Ibn Sina, Al Faraby, Nowaýy, Firdöwsi, Rudaky ýaly akyldarlary, filosoflary hem-de şahyrlary dünýä beren gadymy siwilizasiýanyň halklary özüniň halk döredijiliginiň saz sungatyna-da ummasyz goşant goşupdyrlar. Olaryň saz gurallary göwrüminiň köpdürlüligi, baýlygy hem-de ýasalyş ussatlygy bilen haýran galdyryp gelipdir.
Agyr durmuş ýörelgesine, kyn ýaşaýyş şertlerine garamazdan, Merkezi Aziýanyň halklary özleriniň asyrlaryň jümmüşinde kämilleşdirip, sünnäläp özgerden medeni mirasyny, şol sanda saz gurallarynyň ýasalyşynydyr olarda saz çalmagy ussatlyk derejesine ýetiripdir. Bu saz gurallarynyň sany 72 töweregi diýlip bilnip, olaryň her biriniň özboluşly häsiýeti hem-de äheňi bardyr. Olaryň çalnyşynda özüne mahsus gaýtalanmajak melodika saz palitrasyny, tembrleri, ritmleri duýmak bolýar.
Aýdymyň hem-de saz guralynyň sungaty aýratynlyklary nesilden-nesle halk sazandalary — özbekleriň we türkmenleriň bagşylary, täjikleriň hafyzlary, gyrgyzlaryň akynlary tarapyndan ösdürilipdir.
Merkezi Aziýa halklarynda taryhyň köpasyrlyk şaýady bolup gelýän, kirişli, tüýdük hem-de deprek saz gurallaryndan ybarat bolan saz gurallarynyň ajaýyp nusgalary, halklaryň maddy gymmatlyklary bilen tanşyp geçeliň.
Özbegistanda — köpdürli we baý saz gurallarynyň görnüşleri: kirişli we tarly — sato we gyjak, şeýle hem kirişli — dutar, tanbur, ud, owgan we kaşgar rubaby, kirişli we deprek görnüşli — çaň, üflenip çalynýan — naý, surnaý, deprek görnüşli — doýra.
Surat: uz.sputniknews.ru
Kernaý — gadymy döwürde söweşijileri urşa çagyrmak we ilata duşmanyň ýetip gelýändigi barada duýduryş bermek üçin ualnylan gural hasaplanýar. Häzirki zaman durmuşynda, adatça, baýramçylygy alamatlandyrýar, ol biziň günlerimizde dabaralarda, toýlarda ulanylýar. Bu mis we bürünç erginlerinden ýasalan ullakan üflenip çalynýan gural bolup, onuň turbasynyň uzynlygy 3 metre ýetýär, surnaýyň örän ýaňlanýan sesi bar.
Naý — gamyşdan ýa-da misden ýasalan tüýdük bolup, onuň alty sany deşigi ajaýyp sazlary döredýär. Beýik akyldar Jelaleddin Rumy bu barada öz döredijiliginde belläpdir: «diň sal, näme hakda söz açýandyr naý, aýralygyň sazyny çalýandyr ol...»
Surat: repost.uz
Doýra — agaç halkanyň üstünde uzaldylan şekilli deri materiallary bilen örtülen, bubene çalymdaş deprek guralydyr.
Täjigistanda iň giňden ýaýran saz gurallary dutar, tanbur, rubab; üflenip çalynýan gurallar — kuşnaý, surnaý; deprekler — nagara, tablak.
Surat: ok.ru
Rubap — agajyň ýörite saýlanyp alynýan görnüşlerinden elde ýasalýan kirişli gural bolup, onuň küýze şekilli göwrümini ýasamak işi örän hysyrdyly işdir. Diňe Täjigistanyň ussat saz gural ussalary saz gurala haýwan derilerini örtmegi, onuň setirlerini we kirişlerini sazlamagyň inçe syrlaryny bilýärler. Rubabyň sesi liriki äheňe eýedir, şeýle saz gurallary döreden täjikler bolsa saz sungatynda gadymy taryha eýedir.
Gyrgyzystanda ýasalyşynda düýe derisinden peýdalanylýan iki kirişli gyl-gyýak saz guraly; dodakda we dilde çalynýan demir komuz (metaldan ýasalan), žygaç ooz komuz (agaçdan ýasalan); çopo-çoor — üflenip çalynýan halk saz guraly (ak toýundan ýasalan) giňden meşhurdyr.
Surat: ktrk.kg
«Komuz» üç kirişli saz guraly bolup, inçeden mylaýym sese eýedir. Komuz galybyny ýasamak işi örän kyn hasap edilýär. Ýasaljak gural üçin erik agajyndan kesilen boş bölek ýeterlik guramalydyr, şonuň üçin ony birnäçe ýyllap ýörite garaňky otagda goýýarlar. Komuzyň adamlar diňlemek arkaly çalmagy öwrenýärler, bu bolsa örän kyndyr.
Merkezi Aziýa halklarynyň aýdym-saz medeniýetlerinde giňden ulanylýan gurallaryň biri-de gyjakdyr (gydjak, gižak, gyjak). Bu kirişli saz guraly (köplenç ol Gündogaryň skripkasy diýlibem atlandyrylýar) özbeklere, täjiklere, garagalpaklara, uýgurlara hem-de türkmenlere mahsusdyr.
Bu saz guralyň gurluşy parslaryň kemançasyna çalymdaşdyr. Gyjagyň şar şekilli göwrümi kädiniň aýratyn saýlanyp alnan sortundan, agaçdan ýa-da başga materialdan ýasalyp, üsti deri bilen örtülýär. Häzirki zaman gyjagynda dört sany demir kiriş bar, ozal bolsa ýüpekden ýasalan üç sany kiriş ulanylypdyr. Guralyň çalnyşynyň nusgawy usulynda ol dik saklanýar; açyk, birneme burun sesi ýörite ýaý görnüşli guralyň kömegi bilen emele getirilýär.
Türkmen saz gurallarynyň arasynda iň meşhurlarynyň hem-de giňde ýaýranlarynyň biri hem üflenip çalynýan gurallaryň ilkinji nusgasy bolan tüýdükdir. Onuň gadymy nusgasy (100 ýyldan gowrak wagt bolan) Moskwadaky M.Glinkanyň adyny göterýan Saz medeniýeti muzeýinde saklanylýar.
Tüydük gamyşyň ýörite saýlanyp alnan sortundan ýasalyp, uzynlygy 83 santimetre deňdir. Turbanyň ýokarky böleginde demir müşdügi bolup, tüýdükde 6 deşik ýerleşýär, şolaryň biri (şeýtan deşik) turbanyň arka tarapyndadyr. Tüýdügiň hem dürli görnüşleri bardyr: dilli tüýdük, gargy tüýdük, goşa dilli tüýdük. Dilli tüýdük göwrümi kiçi bolup, çopanlaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Goşa dilli tüýdügi bolsa çalmak kyn, onda sesler bir wagtyň özünde 2 turbadan ýa-da hersinden gezekli-gezegine çykyp saz döredýär. Häzirki wagtda bu tüýdük ulanyşdan galandyr.
Dutar — türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy hasap edilýär we aýdym-saz sungatynda halk ussatlarynyň, sazanda-bagşylaryň kesbinde giň orna eýe bolup durýar. Gözlegçi alymlar W.Uspenskiniň hem-de W.Belýaýewiň «Türkmen sazy» ylmy işlerinde gadymy döwürden gelip ýeten bir rowaýat getirilýär...
Gadymy döwürlerde Eflatun (Platon) atly akyldar kişi ýaşap geçipdir. Ol ganatlaryny kakanda, ýelekleri ajaýyp saz seslerini döredýän kaknus (Feniks) guşuny diňlemegi gowy görýärdi. Soňra ol bu sesleriň tebigatyny öwrenip, dutary ýasapdyr we kaknus guşunyň haýran galdyryjy seslerini ýada salýan ajaýyp sazyny düzüpdir.
Pars dilinden terjime edilende «dutar» diýen söz — «du» — iki, «tar» — kiriş, tar diýen manylary berýär. Onuň armyt şekilli göwrümi tut agajyndan ýasalýar, sapy bolsa inçeden oňaýly görnüşde, iki barmagyňy daşyndan aýlap saklar ýaly görnüşde taýýarlanylýar. Ozallar onuň kirişlerini ýüpekden ýasan bolsalar, häzir metal simlerinden ýasaýarlar. Guralyň adaty ölçegi — uzynlygy 87 sm, sapy — 37 sm, gapagy bolsa — 48,5 sm.
Irki asyra degişli köp sanly tapylan gadymy ýadygärlik maddy gymmatlyklaryň hatarynda Merw gazuw-agtaryş işlerinde bagşynyň heýkeliniň hem üsti açyldy. Bagşynyň elindäki gural edil häzirki dutary ýadyňa salýar. «Bu guralyň aýlaw şekilli göwrümi we iki sany kirişi — bagşylaryň çalan guralyna juda meňzeş» – diýip, Tatýana Wyzgo öz «Merkezi Aziýanyň saz gurallary» diýen kitabynda ýazýar.
Bu günki gün dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Peýdalanylan çeşmeler: sanat.orexca.com; thestrip.ru; centralasia-travel.com; volynki.ru; ru.m.wikipedia,org; uzbekistaninfo.ru; advantour.com.