Soňky habarlar

Arhiw

Plastik gaplary ulanmakda nähili ýalňyşlyklary goýbermeli däl

0
43391

Plastik gap-gaçlar we gaplamalar häzirki döwürde adamlaryň durmuşynda giňden orun aldy. Gündelik durmuşda PET-çüýşeleri, polietilen paketleri we konteýnerleri ulanmak bilen, adamlar plastikden peýdalanmakda käbir ýalňyşlyklary goýberýärler.

1-nji ýalňyşlyk — plastik gaplary azyk önümleri üçin köpgezeklik ulanmak.

Plastik gaplaryň ynsan saglygy üçin howpsuzlygy bolsa olaryň saklanyş şertlerine gözegçilik edilişine, ýaramlylyk möhletine we plastigiň niýetlenilişine laýyklykda ulanylmagyna baglydyr.

Polimerler könelme häsiýetine eýedir. Şol sebäpdenem, olaryň köp gezek peýdalanylmagy bilen, ýüzünde kiçijik jaýryklar döreýär, olarda bolsa wagtyň geçmegi bilen bakteriýalar jemlenýär.

2-nji ýalňyşlyk — Gabyň howpsuzlygyny görkezýän bellige (markirowka) ähmiýet berilmezligi. Plastik gaplaryň we gaplamalaryň önümçiliginde dürli hili polimerleriň birnäçe görnüşleri ulanylýar. Plastiklere olaryň howpsuzlyk ýagdaýy barada maglumat berýän ýörite bellikler ýazylýar.

PET («birlik») — polimeriň ynsan saglygy üçin iň howpsuz görnüşleriniň biri. Ondan içgileriň, suwlaryň, süýdüň gaplary, birgezeklik gaplar we ş.m öndürilýär. PET bellikli gaplaryň ulanylyş möhleti — bir ýyl diýlip kesgitlenilýär.

Mundan başga-da, azyk-iýmit önümleri üçin niýetlenen plastik gaplarda hökmany suratda bulguryň we wilkanyň belligi şekillendirilmelidir. 

3-nji ýalňyşlyk — mikrotolkun peje polietilen gapda nahar salyp ýylatmak. Mikrotolkun peçlerde nahar ýylatmak üçin «Mikrotolkun peç» diýen belligi bolan konteýneri peýdalanmaly.

Şu hili belligi bolmadyk gaplary ýyladyjy enjamlardan daşda saklamalydyr. Olar gyzgynlyga golaýlaşdyrylan mahalynda adam saglygyna zyýanly bolan formaldegid, geksan hem-de benzol ýaly täsirler bölünip çykýar.

4-nji ýalňyşlyk — çöregi we gök önümleri polietilen paketlere salyp goýmak. Bular ýaly önümleri diňe agaç ýa-da demir gaplarda, galyň kagyzdan ýasalan paketlerde, aýna konteýnerde, ýa bolmasa-da şu hili maksatlar üçin niýetlenen plastik gaplarda saklamak maslahat berilýär.

5-nji ýalňyşlyk — iýmit önümlerini gabat gelen gaba salyp doňdurmak. Edil islendik zady ýylatmakda bolşy ýaly, doňduryp goýmakda-da dogry gaby ulanmak zerurdyr. Önümleri doňdurmak üçin iň gowsy polistiroldan («altylyk») ýa-da «garjagaz» bellikli gapdan peýdalanmaly.

6-njy ýalňyşlyk — önümleri açylanyndan soň, gysylan (wakuum) gapda saklamak. Polimer gaplarda gysylan önümler uzak saklanýar we aňsat terligini ýitirmeýär. Emma olar açylanyndan soň, kislorodyň täsir etmegi esasynda dürli hili mikroorganizmler köpelip başlaýar. Hut şonuň üçinem, olar açylan halatynda önümleri aýna ýa-da farfor gaplara salyp goýmak maslahat berilýär.

Türkmenistanda plastik gaplaryň önümçiliginde öňdebaryjylaryň hatarynda «Algap» we «Begler ýoly» kärhanalary durýar.

Kärhanalarda önümçiligiň häzirki zaman şertlerine laýyklykda ýola goýulmagy, önümleriň görnüş taýdan köp bolmagy, hili we howpsuzlygy tassyklaýan halkara sertifikatlar esasynda önümlere bolan islegler günsaýyn ýokarlanýar.

«Algap» we «Begler ýoly» kärhanalary içerki bazarda, şeýle-de daşary ýurtlaryň bazarlarynda önümlerini giňden tanatdy. «Algap» we «Begler ýoly» kärhanalary bilen Gruziýanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we beýleki ýurtlaryň kärhanalary işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler.

Kärhanalaryň önüm görnüşleriniň hatarynda azyk önümleri üçin konteýnerler, miweler we bakja önümleri üçin sebetler, ownuk önümler we himiýa serişdeleri üçin gaplar, plastik gaplar we beýlekiler alyjylar köpçüligine hödürlenýär.

Sargyt etmek hem-de giňişleýin maglumat almak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bolýar: (+993 12) 57 57 77; (+993 65) 55 47 57; (+993 61) 17 00 09; (+993 61) 17 00 10.

Peýdalanylan çeşmeler: rspch.by

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar