Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Metropoliten muzeýi: dünýä sungatynyň 5000 ýyldan gowrak taryhy

0
19413

Metropoliten sungat muzeýi (The Met) Nýu-Ýork şäherindäki Bäşinji şaýolda ýerleşip, dünýäde iň köp barylýan dördünji sungat muzeýidir. «The Met» 1870-nji ýylda amerikaly telekeçiler we sungaty söýüjiler topary tarapyndan esaslandyryldy. Muzeýiň ösmegine uly goşant goşanlaryň hatarynda ilki bilen magnat we haýyr-sahawatçy Nelson Rokfelleriň adyny bellemek gerek. Sebäbi Rokfeller 1969-njy ýylda 3000 gymmatlykdan ybarat bolan ýygyndysyny bu muzeýiň gaznasyna bagyş etdi.

Nýu-Ýorkuň muzeýinde gadymy döwrüň ýadygärliklerinden 3 milliona golaýy, şolar bilen birlikde özboluşly sungat eserleri, amerikan nakgaşlyk suratlary, gadymy heýkeller, saz gurallary, ýaraglar we ş.m gymmatlyklar bar.

Metropoliten sungat muzeýi niderland nakgaşlyk sungatynyň iň gowy nakgaş eserleri, şol sanda — Rogier wan der Weýdeniň, Boshuň, Piter Breýgeliň, şeýle-de Bottiçelli, Rafael, Tintoretta, Tisian ýaly Italiýanyň «Galkynyş» döwrüniň iň ajaýyp eserleri bilen has-da meşhurlyga ýetdi.

Täsin we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryň hataryna şular girýär:

  • Dünýäniň 1720-nji ýylda ýasalan iň köne pianinosy;
  • Kolt markaly sapançalaryň we rewolwerleriň ähli görnüşleriniň toplumy;
  • Rembrandtyň 23 suratdan ybarat bolan ýer ýüzündäki iň uly eserler ýygyndysy;
  • Min dinastiýasynyň keramiki küýzeleri.

Täsin faktlar:

  • Muzeýdäki ähli sungat eserlerini görüp çykmak üçin oňa bir hepdäniň dowamynda her gün aýlanmaly bolýar;
  • Metropoliten sungat muzeýinde birnäçe meşhur filmler surata düşürildi "baş keşbi janlandyrdy". Olaryň hatarynda «Tomas Krawnyň aldawy», «Owşeniň sekiz jorasy» ýaly filmler bar.
  • Her hepde muzeýiň esasy gülçüsi Remko van Wlit 1967-nji ýylda esaslandyrylan Uly zal üçin bäş sany ajaýyp gül bezeglerini taýýarlaýar. Bu bezegler «Reader's Digest» neşirýaty tarapyndan üpjün edilip, onuň ýolbaşçysy myhmanlaryň diňe bir sungat eserlerinden däl-de, eýsem ter güllerden hem lezzet almagyny isleýär.

«The Met» muzeýinde başga nähili täsin zatlary görüp bolýar 

Egin eşik instituty. Eserleriň näzikligi sebäpli, bu ýerde hemişelik sergi bolmaýar. Şeýle-de bolsa, institut ýylda iki gezek belli bir dizaýnere ýa-da stile bagyşlanan tematik sergileri geçirýär. Egin eşik institutynyň sergilerinde Koko Şanel, Iw Sen Loren, Jianni Wersaçe we beýleki meşhur dizaýnerler barada gürrüň berilýär.

Ýaraglar we söweş esbaplary. Ýygyndynyň ilkinji gymmatlyklary 1881-nji ýylda ýerleşdirilip başlandy. Muzeý 1904-nji ýylda Ýewropanyň we Ýaponiýanyň iki sany uly ýygyndysyny satyn alandan soň, ekspozisiýa bütin dünýäde uly meşhurlyk gazandy.

Aziýa bölüminiň ýygyndysy. 35 000-den gowrak sungat eserleri Aziýanyň ähli siwilizasiýalaryndan 4000 ýyllyk sungat taryhyny öz içine alýar. Min dinastiýasyna mahsus bagly kiçijik howly myhmanlaryň ünsüni has-da özüne çekýär.

Gadymy Gündogaryň sungaty. Bu ýygyndynyň 7000-den gowrak eserleri gadymy neolit döwründen başlap, Sasanylar döwletiniň ýykylan ýyllaryna çenli döwri öz içine alýar. Assiriýa şasy Aşur-nasyr-apal II-niň demirgazyk-günbatar köşgüni goran lamassu heýkelleriniň toplumy muzeýiň özboluşly gymmatlygy hasap edilýär.

Muzeýiň «The Metropolitan Museum of Art Bulletin» atly ýylda bir gezek çap edilýän öz neşiri hem bar.

 

Peýdalanylan çeşmeler: muzei-mira.com; wikipedia.org; zen.yandex.ru; architectureguru.ru; stylemeceo.wordpress.com; theblueprint.ru 

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar