tapyşy sapançanyň tigir gulpy bolupdyr. Leonardo da Winçi uçaryň dizaýnyna kybaplykda ornitopteriň modelini döredipdir, belliklerinde ol uçaryň we paraşýutyň diagrammalaryny belläpdir. Şeýle hem, oýlap tapyjy suwa halas ediji çümüjiniň kostýumyny, ellikleri (lastyň prototipi), welosipedi, esgerleri daşamak üçin demir arabany (tankyň prototipi), katapulty, gözegçilik çyrasyny, aýlanýan göteriji krany, dürli maşynlary we ş.m döretmek baradakty pikirleri öňe sürüpdir.

1502-nji ýylda Osman imperiýasynyň soltany Baýezit II-niň tabşyrygy esasynda alym Stambuldaky Altyn şahyň üstünden geçýän daş köpriniň dizaýnyny çyzypdyr. Bu köpriniň uzynlygy 240 metr bolup, guşuň guýrugyna meňzeýän üç arkadan ybarat eken. Soltan bolsa bu taslamany örän çylşyrymly we töwekgelçilikli hasaplandygy üçin ondan ýüz öwrüpdir. 2001-nji ýylda Norwegiýada Da Winçiniň eskizleri esasynda 100 metr uzynlygyndaky pyýada köprüsi guruldy.

Leonardo da Winçi 1519-njy ýylyň 2-nji maýynda Fransiýanyň Ambuaz şäherinde aradan çykypdyr. Ol Sen-Floraten ybadathanasynda jaýlanypdyr, ýöne mazary Fransuz rewolýusiýasy wagtynda ýykylypdyr. 1874-nji ýylda da Winçiniň çak edilýän galyndylary Sen-Ýuber ybadathanasynda gaýtadan jaýlanypdyr.

Surat: ru.wikipedia.org

Renesans döwrüniň iň meşhur heýkeltaraşlarynyň, suratkeşleriniň, şahyrlarynyň, nakgaşlarynyň we binagärleriniň biri hem Mikelanjelo Buonarroti bolup, ol 1475-nji ýylda Kaprese şäherinde florensiýaly garyp begzada Lodowiko Buonarrotiniň maşgalasynda dünýä inipdir. Mikelanjelonyň ejesi ol alty ýaşynda mahaly ýygy-ýygydan göwrelilik sebäpli aradan çykypdyr.

Başlangyç synpda Mikelanjelonyň kän bir okuw bilen gyzyklanmasy bolmandyr. Suratkeşler bilen aragatnaşyk saklamagy halansoň, nyşanlary we freskleri göçürmegi makul görüpdir.

1488-nji ýylda kakasy ogluny hudožnik Domeniko Girlandaýonyň studiýasyna okap bilim almaga berýär we bir ýyldan soň Lorenzo Mediçiniň howandarlygyndaky heýkeltaraş Bertoldo di Jowanniniň mekdebine geçirýär. Ýaş Mikelanjelonyň zehini Lorenzo Mediçiniň ünsüni özüne çekýär. Ol ony öýüne kabul edip, Mikelanjelonyň kämilleşmegine maddy taýdan kömek edýär.

Mikelanjelo diňe bir Renesans zamanasynyň iň beýik ussatlarynyň biri däl-de, eýsem arhitektura boýunça-da hakyky «Barokkonyň atasy» hasaplanýar. Onuň eserleri ömründe Renesans zamanasynyň ajaýyp eserleri hökmünde ykrar edildi. Italiýaly heýkeltaraş ömrüniň dowamynda terjimehaly neşir edilen Günbatar Ýewropa sungatynyň ilkinji wekili bolup taryha girdi.

Mikelanjelo takmynan 89 ýaşapdyr. Bu döwürde on üç ruhany çalşypdyr, suratkeş olaryň dokuzysynyň sargytlaryny ýerine ýetiripdir.

Sikstin kapellosynyň freskleri — hudožnigiň iň ýadygärlige öwrülen eserlerinden biridir. Gýote bu babatda şeýle ýazýar: «Sikstin kapellosyny görmezden, bir adamyň elinden geljek zat barada çürt-kesik pikiriňi aýtmak kyndyr». Binagärlik üstünlikleriniň arasynda Sankt-Peterburgyň Bazilika gümmeziniň dizaýny, Laurentian kitaphanasynyň basgançaklary, Kampidoglio meýdançasy we beýlekiler bar.

Iň meşhur heýkeltaraşlyk eserlerinden «Dawid», «Bahus», «Pýeta» heýkelleri, Rim papasy Ýuliý II-niň gubury üçin Musanyň, Liýiniň we Rahiliň heýkelleri bar. Mikelanjelonyň ilkinji resmi terjimehalçysy Jorjio Wazari «Dewid» «häzirki we gadymy, grek hem rim... umuman ähli heýkelleriň şöhradyny talady» diýip ýazýar.

Mikelanjelo diňe bir heýkeltaraş bolman, eýsem şahyr hökmünde hem eserlerini miras goýupdyr. Geniniň şu güne deňiç 300-e golaý goşgusy saklanyp galypdyr. Olardaky esasy mowzuklar adamy şöhratlandyrmak, lapykeçligiň ajylygy we hudožnigiň ýalňyzlygy bolup durýar.

Meşhur nakgaş 1564-nji ýylyň fewralynda Rim şäherinde 89 ýaşynda aradan çykypdyr. Ölmezinden ozal, öz islegini özüne mahsus ajaýyp görnüşde aýdypdyr: «Janymy Hudaýa, bedenimi ýere, emlägimi garyndaşlaryma berýärin». Mart aýynyň başynda heýkeltaraşyň jesedi gizlinlikde Florensiýa äkidilýär we 1564-nji ýylyň 14-nji iýulynda Santa Kroçeniň Fransisko ybadathanasynda dabaraly ýagdaýda jaýlanýar.

Surat: ru.wikipedia.org

Rafael Santi 1483-nji ýylda Urbino şäherinde dünýä inýär. Umbriýa, Florensiýa we soňra bolsa Rim mekdepleriniň görnükli suratkeşi, nakgaşy we binagäri bary-ýogy 37 ýyl ýaşaýar. Ol gysga ömründe Italiýanyň iň meşhur hem baý suratkeşleriniň birine öwrülýär.

Ol ene-atasyndan ýaş wagtynda mahrum galýar. Ejesi Marji Çarla 8 ýaşyndaka aradan çykýar, kakasy Jowanni Santi bolsa üç ýyl soň ýogalýar.

Santiniň ilkinji eseri — «Madonna çaga bilen» freskasy Urbino şäherindäki Rafael öý muzeýinde saklanýar. Suratkeşiň ilkinji eserleriniň arasynda «Mukaddes Üçbirligiň şekili bolan baýdak» we Çitta di Castellodaky Sant'Agostino ybadathanasy üçin taýýarlanan «Tolentinoly Nikolaýa täç geýdirmek dabarasy» ýaly ajaýyp eserler bar.

Rafaeliň eserleri görnüşiniň aýdyňlygy, kompozisiýasynyň sadalygy we ynsanyň beýikliginiň we gözelliginiň Neoplatonik idealynyň keşbi bilen haýran galýar. Mikelanjelo we Leonardo da Winçi bilen bilelikde Rafael Renesans zamanasynyň beýik ussatlarynyň üçlügini emele getirýär. Rafael da Winçiden otuz bir ýaş, Mikelanjelodan sekiz ýaş kiçi bolup, bu döwrüň täze nesliniň wekili boldy, şeýle hem 1520-nji ýylda ir dünýäden ötüp, Italiýada Renesans döwrüniň şapagynyň ýitip gitmegine başlangyç berdi.

Rafael ajaýyp öndürijilikli suratkeş bolupdyr. Ol uly ussahana ýolbaşçylyk etmek bilen, edil şonuň ýaly hem uly we baý döredijilik mirasyny galdyrdy.

Suratkeşiň iň tanymal eserlerinden biri-de «Sikstin Madonnasydyr». Suratkeşiň iň meşhur eserlerine şulary degişli etmek bolar: «Afiny mekdebi», «Transfigurasiýa» freskasy, «Stansalar», «Donna Welata», «Üç merhemet», «Galateýanyň ýeňşi» we beýlekiler. Renesans zamanasynyň beýleki sungat ussatlary ýaly Rafael hem diňe bir görnükli nakgaş bolman, eýsem zehinli şahyr hökmünde hem bilnipdir. Onuň çeken suratlary bilen birlikde sonetler çemeni hem saklanyp galypdyr.

Meşhur şahsyýet 1520-nji ýylyň 6-njy aprelinde 37 ýaşynyň içinde Rimde aradan çykýar. Häzirki zaman gözlegçileri onuň ölüminiň sebäbiniň dem alyş keseli we ýokary temperatura bilen baglanyşyklydygyna ynanýarlar. Lukmançylyk emelleriniň nädogrylygy sebäpli, şol wagt oňa Rim Papasy tarapyndan iberilen lukmanlar nädogry diagnoz goýup, agyr sowuklama üçin howply gan alyş arkaly temperaturany peseltmäge synanyşypdyrlar (bu barada eýýäm XVI asyrda mälim bolupdyr).

Surat: ru.wikipedia.org

Donatello, doly ady Donato di Nikkolo di Betto Bardi Renesans zamanasynyň monumental heýkeltaraşlygyny we relýefini, şeýle hem heýkeltaraşlyk portreti žanryny esaslandyryjylaryň biri hasaplanyp, italiýaly Florensiýa mekdebiniň heýkeltaraşy bolupdyr.

Donatello 1386-njy ýylda Florensiýada ortatap maşgalada dünýä inipdir. Kakasy ýüň egriji bolup işläpdir. Ol çagalykdan heýkeltaraşlyk we surat çekmek sungatynda öz zehinini görkezip başlapdyr. Donatello Florensiýanyň heýkeltaraşlyk ussahanalarynyň birinde okap, binagär Brunelleski bilen tanyşlyk açypdyr. Olaar bilelikde ussat Lorenzo Gibertiniň elinde okamak üçin Rime gidipdirler.

Rimden gaýdyp gelen Donatello derrew köp sanly sargytlaryň üstünde işläp başlaýar. Aristokratlar, bankirler we hatda Kazimo Mediçiniň özi üçinem heýkelleri ýasaýar. Bu döwürde Donatello nusgawy we realistik, iki stilde eserleri synag edýär. Onuň hakyky heýkelleri şeýle bir täsir galdyrýar welin, hatda grek we rim heýkeltaraşlygynyň ideallaşdyrylan şekillerine öwrenişen döwürdeşlerini hem haýran galdyrýar. Donatellonyň eserleri Florensiýada Jotto diňi, Barjello muzeýi we Kazimo Mediçiniň köne köşgi ýaly köp sanly binagärlik ýerlerini bezeýär.

1444-nji ýylda Donatello Paduýa göçüp, oňa keramatly Antoniý buthanasyny bezemek tabşyrylýar. Gadymy Rim ussalarynyň birwagtlar nusgawy usula öwren usulyny gaýtadan janlandyrmagy başarypdyr. Munuň netijesinde Paduýadaky eserleri ussanyň işinde iň görnüklileri hasaplanýar.

Donatellonyň Paduýadan gitmegine ýol bermek islemändirler. Ussadyň hiç bir ýere gitmäge wagt tapmazlygy üçin, ony sargytlar bilen saklapdyrlar, ýöne Florensiýa onuň üçin hemişe örän ýakyn bolupdyr.

Paduýada 13 ýyl işläninden soň, Donatello Florensiýa gaýdyp gelýär. 1457-nji ýylda Çokundyryjy Ioannanyň heýkeliniň üstünde işläp başlaýar. Ol häzirki wagtda Florensiýanyň Barjello muzeýinde ýerleşýär. Taraşlanyp gutarylandan soň, keramatly Lawrentiý buthanasy we buthana aristokratiýasy üçin mazar daşlaryny bezemek üçin relýefleri ýasapdyr.

Donatello zähmetsöýerligi we başarnyklylygy bilen tanalypdyr. Islendik sargytlary, hatda iň ujypsyzlary-da alypdyr. Pul bilen gyzyklanmandyr, diňe sungaty kämilleşdirmek üçin döredipdir. Täsin bir hakykata ser salsak, ol ähli girdejisini ussahanasynda sebetde saklapdyr. Ussadyň okuwçylary ol ýerden näçe gerek bolsa alyp biler ekenler.

Kazimo Mediçiniň bagy üçin döredilen «Dawidiň heýkeli» öz döwri üçin rewolýusiýa bolupdyr. Donatellodan öň hiç kim düýbünden ýalaňaç heýkeli ýasamaga het edip bilmändir.

Donatellonyň şahsy durmuşy hakda örän az zat bilinýär. Maşgalasynyň bardygy ýa-da ýokdugy belli däl. Şeýle-de bolsa, Florensiýada oňa hormat goýlup, eserleri hemişe söýülýär. Ol ýogalandan soň, şäheriň ilaty heýkellerini nesiller üçin gorap saklamak kararyna gelipdir we olaryň şäherden çykarylmagyny gadagan edipdirler.

Beýik heýkeltaraş garrap tapdan düşýänçä işläpdir. Ol 1466-njy ýylda aradan çykypdyr we bir wagtlar relýefler bilen bezelen San Lorenzo ybadathanasynda jaýlanypdyr.

Peýdalanylan çeşmeler: ru.wikipedia.org; obrazovaka.ru; ria.ru; dzen.ru; artifex.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar