Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Öýde çagany otdan-suwdan goramak: nämeleri bilmeli

0
41151

«Öý — maşgalanyň ýaşaýyş mesgeni» diýilýär. Maşgala bolsa ene-ata, çagalar, abadançylyk bolanda hakyky bagtly durmuşy aňladýar. Maşgalada çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, olaryň öýdäki dürli zatlardan goragyna ähmiýet bermek esasy zerur zatlaryň biridir. Sebäbi çaga maşgalanyň geljegi. Edil şu meselede, köplenç, daşardan gelip biljek howplar barada pikir edýäris-de, öýümizden döräp biljek howplary birjigem hakydamyza getirmeýäris. Maşgala körpejigiň gelmegi bilen, «höwürtgäňizimi» göwnümize jaý etmek kiçijigiň goraglylygyndan başga hiç zat hem däl ýalydyr.

Öý gurşawynda howpsuzlygy üpjün etmek üçin esasy bolup biljek töwekgelçilikleri hem-de olardan gaça durmagyň usullaryny dykgatyňyza ýetirýäris.

Howpuň ýüze çykyp bilýän ýerleri

Elektrik togy

Çagalary elektrik togunyň urmagyndan goramak üçin öýdäki ähli rozetkalary ýörite gapak bilen ýapmaly. Gapaklar çagalaryň barmaklaryny ýa-da beýleki zatlaryny rozetka salmagynyň öňüni alýar. Çaganyň elýeterinde pilot-rozetkalar, uzaldylýan tok çekiş simleri ýa-da adaty tok simleri, aýratynam açylgy duran simler bolmaly däldir.

Gyzgyn zatlar

- howply zatlara elýeterliligi düýbünden aýyrmak ýa-da çäklendirmek:

- gyzgyn zatlar: gaz ýa-da elektrik peç, gyzdyryjy, howur peji, çäýnek, ütük we ş.m;

- gyzgyn suwuklyklar: gaýnag suw, gyzgyn çaý, çorba we ş.m;

- gyzgyn zatlar: saçlar, kastrýullar, şemler we ş.m.

Çagalary ýanmakdan nädip goramaly?

- otluçöpler we zažigalkalar çaganyň eliniň ýetjek ýerinde bolmaly däl;

- ütügi, ploýkany ýa-da feni ulananyňyzdan soň, olary düýbünden öçürip, çaganyň baryp bilmejek howpsuz ýerinde goýuň;

- nahary gaz plitasynyň aňyrky ojaklarynda bişiriň we taýýar bolan nahary çaganyň baryp bilmejek ýerinde saklaň;

- uzyn tutawaçlary we beýleki şol hili zatlary çagalar oýnamaz ýaly çetde ýygşyrmalydyr;

- plitada nahar bişiren mahalyňyza çagany gujagyňyzda saklamaň;

- çaga gyzgyn suw kranyny özbaşdak açmaz ýaly wanna otagynyň gapysyny ýapyp goýuň.

Gapjamak

Gutular we mebelleriň gapylary, otagara gapylar kiçijik çaganyň barmagyny gapjadyp biler. Bular ýaly ýagdaýda bolsa ýaganyň howpsuzlygy üçin gutulardyr gapylar üçin ýörite blokiratorlary we gulplary ulanyp bilersiňiz.

Gögermeler

Çagalar işjeň we bilesigeliji bolýarlar, şonuň üçin köplenç büdredýärler, ýykylýarlar we bir zada urunýarlar. Beýle ýagdaýyň bolmazlygy, ýagny çaganyň şikes almak ähtimallygyny azaltmak üçin mebeliň ýiti burçlaryna ýumşak zatlary goýuň. Eger jaýyň poly tekiz, typançak plitkalar bilen örtülen bolsa, üstüne ýumşak halylary ýazmak laýyk bolar.

Suwa düşmek

Çagalary wanna otagynda ýeke galdyrmaň. Çaga hatda az mukdardaky suwda-da gark bolup biler! Suwa düşülenden soň, derrew wannanyň suwuny goýberiň. Şeýle hem çagaňyzy typmakdan we ýykylmakdan goramak üçin sorujy rezin matalary ulanmak maslahat berilýär.

Maslahat: çagaňyza eýýäm kiçiliginden wannada suwa düşülende kranyň garşy tarapynda oturmagy öwrediň, sebäbi kran tarapda oturan çaganyň tötänden gyzgyn suwy akdyryp, şikes almagy mümkin.

Aýnalar we basgançaklar

Penjirelerde blokatorlary ýa-da gorag germewlerini gurnamaly. Çagalar üçin basgançaklara ýa-da balkona päsgelçilik hökmünde «howpsuzlyk derwezesi» bolmalydyr (germew diwarlary).

Öýde çagalardan uzakda saklamaly zatlar:

  • hojalyk himiýa serişdeleri;
  • ýiti zatlar: sakgal enjamlary, gaýçy, iňňeler, pyçaklar we kesip ýa deşip biljek beýleki zatlar;
  • dermanlar;
  • teňňeler, düwmeler we oýunjaklar ýaly ownuk zatlar çagalar tarapyndan ýuwudylyp bilner;
  • kiçi elektronika enjamlary: simsiz nauşnik, litiý batareýalary we ş.m;
  • aýna gaplar, agyr heýkeljikler we ş.m.

Maslahat: Ene-atalar howply bolup biljek zatlary derrew duýmak we aýyrmak üçin otaglary çaganyň gezim edýän beýikliginden wagtal-wagtal barlamalydyrlar.

Öýde ýeke özi

Öýde howpsuz gurşawy döretmekden başga-da, çagalara howpsuzlyk düzgünlerini öwretmek hem möhümdir. Bu, esasanam, öýde ýeke galýan we adatdan daşary ýagdaýlarda özbaşdak netije çykaryp biljek uly ýaşly çagalara degişlidir:

- esasy gyssagly kömek beriş belgilerini öwreniň we ýazyň;

- çaga ene-atalaryň we beýleki hossarlarynyň telefon belgilerini bilmelidir. Olary ýazyp, sowadyjy ýaly görünýän ýerde goýmak bolar;

- Çagaňyza goňşusy ýa-da başga bir tanyş adam bolsa-da, nätanyş adamlara gapyny açmaly däldigini düşündiriň. Şeýle hem, nätanyş belgileriň jaňlaryna jogap bermezligi öwrediň;

- gideniňizde penjireleri ýapyň;

- Eger-de birinji gatda ýaşaýan bolsaňyz, çagaňyza kimdir biri kaksa, penjiräni açmaly däldigini, nätanyş adamlar bilen gürleşmeli däldigini düşündiriň;

- otluçöp däneleri, zažigalka we oduň beýleki çeşmeleri çagalar üçin elýeterli bolmaly däl. Köplenç, çagalarda bir zady edip görmek höwesi ýeke galan mahallary oýanýar!

Ulalmak — adamyň durmuşynda täsin döwür, ýöne ol özüne ýetik töwekgelçilikleri bilen gelýär. Çagalaryň howpy özbaşdak bahalandyrmak üçin ýeterlik durmuş tejribesi ýok, şonuň üçin olara howply zatlary we oňa nämeleriň sebäp bolup biljekdigini düşündirmek möhümdir.

Ene-atalar çagalaryna öýde howpsuzlyk düzgünlerini yzygiderli ýatladyp durmalydyrlar, ýöne muny gorkuzmazdan ýerine ýetirmelisiňiz. Çagaňyzyň diňe özüne gözegçilik edilmän, özüne ideg edilýandigini duýmagy üçin ynamdar gatnaşygy gurmak möhüm. Soňra şonda olar kesgitlenen çäklendirmeleri ýerine ýetirmäge has meýilli bolarlar.

Peýdalanylan çeşmeler: gdemoideti.ru; allremont59.ru; secretmag.ru; playroom.com.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar