Soňky habarlar

Arhiw

Ýaz paslynda interýeri amatly täzelemek üçin ideýalar

0
25880

Bahar pasly — özgerişiň möwsümi, bu bolsa diňe bir tebigata däl, eýsem öýümize-de degişli. Uzyn gyş aýlaryndan soň, interýere täze reňkler we täze pikirler getirmek islegi döreýär. Şeýle-de bolsa, uly göwrümli abatlaýyş işlerini geçirmek hemişe mümkinem däl, ýa-da muny etmäge islegem o diýen hyjuwly bolmaýar. Bu ýagdaýda öýüňizi bahar paslynda üýtgetmäge ýardam etjek ýönekeý we amatly çykdajyly usullary ulanyp bilersiňiz.

Dokma önümlerini çalyşmak

Howanyň maýlamagy bilen, bu möwsümde ozalky galyň we uly perdeleri ýeňil hem-de howaýy tutular bilen çalşyp bilersiňiz. Zygyr, pagta, tafta, organza ýa-da ýüpek matadan dokalan tutular interýerde täzelik we ýeňillik duýgusyny döreder.

Ýassyklary, ýorgan-düşekleri, süpürgiçleri we beýleki şu hili goşlary çalyşmak bilen hem interýerde özboluşly aýdyňlygy döredip bilersiňiz.

Ýumşak mebeller üçin täze daşlyklar

Täze mebel satyn almak üçin maddy serişdäňiz bolmasa, ýöne interýeri täzelemek isleseňiz, ýumşak mebelleriňiziň daşlyklaryny çalyşmak ýeterlikdir. Adaty bolmadyk reňkler we özboluşly dokma önümleri, mysal üçin, içgysgynç diwany ajaýyp mebel böleklerine öwürmegiň ajaýyp usulydyr.

Täze haly

Haly saýlanyňyzda otagyň stilini we beýleki içerki elementleriň reňk aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak möhümdir.

Diwarlaryň bezegi

Bu özbaşyna otaglaryň kiçijik böleklerine çenli ünsi talap edýän döredijilik işi diýen ýalydyr. Hatda iň owadan bezeg elementleri hem interýeriň umumy konsepsiýasy bilen sazlaşmasa ýerliksiz görner. Şeýle-de bolsa, dizaýn ukybyňyza ynamly bolsaňyz, diwarlary bezemek — hyýalyňyzy durmuşa geçirmek üçin meýdançadyr: suratlar, fotografiýalar, posterler, döredijilik tekjeleri, aýnalar, bezeg tarelkalary, winil stikerleri we ş.m.

Gül çyra

Indi gözüňize adaty bolup görünýän torşeri, çyrany ýa-da lýustrany ýagty we döwrebap bir zat bilen çalşyp, otaga täzelik we täzelik goşuň.

Art-obýekt ediniň

Bu kategoriýa, belki-de, iň köpdürli häsiýetlidir: wintaž önümleri, häzirki zaman nakgaşlyk eserleri, gadymy artefaktlar, keramiki heýkeljikler, özboluşly žurnal stollary, ýumşak puf we ş.m. Geljekki art-obýekti satyn almazdan ýa-da özüňiz döretmezden öňinçä, öýüňizden oňa laýyk boljak ýeri saýlap alyň.

Peýdalanylan çeşmeler: blog.domclick.ru; www.ndv.ru; www.inmyroom.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar