Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Instrumental sazlaryň muşdaklary üçin 8 sany häzirki zaman neoklassiki kompozitor

0
31625

Nusgawy sazlaryň muşdaklaryndan, köplenç, iň oňat sazlaryň azyndan ýüz ýyl mundan ozal ýazylandygy we hakyky, ölmez-ýitmez eserleri döredýän geniý kompozitorlaryň hem döwrüniň eýýäm geçendigi baradaky pikiri eşidýäris. Adatça, şeýle ýagdaýlarda olar Bahy mysal getirip, onuň zehinine ne ýaşan ýyllarynda, ne-de ýogalanyndan birnäçe asyr geçenden soň taý tapylandygyny belleýärler. Hakykatdanam, Bah ýaly şahsyýetler müň ýyldan bir gezek dünýä gelýändir, ýöne bu garaýyş başga bir tarapdan XX we XXI asyrlaryň instrumental saz sungaty babatda ussat sazandalary dünýä bermändigini aňlatmaýar.

Bu aýdylanlara mysal hökmünde, makalada biziň döwrümizde ýaşaýan ýa-da golaý ýyllarda, şu asyrda aradan çykan örän meşhur, sungatda ýitmejek yz goýan kompozitorlar dogrusynda durlup geçiler. Olaryň köpüsi filmlere ýazan saundtrekleri bilen tanalýar, şeýle-de bolsa, olaryň döreden sazlary kompozitorlyk sungatynyň ähli kadalaryna laýyk gelýär we bu sungata abraý getirýär. 

Ennio Morrikoneniň döredijiligi bu kompozitoryň adyny eşitmedik, emma welin «Professional», «Gowy, erbet, ýaman», «Bir gezek Amerikada», «Sprut», «Halas edilen Jango» ýa-da «72 metr» ýaly filmlere tomaşa edenlere mälim bolsa gerek. Umuman, Ennio Morrikoneniň döreden 500 töweregi sazlarynyň hatarynda diňe bir filmler üçin aýdym-sazlar däl-de, eýsem spektakllar, halk aýdymlarynyň aranžirowkasy we aýry-aýry pýesalar bar. Ýöne oňa dünýädäki uly meşhurlygy bolsa hut filmlere ýazan sazlary getirdi.

Ennio Morrikoneniň stili klassiki orkestrçilige — dodak garmonikasy, latyn Amerikasynyň tüýdügi, saza kybap däl sesler ýaly orkestre mahsus bolmadyk gurallary jaýdar utgaşdyrmagy bilen tapawutlanýar. Morrikoneniň filmler üçin döreden sazlary hemişe diýen ýaly özbaşdak eser bolup, ekranda beýan edilýän wakalar bilen örän göwnejaý utgaşýar; bu sazlary aýratynlykda-da, eseriň kompozitorlyk ussatlygyndan lezzet almak bilen diňlemek bolýar.

 

Hans Zimmer kinomanlara «Karib deňziniň garakçylary» atly filmiň franşizasynyň sazynyň kompozitory hökmünde tanyş bolsa gerek. Zimmer Klaus Badelt bilen «Garakçylar» sazynyň üstünde işlese-de, ses ýazgysynyň ady we iň tanalýan mowzugy oňa degişlidir. Karib deňziniň garakçylaryndan başga-da, Zimmer Gaý Riçiniň «Ýagyş adamy», «Ýerine ýetirip bolmajak tabşyryk 2», «Da Winçiniň kody», Gaý Riçiniň «Şerlok Holmsy», «Dýuna» we «Dýuna 2», «Interstellar», «Gladiator» ýaly filmler, «Şa ýolbars», «Müsüriň şazadasy», «Men — ýigrenji» ýaly multfilmler üçin sazlary ýazdy we bular entegem saundtrekleriň diňe iň meşhurlarydyr.

Zimmer çagalykdan aýdym-saz bilen gyzyklanyp, öwrenip gelýän bolsa-da, ol bu ugurdan doly derejeli saz bilimini alyp bilmändir. Kompozitorçylyk we orkestrçilik sungatynyň esaslaryny bolsa ol özbaşdak, elektron aýdym-saz ugrundaky synaglary bilen bir hatarda öwrenmegi başarypdyr. Ýaşlygyndan kino sazlary bilen gyzyklanyp, soňlugy bilen bu ugry esasy işine öwrüpdir. Zimmer öz işinde neoklassiki ugry elektroniki saz bilen üstünlikli sazlaşdyrmagy başarýar, ol saz döretmekde adaty bolmadyk we dinamiki ritmleri, şeýle hem pes ýygylyklary ulanmagy gowy görýär.

 

Häzirki zaman amerikan we bütindünýä kinofilm sazynyň nusgawy wekilleriniň biri bolan Jon Williams «Ýyldyz söweşijileri», «Şindleriň sanawy», «Öýde ýeke özi», «Ýura döwrüniň seýilgähi», «Hatarçy Raýany halas etmek» ýaly sungaty ýoly döreden filmleriň, şeýle hem «Garri Potter» film tapgyrlarynyň döredilmegine gatnaşandygy bilen tanalýar.

Wilýamsyň sazlary Ýewropanyň aýdym-saz medeniýetiniň iň gowy häsiýetlerini özleşdiren «Nusgawy Golliwudyň» beýanydyr. Ýaşlygynda köp sanly orkestrde işlemek oňa simfoniki orkestriň täsirli usullarynda uly tejribe toplamaga mümkinçilik beripdir. Wilýamsyň saundtreklerini döretmekde ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berildi — ol iň gowy film sazy üçin 5 gezek «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Wilýamsyň neo-romantik stili XIX asyryň kompozitorlarynyň stiline örän ýakyn: ol nusgawy simfoniki orkestriň ähli mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar, şeýle hem her bir gahrymany öz aýdym-saz temasy bilen «sylaglamagy» halaýar. (muňa hiç zat bilen ornuny tutup bolmajak «Ýyldyz söweşijileri» filminden «Imperiýa marşyny» ýatlamak ýeterlikdir). Wagner, Çaýkowskiý ýa-da Brams ýaly kompozitorlaryň muşdaklarynyň Wilýamsyň sazlaryna hem ýokary baha berjegi ikuçsuz.

 

Häzirki zaman rus kino kompozitorlarynyň hatarynda diňe bir filmler üçin däl-de, adaty sazlary hem döredýän Igor Kornelýugy bellemek bolar. Köpler üçin ol 90-njy ýyllarda meşhur bolan pop aýdymçy hökmünde tanalýar. Onuň «Balet üçin petek», «Ýagyşlar», «Şeýle bolmalydam», «Gaty gördüm» atly aýdymlary şol döwürlerde ähli teleýaýlymlarda diňlenýärdi. Pop-aýdym ugrundan başga-da, Kornelýuk meşhur «Banditleriň Peterburgy» hem-de «Ussa we Margarita» teleseriallaryna ýazan saundtrekleri bilen hem meşhurlyk gazandy.

Nusgawy saz ugrundan biliminiň (mekdebiň, konserwatoriýanyň) bolmagy netijesinde, Kornelýugyň islendik işlän filmleriniň sazlarynda dürli stilistik tendensiýalara — XIX asyryň romantik sazyna, ybadathana eserlerine, gündogar we slawýan halky äheňlerine öýkünmeleriň bardygyny duýmak bolýar.

 

Neoklassiki stilde saz ýazýan häzirki zaman kompozitorlarynyň ýene biri italýan kompozitory we pianinoçysy Ludowiko Eýnaudidir. Şol bir wagtyň özünde, ol neoklassizmi daşky gurşaw we täze ýaş stiller bilen utgaşdyrýar. Adatça bolşy ýaly, Eýnaudi fortepiano ýa-da orkestrli fortepýano üçin sazlary ýazýar. Ludowiko Eýnaudiniň sazlary melodik hem-de täsirli serişdelere eýedir, meditatiw we birneme ýeňiljek gaýgy döredýär, ýalňyz mahalyň diňlemek we köşeşmek üçin laýyk hasap edilýär.

Kino söýüjilere Eýnaudi «1+1» filminiň, «Ýyldyz derwezeleri» teleserialynyň saundtrekleri arkaly, şeýle hem «Gara guw» filminiň treýleriniň awtory hökmünde tanyşdyr.

 

Koreýaly kompozitor we pianinoçy Ýiruma (Li Rum diýlip aýdylýar) käwagt Mosartyň häzirki zaman reenkarnasiýasy diýýänler hem az däl: bäş ýaşyndaka maşgalasynda ýekeje sazanda bolmadyk çaga, birbada fortepianonyň başyna geçdi-de, saz çalmaga başlap gidiberipdir. Onuň döredijilik stili köplenç Mosartyňky bilen deňeşdirilýär — sazy intonasiýa arassalygy, ýeňilden gamgynlygy we melodikligi bilen häsiýetlendirilýär. Onuň «River Flows in You» diýen iň meşhur kompozisiýasy käwagt ýalňyşlyk bilen Mosart bilen baglanyşdyrylýar. Şol bir wagtyň özünde, sazanda beýik awstriýaly ussadyň stil elementlerini döwrebap launj we nýu-eýj bilen birleşdirýär.

Ýirumanyň sazlaryny Koreýanyň meşhur teleseriallarynda diňlemek bolýar («Twilight» filminiň saundtregini hem şonuň ýazandygy barada ýalňyş maglumatyň bardygyny bellemelidiris). Köpler üçin Ýirumanyň eseri bilen tanyşmak, fortepiano sazyna bolan gyzyklanmanyň başlangyjy boldy we ençeme adam onuň sazlaryny diňlemek bilen fortepiano çalmagy öwrenmäge başlady.

 

Ýapon pianinoçysy we kompozitory Keýko Matsui öz eserlerini jaz we nýu-eýj stillerinde ýazýar. Hut şu utgaşdyrma hem, onuň sazyny döwürdeşleriniň eserlerinden tapawutlandyrýar. Jaz ritmlerini nýu-eýj stiliniň meditatiwligi bilen birleşdirip, üýtgeşik ses instrumentlerini goşup, häzirki zamanyň «janly», kompýuter däl sazlara düşünýänleriň arasynda meşhurlyk gazanan özboluşly kompozisiýalary döredýär. Onuň iň meşhur kompozisiýalary — «Whisper from the mirror», «Wildflower», «Bridge over the stars», «Deep blue» eserleridir. Umuman, sazanda özüniň orkestr bilen ýerine ýetirýän pianino eserleri bilen umumylykda 20 sany albom çykardy.

 

Italiýaly Alessandro Martire özüniň ýaşdygyna (1992-nji ýylda doguldy) garamazdan, neoklassiki ugruň wekili hökmünde eýýäm uly meşhurlyga eýe boldy. Onuň sazlary häzirki zaman intonasiýa we ýerine ýetiriliş usulynyň nusgawy sazlaşygyň utgaşmasy bilen garyşyklygy bilen tapawutlanýan ýeňillikden we ýagtylykdan ybaratdyr. Martireniň kompozisiýalary köplenç halatda tebigat bilen bagly we syýahatçylyk filmleri üçin sazlar hökmünde ulanylýar — hatda meşhur «National Geographic» teleýaýlymy Ýer şarynyň gününiň 50 ýyllygy bellenende hem esasy saundtrek hökmünde sazandanyň «Share the World» atly sazyny saýlap alypdy.

Şeýlelikde, biziň döwrümizde-de kompýuter programmasy tarapyndan däl-de, eýsem adamyň zehini bilen döredilen nusgawy instrumental sazlaryň muşdaklary islendik ýagdaýlara kybap gelýän ajaýyp saz eserlerinden lezzet alyp bilerler.

Peýdalanylan çeşmeler: neoclassica.ru; lifehacker.ru; ru.wikipedia.org; www.jazzmap.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar