Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

All that jazz: jazyň bu giň dünýäsinde nädip azaşmajak?

0
39311
All that jazz: jazyň bu giň dünýäsinde nädip azaşmajak?
Surat: pixabay.com

Jaz — aýdym-saz sungatynyň ählumumy ugurlarynyň biri bolup, dünýäniň dürli künjeklerinde diňleýjilerde uly gyzyklanma döredýär, onuň gerimi giň halkara derejesine we baý çeperçilige eýedir.

Jaz (jazz) — afrika ritmleriniň, Ýewropanyň sazlaşygynyň täsiri astynda, afroamerikan we latyn folklor elementleriniň gatnaşygy esasynda döräpdir. Bu özboluşly sungatyň gelip çykyşyna göz aýlasak, Karib deňziniň we Ýewropanyň nusgawy saz öwüşginlerini, bluz, regtaým, folk ýaly köp reňkli saz panoramasyny göreris.

Jazyň döreýiş taryhy Täze Orlean (XIX asyryň başy) bilen baglanyşykly bolup, bu ýerde Kongo meýdanynda (biziň döwrümizde — häzirki Lui Armstrong seýilgähi) koloniýanyň şäher gullary ýekşenbe günleri tans eder ekenler. Olaryň käbiri silindr görnüşli deprek, kalimba, banjo, tüýdük, haýwan eňekleri we ş.m saz gurallaryny çalypdyrlar. Diametri 30 metre çenli bolan tegelek ýerde tansçylar aýaklaryny ýere urup, milli däplerini ýerine ýetirmek bilen, tans edipdirler. Kem-kemden jaz tutuş ýurt boýunça aýdym-saz ugruna öwrülip başlaýar we ABŞ-nyň demirgazyk we demirgazyk-gündogar sebitlerine ýaýraýar.

Jaz sungatynda soňlugy bilen tanymal bolan meşhur adamlaryň köpüsi toparlar bilen çykyş edip, öz sungat ýollaryny menestrel-şowlardan başladylar. Mysal üçin, 1904-nji ýyldan başlap Jelly Roll Morton Alabama, Florida, Tehas ýaly ştatlarda çykyş eden bolsa, Täze Orleanly kornetist Freddi Keppardyň ýolbaşçylygyndaky «Kreol Bend» topary Çikagoda üstünlikli çykyş etdi. 1900-nji ýyldan başlap, Täze Orleanyň toparlary Missisipide gämide dynç alyş derýa gezelençleriniň çäklerinde çykyş edip başladylar.

Şeýlelik bilen, «Şuger Jonni» orkestriniň konsert programmasyna Lui Armstrongyň geljekki aýaly ilkinji jaz pianinoçysy Lil Hardin gatnaşdy.

1915-nji ýylda 5-10 ýerine ýetirijiden ybarat bolan kiçi jaz toparlary (jaz-band) peýda boldy. Şolaryň biri hem, Täze Orleanly Tom Brawnyň «Tom Brown’s Dixieland Jazz-Band» atly meşhur ansamblydyr.

XX asyryň 20-nji ýyllarynda big-bendiň formasy — Dýuk Ellingtonyň, Glenn Milleriň, Benni Gudmanyň orkestrleri döredildi. Taryhy ösüşiniň dowamynda jaz kadaly aýdym-saz sungaty bolman, asyl ritmler we köpmilletli folkloryň täsiri netijesinde — Täze Orlean, Çikago, swing, kul-jaz, hard-bop, bibop, fri-jaz, modal, jaz rok, jaz-fýužn we başga-da dürli hili stiller emele geldi.

Jazyň görnükli wekilleri, bu sungatyň beýik ösüşlerini başdan geçiren meşhur ýerine ýetirijiler jaz sazynyň dünýäsindäki üýtgeşmelere we döwrebaplaşma täsir etdiler.

Surat: ru.wikipedia.org (Toronto History)

Lui Armstrong — (1901-nji ýylda Täze Orleanda doguldy) amerikaly jazmen, bariton aýdymçysy, görnükli tüýdükçi. Onuň çagalygy kyn durmuş şertlerinde geçdi, zähmet ýolunda örän uly belentliklere ýetdi we iň ussat jaz sazandalarynyň birine öwrüldi. 20 ýaşynda özboluşly «skat» — saz çalynýan mahalynda goşmaça hökmünde sözleri beýan edip, özbaşyna bir stili oýlap tapdy. 1950-nji ýylda bolsa ony eýýäm bütin dünýä tanaýardy we 1958-nji ýylda ähli radiostansiýalarda iň köp diňlenilýän aýdym bolan «Go Down Moses» spiriçuwelsi ýaýlyma çykdy. 60-njy ýyllarda Ýewropa, Aziýa, Afrika baryp görenligi üçin oňa «Jazyň ilçisi» diýip lakam hem berdiler. 1967-nji ýylda jazmeniň iň ajaýyp — «What A Wonderful World» kompozisiýasy  çykdy we ol 30 ýyl soňra Gremmi şöhrat zalynyň buýsanjyna öwrüldi.

Aýdymçy birnäçe çylşyrymly operasiýalary başdan geçirdi — tüýdügiň yzygiderli basyşy zerarly ýyrtylan dodagy bejerildi, soňra ses aragatnaşyk ulgamlary operasiýa edildi. Onuň aýdymçy Ella Fitzjerald bilen ýazan meşhur dueti (Jorj Gerşwiniň «Porgi we Bess» operasynyň ýazgysy) taryhda girdi. Ol şeýle-de köp sanly (50 töweregi rol) filmlerde baş keşbi janlandyrdy: «Gara reňkdäki rapsodiýa», «Asmandaky öý» atly kinofilmlere, teleýaýlym şowlaryna, aktrisa Barbra Streýzand bilen bilelikde «Hello, Dolly!» mýuzikline gatnaşdy.

Surat: ru.wikipedia.org (William Gottlieb)

Ella Fitzjerald (1917 — 1996 ýý.) Amerikanyň iň meşhur aýdymçylarynyň biri, jazyň ilkinji ledisi. Ellanyň aýdym-saz ugrundan bilim almandygy we ýekeje gezegem aýdym sapagyna gatnaşmandygy geň galdyrýar. Üç oktawa diapazony bilen tebigy taýdan üýtgeşik sesiň eýesi, «sketiň» we ses improwizasiýasynyň ussady; Ol Ak tamdaky konsertlere ýygy-ýygydan myhman bolup, 50 ýyllyk karýerasynda 90-a golaý albom çykardy we 13 gezek Gremminiň ýeňijisi boldy. Onuň ýerine ýetiren «Flying Home» we «Lady Be Good» kompozisiýalary jaz sungatynyň ajaýyp eserleridir.

Aýdymçynyň terjimehalyndan gyzykly maglumatlar: 1960-njy ýylda Berlinde bolan çykyşynda «Mask The Knife» aýdymynyň sözlerini ýatdan çykaryp, derrew improwizasiýa başlap, aýdymy ahyryna çenli öz sözleri bilen aýtmagy başarypdyr. Munuň üçin bolsa soň oňa (hitiň täze wersiýasy görnüşinde) iki sany Gremmi baýragy berlipdir. 1938-nji ýylda döredilen «A-Tisket, A-Tasket» aýdymynda çagalaryň goşgularyny ulanypdyr. Iň köp satylan aýdymlaryň birine öwrülen bu hit üçin bolsa Ella «Swing şa zenany» diýlip atlandyryldy.

Surat: ru.wikipedia.org (Victor Diaz Lamich)

Reý Çarlz (1930-njy ýylda Jorjiýa ştatynyň Olbani diýen ýerinde doguldy) meşhur bluzmen, jazmen, aranžirowkaçy, 74 ýyldan-da az wagtda 102 sany albom çykarmagy başardy! Ol häzirki zamanyň meşhur soul stilini (soul — «ruh») döretdi, aýdymçy we pianinoçy hökmünde wokal ýerine ýetiriş stilini jaz improwizasiýasy we afro-amerikan soul sazynyň joşgunly hor intonasiýasy bilen birleşdirdi. Alty ýaşynda batyl galandygyna garamazdan, aýdym-saz sungatynda iň bir şuglaly ýyldyzlaryň biri boldy. Jazyň taryhyna diňe bir wokal ussady hökmünde däl, eýsem sesleriň ussady hökmünde-de adyny ýazdyrmagy başardy. Onuň albomlary — stonlar, gykylyklar we pyşyrdy sesler, falsetta, garaşylmadyk säginmeler, legato, glissando... Reý Çarlzyň ýerine ýetiren «Hit the Road Jack» aýdymy — taryhda iň meşhur rok aýdym-sazlarynyň biridir.

1920-nji ýyllarda Sowet Soýuzynda Walentin Parnah, Aleksandr Sfasman dagynyň ýolbaşçylygynda ilkinji jaz orkestrleri; 30-njy ýyllarda — Leonid Utesowyň («Şadyýan adamlar» filminiň meşhur aýdymlary bilen), Oleg Lundstremiň we başgalaryň «Tea jaz» aýdym-sazlary peýda boldy.

Surat: ru.wikipedia.org (Jazz-folk-rock)

Türkmenleriň bolsa ilkinji wokal-instrumental, jaz-folk-rok topary meşhur «Güneş» ansamblydyr. Meşhur sazandalar topary Oleg Korolýow (esaslandyryjy), Myrat Sadykow (çeper ýolbaşçy, wokal), Wahid Rizaýew (alt-saksofon), Ylýas Rejebow (elektrogitara, wokal), Rişad Şafiýew (deprekçi) dagydan we beýlekilerden ybarat bolup, 1970-nji ýyldan 1999-njy ýyla çenli aralykda hereket etdi. «Güneşiň» ýerine ýetiriş stili we usuly, jaz hem-de rok aýdym-sazlarynyň sintezinde bolup, özboluşly milli halk döredijiliginiň elementlerinden peýdalanýar («Küştdepdi», «Keçpelek», «Kawkaz ritmleri» kompozisiýalary).

Jazyň taryhy ösüşinden görnüşi ýaly, görnükli ýerine ýetirijileriň sanawy sanardan köp, olaryň stilleri we ugurlary dürli-dürlüdir. Elbetde, täze bir diňleýjiniň, hatda täze sungata girişen sazandanyňam bu ajaýyp «surata» düşünmegi we özi üçin bir zatlary tapmagy başarmagy kyn ýagdaý.

Bu meselede birnäçe ýönekeý maslahatlary berýäris:

  • Jaz klassikleri — ilki bilen, ansamblyň däl-de, ýekelikdäki ýerine ýetirijileriň eserleri bilen tanyşmaly, sebäbi olar bu žanryň düýp manysyny has köptaraply görnüşde berýärler. Bular — Lui Armstrong, Ella Fitzjerald, Kit Jarrett, Jon Koltreýn, Frenk Sinatra, Sonni Rollins...
  • Konsert ýa-da festiwal — jaz uly meşhurlyga ýetensoň, jaz klubuna baryp ýa-da jaz konsertine gatnaşyp diňlemek mümkin boldy. Jazyň ilkinji täsirini döretmekde ses esasy hyzmata eýedir.

Tanyşmak üçin jaz çykyşlaryny diňläp görmeli:

  • Ella Fitzjerald we Lui Armstrong — Ella & Louis (1956) — jaz dünýäsinde iki sany meşhur şahsyýetiň ajaýyp dueti;
  • Stan Gets / Joao Gilberto (1963) — iň romantik albom;
  • Jim Hol — Concierto (1975) — muny Jim Hol, Çet Beýker, Pol Desmond, Ron Karter ýaly meşhur aýdymçylar ýerine ýetirýärler;
  • Diana Kroll — «The Girl In The Other Room» (2004) kanadaly aýdymçy we pianinoçynyň özboluşly albomy.

Bilýän zatlaryňyzyň üstüni ýetirmek bilen birlikde, jaz sungatynyň täze tendensiýalary bilen tanyşmak üçin kitaplara nazar aýlap hem-de häzirki jaz aýdymçylaryny diňlemek arkaly jaz sungatynyň baý taryhyny öwrenmek täsirli hem-de peýdaly bolar.

Peýdalanylan çeşmeler: ru.m.wikipedia.org; heroine.ru; jazzpeople.ru; stylenews.ru; radiojazzfm.ru; 24smi.org; culture.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar