Turkmenportal logo
02.05.24
1057110571
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjan, Gazagystan we Özbegistan energiýa ulgamlaryny birleşdirmekçi
Surat: gazeta.ru

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň energiýa ulgamlaryny birleşdirmek barada Memoranduma gol çekendiklerini habar berdi. Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.


Ministriň sözlerine görä, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi taraplaryň üçüsine «ýaşyl» energiýa önümçiliginde özara hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de ony Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa eksport edip bolar.


Jabbarow resminamanyň durmuşa geçirilmeginiň üç ýurduň energiýa ulgamlarynyň goşulyşmagyna hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýany has bähbitli peýdalanmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.