Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gündogaryň metjitleri: Yslam dünýäsiniň 7 sany täsin binagärlik nusgalary

0
50232

Dünýäniň döreýşi we köpgyraňly hem-de özgerip duran Ýer ýüzünde adamyň ykbaly bilen baglanyşykly çuňňur filosofiki hikmet Gündogaryň ajaýyp metjitleriniň binagärliginde we bezeginde beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, haýsy mezhebe eýerýändigine garamazdan, metjit dünýäniň ähli musulmanlary üçin Alla tagzym etmekde mukaddes, aýratyn umumy ybadat mekanydyr.

Musulman dünýäsiniň ýörelgeleri we dogmalary metjitleriň binalarynyň elementlerine nepis bezeg berýär. Dünýäniň musulmanlary öz dinine bolan tagzymlary üçin bu mukaddes ýerlere müňlerçe kilometr ýollary geçip gelýärler.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň iň owadan we özboluşly metjitlerine, şeýle-de olaryň dizaýn bezeg aýratynlyklaryna seredip geçeliň:

Mekgedäki Al-Haram metjidi (Saud Arabystany) — musulman dünýäsiniň esasy täsin metjidi bolup durýar. Bu metjit 638-nji ýylda gurlup, uzak asyrlaryň dowamynda birnäçe gezek durky täzelendi we abatlaýyş işlerini başdan geçirdi. Metjidiň meýdany 400800 inedördül metr hasap edilýär.

Surat: medinaschool.org

Metjidiň özboluşly gurluşy gadymy Gündogar gymmatlyklary bilen häzirki zaman binagärlik bezeglerini birleşdirýär (bu ýerde 7 sany eskalator we sowadyjylar bar). Mermer sütünler metjidiň içki böleklerini bezeýän bolsa, onuň 9 sany ajaýyp minaralary bolsa gök direýär (olaryň beýikligi — 95 metr). Käbe metjidiniň tapawutly aýratynlygy bolsa onuň dünýädäki musulmanlaryň esasy ybadathanasy bolup durýanlygydyr.

Medinedäki An-Nabawi metjidi (Saud Arabystany) — bu bina golýazma çeşmelerine görä, Muhammet pygamberiň ýaşan döwründe gurlupdyr. Musulman dünýäsinde ähmiýeti ikinji bolan bu metjit diňe bir yslam dinine uýýanlar üçin däl, eýsem köp sanly syýahatçylar üçinem zyýarat ojagydyr. Metjidiň merkezinde pygamberiň mazarynyň ýerleşýän Ýaşyl gümmezi ýerleşýär. Ybadathanada 10 sany minara  bolup (beýikligi - 105 metr), bu ýere bir wagtyň özünde 500 müňe çenli zyýaratçy ýerleşip biler.

Surat: ummet.kz

Abu Dabi şäherindäki Şeýh Zaýed metjidi — mermerden gurlan we iki binagärlik stilini, ýagny pars hem-de arap binagärlik stillerini birleşdirýän yslam ybadathanasy. Onuň içerki howlusynyň arkalary we esasy girelgesi nagyşlar hem-de pars golýazmalary bilen bezelipdir.

Surat: planetofhotels.com

Binanyň içine düşelen ajaýyp halylaryň ýokarsynda altyn zerler we kristallar bilen bezelen, dünýädäki iň uly lýustralaryň biri ýerleşýär (onuň diametri 10 metr, beýikligi 15 metr, agramy bolsa 12 tonnadyr). Mihrabyň öňünde däliziň çäksiz keşbini döredýän goşa sütünler we arkalar bar. Metjidiň daşky bezegini salkyn suwly howuzlardan öwüşgin alýan sarymtyl we gögümtil yşyklar gurşap alýar. Bu uly taslamany durmuşa geçirmekde dünýäniň 38 sany kompaniýasyndan 3500 sany işçi zähmet çekdi. Onuň gurluşyk işleri 12 ýyllap dowam etdi.

Bruneýiň Soltan Omar Ali Saýfuddin metjidi — Şa metjidi derýanyň kenarynda ýerleşýän we töwereginde owadan ýaşyl baglary, täsin dizaýnly çüwdürimleri jemleýän emeli laguna bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu häzirki zaman yslam binagärliginiň ajaýyp nusgasydyr. Onuň esasy gümmeziniň beýikligi 52 metr bolup, oňa hakyky altyn çaýylandyr.

Surat: paks.ru

Mozaýkaly aýnadan, kesme arkalardan we mermer sütünlerden gurulan namaz okalýan ýer gözelligi bilen haýrana goýýar. Şa metjidiniň esasy guwanjy — Renessans döwrüniň stilinde we italýan binagärlik däplerinde gurlan minaradyr. Binanyň içinde Beýik Britaniýadan getirilen witražlar we lýustralar, Belgiýada hem-de Saud Arabystanynda dokalan kaşaň halylar, Wenesiýadan getirilen 3,5 million bölek özboluşly mozaýkalar ýaly kaşaň bezegler jemlenýär.

Stambuldaky Mawy metjit — özünde yslam we Wizantiýa binagärliginiň  alamatlaryny jemleýän, dünýäniň iň gadymy we owadan metjitleriniň biri. Gurhanyň süreleri we Muhammet pygamberiň aýdan sözleri ondaky gümmezleriň şekilleriniň esasyny düzýär. Namaz kylynýan ýer bolan mihrab bolsa mermerdendir, şeýle-de ondaky musulman dünýäsiniň mukaddesligi bolan gara daş zyýaratçylar tarapyndan Mekgeden getirilipdir.

Surat: tournavigator.pro

Metjidiň 260 sany penjiresi oňa aýdyň şugla saçýar, yslamyň surat hem-de kalligrafiýa kanunlaryna laýyklykda nagyşlar bilen bezelen sütünlerdir arkalar özüniň gözelligi bilen haýran galdyrýar. Metjit Stambul şäheriniň taryhy böleginde ýerleşmek bilen, şäheriň binagärligi bilen kybap utgaşýar.

Nasyr al-Mülk metjidi (Eýran) — «Gülgüne metjit» atlandyrylýan bina dünýä ähmiýetli gözel ýerleriň biridir. Metjit XIX asyrda (1876-1888) Gajar dinastiýasynyň hanlarynyň biriniň buýrugy bilen gurlupdyr. Onuň owadan keşpdäki gurluşynyň taslamasy Muhammet Hasan-e-Memar we Muhammet Reza Kaşi Paz-i-Şirazy dagy tarapyndan bina düzülipdir. Metjidiň girelgesi mozaýkalar we Gurhandaky aýatlar bilen bezelipdir, esasy bezegler hökmünde bolsa witražlar ulanylýar.

Surat: eurasia.press

Metjidi özboluşly, gaýtalanmajak görnüşde şöhlelendirýän zadam köp sanly gül şekillendirilen ybarat bolan reňkli aýna penjirelerdir. Bu ýörelge musulman dünýäsinde metjitleriň dizaýnynda ulanylýan, umumy kabul edilen düzgünlerden gelip çykýar.

Surat: eurasia.press

Nasyr al-Mülküň içki gurşawynyň umumy meýdany 2,9 müň inedördül metr bolup, onda ýerleşýän Merjen arka, 7 sany sütün hem-de 2 sany minara aýratyn täsir galdyryjydyr. Kaleýdoskopiki ýerine ýetiriliş usuly (üçburçluklar, romblar, bezegler) ýokardan Gün şöhlesiniň geçmegi bilen ajaýyp reňkdarlygy döredýär. Ýedi reňkdäki ýer plitalary we onda şöhlelenýän ajaýyp yşyklar metjidiň «Älemgoşarly metjit», «Gülgüne metjit», «Güller metjidi» diýen ýaly dürlüçe hili atlandyrylmagyna esas bolup hyzmat etdi. 1979-njy ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümeti bu metjidi dini-medeni gymmatlyklaryň hataryndan aýyrmak bilen, ony muzeýe öwürdi.

Yslamabadyň Faýsal metjidi — ululygy boýunça dünýäde dördünji ýerde durýan we Günorta-gündogar hem-de Günorta Aziýada iň uly metjitdir. Taslamanyň awtory — türk arhitektory Widat Dalokaý metjidiň gurluşynda adaty gümmezleriň ýerine çarwa çadyryna çalymdaş gurluşy döretdi. Taslama dünýäniň 17 ýurdundan 43 teklip hödürlenen bäsleşikde ýeňiji boldy.

Surat: planetofhotels.com

Içerki diwarlary mermer, mozaýkalar we pakistanly suratkeş Sadegaýin tarapyndan döredilen kalligrafiýa hem-de ajaýyp türk stilindäki lýustralar bilen bezelen metjidiň esasy zalyny dört sany minara (beýikligi 90 metr) gurşaýar. Metjidiň 10 000 hem-de 24 000 sany adamy özüne sygdyryp bilýän iki sany namaz okalýan zaly, şeýle-de 40 000 sany adam girmegi üçin niýetlenen esasy howlusy bardyr.

Köp sanly Gündogar metjitlerinde ussatlyk bilen sazlaşdyrylan gadymy milli däp-dessurlaryň we häzirki zaman dizaýn tehnologiýalarynyň sintezi yslam medeniýetiniň çeperçilik hem-de binagärlik äheňleriň iň ajaýyp nusgalarynyň beýanydygyny aýdyň görkezýär.

Peýdalanylan çeşmeler: bigpicture.ru; parstoday.com; most-beauty.ru; novate.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar