Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bazarynda «Gorji» we «Narzan» haryt nyşanly mineral suwlar peýda boldy

16:2502.05.2024
0
18831

Dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan «Essentuki» suwlaryny öndürýän «Holding Akwa» kompaniýasy «Gorji» we «Narzan» haryt nyşanly mineral suwlaryny türkmen alyjylaryna hödürläp başlady.

«Gorji» suwlarynyň gözbaşy Kawkazyň mineral suwlarynyň ekologiki taýdan arassa sebiti hasaplanýar. Bu suwuň alynýan guýusy 2000-nji ýyldan bäri işläp gelýär we munuň özi bu suwuň gidrogeologiki nukdaýnazardan doly arassa bolmagyna esas döredýär.

«Gorji» — bu ýaş wulkan suwudyr. Dag daşlary suwda eräp, ony kremniý ýaly tebigy minerallar bilen üpjün edýär. Tebigy himiki reaksiýanyň netijesinde bolsa suw tebigy taýdan minerallaşyp, ondan kremnili «Gorji» — «ýaş wulkan suwy» emele gelýär.

«Gorji» suwunyň bir litri alymlaryň «ýaşlygyň we saglygyň mineraly» diýip atlandyrýan kremniý elementiniň gündelik zerurlygynyň 50 göterimini öz içine alýar. Kremniý direg-herekt ulgamynyň, gan damarlarynyň, saçlaryň, dyrnaklaryň, deriniň we lipid alyş-çalşynyň kadalaşmagynda möhüm hyzmata eýedir. Şeýle hem ol adamyň garramagyny haýalladýar, täzeleniş proseslerine işjeň gatnaşýar. Kremniý suwy metabolizmi çaltlaşdyryp, energiýanyň derejesini ýokarlandyrýar, şeýlelikde bolsa ony gündelik içmek üçin iň amatly bolan mineral suwa öwürýär.

Kabardin dilinden terjime edilende «mertleriň içgisi» diýen manyny aňladýan «Narzan» gadymy döwürlerden bäri hem bejeriş aýratynlyklary bilen meşhurdyr. Rowaýatlarda beýan edilişine görä, söweşijiler uruşlara gatnaşanlarynda bu çeşmeden suw içip, özlerinde deňsiz-taýsyz güýji we sagdynlygy döredipdirler.

«Narzan» tebigy mineral suwy kawkaz mineral suwlarynyň ekologiki şypahana sebitinde öndürilýär. Onuň peýdaly taraplary XVIII asyrdan bäri öwrenilip, ilkinji çüýşeli suw önümçilik zawody 1894-nji ýylda Kislowodskda açyldy.

Suw Kawkazyň belentliklerinden, Elbrusyň ereýän buzluklarynyň suwlaryndan gözbaş alýar. Ýagyş we ereýän buzlaryň suwlary gaýalardan we wulkan yzlaryndan akyp geçip, gysga bolmadyk 6 ýylyň dowamynda minerallar we tebigy kömürturşy gazy bilen baýlaşýar. Çeşmeden alnan suw, özboluşly düzümini, peýdaly aýratynlyklaryny we ajaýyp tagamyny saklap, guýudan alnan ýagdaýynda hem göni çüýşelere guýulýar.

«Narzanyň» gazlandyrmasynyň özboluşlylygy iki görnüşdedir:

- tebigy gazlandyrma çeşmedäki ýaly kömürturşy gazynyň derejesini saklaýar.
- gazlandyrylan mineral suwuň önümçilik mahalynda goşmaça gaz bilen üsti ýetirilýär. Şol bir wagtyň özünde suwuň tebigy düzümi üýtgemeýär.

«Narzanyň» düzüminde ýod (128% *), kalsiý (35%), magniý (40%), kaliý we natriý (19%), selen (gündelik kadasynyň 90%-i) ýaly 30-dan gowrak makro we mikroelementler bar.

«Narzan» umumy kuwwatlandyryjy täsire eýe bolup, önjeýli işlemek ukybyny, çydamlylygy ýokarlandyrýar we ynsanyň immun ulgamyna gujur berýär, iýmitleriň ýokumly maddalarynyň siňmegine oňyn täsir edýär. «Narzany» bejergi hem-de öňüni almak üçin ulanýarlar: ýaralar, gastrit, metabolik bozulmalar.

Türkmenistanda «Gorji» we «Narzandan» başga-da «Essentuki №4» we «Essentuki №17» ýaly beýleki meşhur mineral suwlar alyjylara ýetirilýär.

Öndürijiniň resmi paýlaýjylary saglyga örän peýdasyna bolan bu suwlaryň ýurduň ähli dükanlarynda elýeterli bolmagyny göz öňünde tutdular.

Indi Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy «Gorji», «Narzan», «Essentuki №4» we «Essentuki №17» ýaly mineral suwlary öýlerine eltip bermekleri üçin onlaýn söwda platformalaryndan sargyt edip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň