Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Watikanyň muzeýleri: täsin faktlar, seýrek duş gelýän eserler we Sikstin kapellasy

0
46443

Gadymy ýadygärlikleri özünde jemleýän Rime syýahat edýän her bir adamyň Watikana, onuň muzeýlerine hem-de Petriň ybadathanasyna aýlanyp görmezligi mümkin däldir. Bu ýerde Rim papalary tarapyndan asyrlar boýy toplanan gymmatly eserler — geçmişiň beýik ussatlarynyň döreden eserleri, gadymy golýazmalar, dini we dünýewi ýygyndylar, köp sanly suratlar, nakgaşlyk hem-de heýkeltaraşlyk eserleri, şeýle-de birgiden sungat gymmatlyklary saklanýar.

Watikanyň muzeýleri (Musei Vaticani) — bu kiçi döwletiň çäginde ýerleşýän bitewi bir ýadygärlikler toplumy. Bu ýer dünýä ýüzünde iň gelim-gidimli ýerleriň hatarynda bäşinji ýerde, Italiýada bolsa birinji orunda durýar.

Watikanyň muzeýleriniň ýüze çykmagynyň taryhy — 1506-njy ýylda papa Ýuliý II Mikelanjelo Buonarrotiniň we Juliano da Sangalonyň maslahaty bilen Eskwilin düzlügindäki üzümliklerden tapylan «Laokoon we ogullary» atly mermer heýkeliniň göçürme nusgasyny satyn alypdyr we Belwederiň bir ýerinde köpçüligiň tomaşa etmegi üçin ýerleşdiripdir. Olar bolsa sungaty söýüjiler jemgyýeti üçin 1771-nji ýylda açyldy.

Watikanyň muzeýleriniň gurluşy. Muzeýler toplumy Apostol, Belweder, Innokentiý VII, Nikolaý V ýaly biri-biri bilen baglanyşykly bolan Watikan köşklerinde ýerleşýär. Bu ýerde 54 sany galereýa bar. Aşaky gatda Grigorýan Müsür muzeýi (9 zal); Kýaramonti muzeýi — 60 bölümden ybarat bolan gadymy heýkeltaraşlyk galereýasy; Pio-Klementino muzeýi (8 zal); Borjiýa apartamenti (5 zal); Sikstin kapellasy; Hristian muzeýi (Museo Sacro); Pinakoteka muzeýleri ýerleşýär.

Ýokarky gatda bolsa Grigorýan etrusk muzeýi (18 zal); Kandelýabrlaryň we Gobelýenleriň galereýalary; Immakolata zaly — allegoriki sahnaly freskler; Rafaýeliň diwarlary — Rafaýel tarapyndan boýalan 4 otag bardyr. Ýerzeminde hem filateliý, numizmatika we etnologiýa muzeýleri, şeýle hem paýtun pawilýony ýerleşýär.

Watikan muzeýleriniň eksponatlarynyň köplügi sebäpli, bu ýere bir günde däl, hatda bir hepdede hem doly aýlanyp çykmak mümkin däldir. Muzeýleriň iň ajaýyp «göwherleri» hökmünde şulary belläp geçmek bolar: Bramante basgançaklary, Pinakoteka, Rafaýeliň «Öwrülme» suraty, Sosna gozasynyň howlusy, Rotond zaly we porfir pyýalasy, Gobelenler galereýasy, Mikelanjelonyň «Gorkuly höküm» freskasy, Sikstin kapellasynyň üçegi we başgalar.

Mysal üçin, häzirki zaman Bramante basgançagy ikileýin spiral görnüşli DNK molekulasyny alamatlandyrýan daşky görnüşi sebäpli muzeýleriň çäginde iň köp surata düşürilen ajaýyplyklaryň birine öwrüldi.

Mundan başga-da, muzeýlere 1931-nji ýylda goşulan soňky gymmatlyklaryň biri bolan Pinakoteka 1790-njy ýylda Rim papasy Piý VI tarapyndan esaslandyryldy. 18 zaldan ybarat bolan bu ýerde siz orta asyrlardan başlap XIX asyra çenli dürli döwürleriň ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilen takmynan 460 töweregi suraty görüp bilersiňiz. Olaryň esasy merkezinde bolsa Rafaýeliň aradan çykmazynyň öň ýanlary çeken «Öwrülme» atly soňky eseri durýar.

Onda Isa Mesihiň iki adam hökmündäki keşbi we ylahylyk tebigaty şekillendirilýär.

Şekiliň ýokarky ýarty böleginde Isanyň we pygamberler Ylýasyň hem-de Musanyň asuda görnüşi, aşaky böleginde bolsa garaňky, ýer tebigatynyň tapawutly taraplary janlandyrylýar. Sag tarapda bolsa syrkaw oglan şekillendirilýär.

Onuň ene-atasynyň şypanyň gudratyna garaşyp doňup galan elleri suratyň ýokarsyny we aşagyny baglanyşdyrýar.

Sosna gozasynyň howlusy Belweder köşgüniň golaýynda gurlan takmynan 4 metr beýiklikdäki gozanyň ady bilen baglanyşykly. Bu äpet goza miladydan öňki I asyrda döredilip, bürünçden guýulypdyr. Onuň gyrasynda hem bürünçden ýasalan iki sany tawus ýerleşdirilen.

Rotonda zaly hem otagyň Panteon nusgasynda ýasalan gümmezi bilen muzeýlere gelýän jahankeşdelerde aýratyn täsir galdyrýar. II asyra degişli bolan bu polda ajaýyp kiçijik mozaikalar we sowadylan lawadan ýasalan 12 metrlik porfirli pyýala bar.

Gobelenler galereýasy — diwarlaryň ýokarysynda ýerleşýän barelýefler bilen syýahatçylary haýrana goýýar. Diwarlardaky gobelenleri ýasamak üçin birnäçe ýyllar gerek bolupdyr. Flandriýadan we Belgiýadan bolan iň ökde dokmaçylar olary ýüňden, ýüpekden, şeýle-de altyn we kümüş sapaklardan dokapdyrlar.

«Isanyň direlişi» gobeleniniň iň täsin aýratynlygyny bilýärsiňizmi? Bu şekile näçe ýakynlaşdygyňyzça onuň gözlerine ünslülik bilen seretseňiz ýa-da onuň deňinden geçseňiz-de Isa Mesihiň gözlerine baksaňyz onuň size tarap seredýändigini duýarsyňyz. Bu bir nakgaşlykda «hereketli perspektiwanyň» ajaýyp mysalydyr, ony şeýle-de Leonardo da Winçiniň «Mona Lisa» suratynda hem görüp bolar.

Meşhur Sikstin kapellasynda hem siz Galkynyş döwrüniň Sandro Bottiçelli, Domeniko Girlandaýo, Kozimo Rasseli ýaly meşhur suratkeşleriniň ajaýyp freskleri hem-de suratlary bilen tanşyp bilersiňiz.

Mikelanjelonyň 4 ýylyň dowamynda döreden «Gorkuly höküm» atly uly göwrümli freskasyndan-ha asla gözüňi aýrar ýaly däl. Eserde ähli diwary Mesihiň, Merýemiň, uçýan perişdeleriň, Apokalipsis perişdeleriniň, dogruçyllaryň jennete we günäkärleriň dowzaha düşmeginiň şekilleri tutýar.

Sikstin kapellasynyň içinde gepleşmek düýbünden gadagan bolandygy üçin ýolbeletler bu ýere girilmezinden öň syýahatçylara ähli görjek zatlary barada gürrüň berýärler.

Watikan muzeýleri barada täsin faktlar:

  • Bu ýerdäki ähli muzeýleri ýekänme-ýekän öwrenip çykmak üçin Rim şäherine her gezek gelnende 3-4 sagatlyk wagt aýyrmak zerurdyr;
  • Her aýyň ahyrky ýekşenbe güni hem-de 27-nji sentýabrda — Bütindünýä syýahatçylyk gününde Watikan muzeýlerine tölegsiz gezelenç edip bolýar;
  • Muzeýiň girelgesinde audio ýolgörkeziji satylýar. Onda 200 töweregi audioýazgy bolup, muzeýlerdäki gymmatlyklar barada gürrüň berilýär;
  • Watikan muzeýleriniň resmi saýty arkaly bu ýerdäki muzeýleriň ählisine wirtual görnüşde tölegsiz syýahat edip bolýar;
  • Muzeýleriň zallarynda gezmek birtaraplaýyn hereket boýunça ýola goýlandyr;
  • Watikan muzeýlerinde kiçi ýadygärlikleriň we kitaplaryň dükanlary, birnäçe sany kafe, şeýle-de ýollamalar we papalyk döwletiň aýratynlyklary satylýan Watikan poçta bölümi bar.

Peýdalanylan çeşmeler: italy-insider.ru; www.tourister.ru; italyme.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar