Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Britan muzeýi: Dünýäniň täsin ýadygärlikleri

1
18608
Britan muzeýi: Dünýäniň täsin ýadygärlikleri
Surat: putidorogi-nn.ru

Ýer ýüzüniň iň uly taryhy-arheologik muzeýi, Beýik Britaniýanyň iň meşhur ýerleriniň biri hem-de özünde Britan imperiýasynyň kolonial taryhyny şöhlelendirýän Britan muzeýi Luwrdan soňra iň köp gelinýän ikinji täsin muzeý hasap edilýär. Onuň esasyny XVIII asyrda lukman we naturalist Hens Slownuň, döwlet işgäri hem-de Oksford grafy Robert Harliniň, şeýle-de Britan kitaphanasyna başlangyç beren Robert Kottonyň bagyş eden gymmatlyklary düzýär.

Britan muzeýiniň eserleri

Bu ýere syýahata gelen her bir adam üçin uzynlygy 4 kilometre uzaýan 994 sany galereýa garaşýar. Olarda dünýäniň ähli künjeginden, şol sanda Hindistandan, Hytaýdan, Afrikadan, Okeaniýadan, Günorta Amerikadan gaýtalanmajak eserler tanyşdyrylýar.
 

Müsür eksponatlarynyň toplumy

Dünýädäki iň uly ýadygärlik eserleriniň toplumy bolan bu ýerde faraon Ramzes II-niň heýkeli, Tutmes III-niň granitden ýasalan başy, taňrylaryň heýkelleri we daş sarkofaglary bar. Muzeýde «Merhumlar kitabynyň» sanawlarynyň ýygyndysynyň iň gymmatly nusgalary, şol sanda reňkli suratlar bilen bezelen «Aniniň papirusy» we 37 metrlik «Grinfild papirusy» ýaly iň meşhur nusgalar saklanýar. 3-4 müň ýyllyk taryhy bolan gymmatbahaly papirus listleri halk köpçüligine örän seýrek görkezilýär.

Grek-rim ýadygärlik eserler toplumy

Bu bölüm Britan muzeýiniň 12 sany zalyny eýeleýär. Bu ýerde likiýa heýkellerini, Efesdäki meşhur Diana ybadathanasynyň galyndylaryny, Rim imperatorlarynyň döwürlerinden galan gymmatbaha zatlary, Lord Eljin tarapyndan Gresiýadan getirilen «Elgin Marbles» we beýleki gymmatlyklary görmek bolýar.

Alynky Aziýanyň  bölümi

Bu ýerde U.Gamiltonyň hem-de Ç.Tawnliniň silindr neşir nusgalary, R.Kerr Porteriň we K.J.Riçanyň pars we mesopotamiýa ýadygärlikleriniň ýygyndysy hem-de Assiriýanyň gadymy paýtagty Niniýewiýa degişli eserler we Ortaýer deňziniň gündogar bölegine beýleki gymmatlyklar görkezilýär.

Gadymy Gresiýanyň we Rimiň sungat bölümi

Gadymy Gresiýa we Rime degişli bölüm gadymy heýkeller toplumy, Egeýidanyň bürünç asyryndan galan predmetleri, Gadymy Parfenonyň frontondan bolan onlarça plitalary we şekilleri hem-de Pompeýiň, şeýle-de Gerkulanumyň rim sungatyna degişli meşhur eserleri bilen tapawutlanýar.

Gündogar bölümi

Bu ýerde Uzak Gündogaryň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň heýkeltaraşlyk, keramika, grawýura we nakgaşlyk eserleri tanyşdyrylýar. Şeýle-de Gündogar bölüminde hindi taryhy barada beýan edýän Buddanyň bürünç heýkeli, Gadymy Hytaýyň däp-dessur gymmatlyklary, b.e.öňki ikinji müňýyllyga degişli bolan ieroglif ýazgylary we Gadymy Gündogary açyp görkezýän gymmatly eserler bar.
Görkezilen bölümlerden başga-da, Britan muzeýi teňňeleriň we medallaryň, etnogarfiýanyň, şeýle-de özünde Mikelanjelo, Rubens, Wan Gog we beýleki meşhur nakgaşlaryň eserlerini jemleýän bölüm giň meşhurlyga eýedir.
 

Täsin faktlar:

  • Britan muzeýiniň işgärler düzümi diňe bir adamlardan bolman, eýsem muzeýde syçan tutmak üçin niýetlenen 6 sany pişik hem bar.
  • Muzeýde çagalar üçin tematiki syýahatlar guralýar. Her ýekşenbe günleri bu ýere «Britan muzeýiniň ýaş dostlary» atly klubuň agzalary üçin tölegsiz gyzyklanma syýahatlary geçirilýär.
  • Bütin gijesi bilen muzeýde bolmak adaty ýagdaý. Muzeý her ýylda 4 gezek çagalar üçin haýsy hem bolsa bir bölüme gijeki syýahatçylygy guraýar. Mysal üçin, bu syýahat takmynan «Ýapon gijesi» ýa-da «Müsür gijesi» ýaly atlandyrylyp, onuň dowamynda çagalar bilimi kämilleşdiriji oýunlary oýnaýarlar we degişli mowzukda gyzykly rowaýatlary diňleýärler.

Peýdalanylan çeşmeler: tonkosti.ru; kommersant.ru; putidorogi-nn.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar