Yslam sungatynyň muzeýi, Katar: seýrek kolleksiýalar, gadymy artefaktlar

0
43973

Doha şäherinde ýerleşýän dünýä ähmiýetli, özüne çekiji medeni gymmatlyk bolan özboluşly Yslam sungatynyň muzeýi Katar Döwletiniň esasy nyşany hasap edilýär.

Yslam arhitekturasynyň stilinde döredilen binanyň haýran galdyryjy binagärlik görnüşi arap stilinde arkaly penjireler bilen bezelen uzyn eýwanly «ganatlary» bolan bäş gatly diňdir. Onuň diwarlary ak daşdan ýasalan we edil piramida çalym edýär, ol deňiz aýlagynyň kenaryndaky emeli adada ýerleşip, muzeýe garanyňda, haýsydyr bir şeýhiň ajaýyp hususy willasyna meňzeýär.

14 asyrdan gowrak döwrüň yslam sungatyny öz içine alýan täsin muzeý Pars aýlagynyň arap döwletlerinde şeýle derejedäki ilkinji muzeýdir. Muzeýiň gurluşygy 2006-njy ýylda tamamlandy.

2008-nji ýylyň noýabr aýynda muzeýiň açylyş dabarasy boldy. Onuň taslamasy şol döwürde 91 ýaşynda mahaly Pritzker baýragynyň eýesi bolan asly hytaýly amerikan arhitektory Io Miň Peý (ýa-da Ýuýmin Beý) tarapyndan taýýarlanyldy. Döwrümiziň iň meşhur arhitektorlarynyň biri bolan Peý Pariždäki Luwr muzeýiniň esasy aýna piramidasynyň, Singapurdaky Raffles City toplumynyň, Hytaýdaky Sužou taslamasynyň awtorydyr.

Yslam sungatynyň muzeýiniň modernistik dizaýny häzirki zaman tehnologiýasyny arap arhitekturasynyň däpleri bilen organiki taýdan sintez edýär. Binanyň umumy meýdany 45 000 inedördül metre barabardyr.

Surat: tonkosti.ru

Muzeýiň üç gatynda binagär Žan-Mişel Wilmottyň arhitektorlar topary tarapyndan taýýarlanan, ak we çal reňkde ýerine ýetirilen, ajaýyp, stilli interýere eýe bolan sergi zallary ýerleşýär.

Bezeg işlerinde arap geometrik nagyşlary we gymmat bahaly materiallar ulanylýar, ýöne araplara mahsus bolan aşa bezeglilik welin bu muzeýde ýokdur.

Ägirt uly atrium zalynyň ortasynda arap suratlary bilen örtülen ýagty halka görnüşindäki ullakan çyra bar we birinji gatyň poly kontrastly mermer rozet bilen bezelipdir. Geň galdyryjy ýeri, sergi zallary biri-birine içli-içine kem-kemden geçýär, myhman bolsa spiral boýunça hereket edýär, soňra indiki gata barýan basgançaklara çykýar. Bu ýerde arap stilinde bezelen häzirki zaman liftler bar.

Ajaýyp gurluşyň meýdany giň palma seýilgähi, suw çüwdürimleri, howuzlar we emeli şarlawuklar bilen gurşalandyr.

Muzeýdäki yslam sungatynyň iň uly kolleksiýasyna şular girýär: gadymy golýazmalar, şaý-sepler, agaç we metal önümleri, hanjar, elde dokalan halylar, gadymy teňňeleriň ýygyndysy, yslam suratkeşleriniň suratlary, keramika we dokma önümleri, aýna. Käbir eksponatlaryň ýaşy 200 ýyldan gowrakdyr. Muzeýiň bahasyna ýetip bolmajak hazynalary şular hasap edilýär: Yslam artefaktlarynyň iň baý ýygyndysy, kalligrafiýa tekstleri we 6-njy asyra degişli diýlip kesgitlenilýän gadymy Gurhan.

Kolleksiýada ylym, edebiýat we dini temalar boýunça 800-den gowrak golýazma bar; meşhur gök Abbasid Gurhany Yslam dünýäsinde iň seýrek golýazma eseridir.

Keramiki jam — Basrada (Yrak) ýasalan nepis keramikanyň nusgasy bolup, ony şeýle ýazgy bezeýär: «nähili döredilen bolsa, şoňa-da degýär». Bu Abbas halyflygy döwründe ähli ýerlerde giňden ulanylan arap hat-ýazuwynyň irki usulydyr. (750 — 1258-nji ýyllar).

Adaty bolmadyk eksponatlaryň biri-de — köne pars halysy bolup, ol tutuş zaly tutup dur. Muzeýde görkezilýän kolleksiýalar dünýäniň dürli ýurtlaryndan (şol sanda Merkezi Aziýa, Müsür, Ispaniýa, Türkiýe, Pakistan, Eýran, Yrak, Hindistan, Siriýa, Bahreýn, Saud Arabystany) ýygnaldy.

Täsin faktlar:

  • Ekspozisiýanyň bezegi original görnüşde — garaňkyradylan otaglarda ýagtylyk şöhleleri özbaşyna bir ajaýyplygy döredýär we ýagtylyk bolsa deňze bakyp duran aýna diwardan ullakan atriuma şöhle saçýar;
  • Muzeý sergi zallaryndan, ägirt uly kitaphanadan we gözleg-barlag institutyndan ybarat;
  • Muzeýe baryp görmek erkekler we aýallar üçin diňe dürli wagtlarda elýeterlidir;
  • Muzeýiň niýetlenilişi — VII asyrdan XIX asyra çenli aralyga degişli bolan, üç yklymda döredilen ajaýyp eserleri görkezmek bilen, Yslam dünýäsiniň sungatynyň baý köpdürlüligini we köpgyraňlylygyny görkezmekden ybarat;
  • Muzeýde bütin ýylyň dowamynda tematiki sergiler geçirilýär, olar üçin kolleksiýalar Luwrdan, Metropoliten muzeýinden, Pariždäki Kartier gaznasyndan, Müsüriň Yslam sungaty muzeýinden hem-de Marokko korollyk kolleksiýasyndan getirilýär.

Peýdalanylan çeşmeler: m.orangesmile.com; hisour.com; tonkosti.ru; google.com; yandex.ru; ru.m.wikipedia.org

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar