Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäni tagam bilen maýyl edenler: türk aşpezler we olaryň täsin tagamlary

0
21984

Türkiýe diňe bir owadan kenarlary, baý taryhy we özüne çekiji gündogar bazarlary bilen däl-de, eýsem aşhanasy bilen hem giňden meşhur. Türk aşhanasy — tagamlaryň, yslaryň we reňkleriň hakyky kaleýdoskopy bolup, hatda iň talapkär gurmanlary hem haýran galdyryp bilýär. Daşary ýurtlarda bolsa, Türkiýäniň gastronomiki şöhratyny, esasan bu halkyň zehinli aşpezleri kesgitleýär.

Daşary ýurtlarda iň meşhur bolan türk aşpezleri, şeýle hem olaryň taýýarlaýan tagamlarynyň meşhurlygy, özboluşly hereketleri we aşpezlige döredijilikli çemeleşmeleri baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.

Surat: bigpicture.ru

Nusret Gökçe: «Duzuň hökümdary» — özüniň özboluşly steýk taýýarlaýşy hem-de pyçaga erk edişi bilen dünýäniň üns merkezine düşen türk aşhanasynyň esasy aşpezi.

Onuň hereketleri adyny bilmeýänler üçin hem tanyş bolsa gerek: gara äýnekli, tirseginden steýklere duz sepýän uzyn bolmadyk boýly adam. Bu ajaýyp hereketiň dünýäniň iň gowy PR hünärmenleriniň işiniň miwesidigini aýdýarlar.

Nusretiň restoranlary ýyldyzlar üçin barmak arzuw edilýän ýerdir: futbolçylar, aýdymçylar, aktýorlar we syýasatçylar bu ýere höwes bilen barýarlar. Maradona, Kirkorow we Kadyrow bu ýerde naharlanyp gördi. Nusretiň sowadyjylarynda dünýäniň iň baý adamlary üçin etler saklanýar. Eger siz elita degişli bolsaňyz, onda siz onuň gollarynyň steýklerini dadyp gören bolsaňyz gerek.

Nusretiň et imperiýasy, esasan, Stambulda ýerleşýär we ol iki görnüşli restorandyr: steýkhaus we burger restorany. Steýkhauslar has ýokary baha eýedir, burger jaýlary bolsa has amatlydyr.

Restoranlaryň hemmesi «Nusr-et» diýlip atlandyrylýar. Et türk dilinde «et» diýmegi aňladansoň, ine, bu jedelsiz oňa şeýle adyň dakylmagy bilen, Nusretiň doglan gününden bäri bagtlydygyny görkezýär.

\

Surat: asiaplustj.info

«CZN Burak» ady bilen meşhur bolan Burak Özdemir — sosial media ulgamynda millionlarça adamyň ýüregini awlan türk aşpezidir. Onuň ýokanç energiýasy, ajaýyp ýylgyryşy we täsin ullakan aşpezlik önümleri her bir adamy özüne çekýär.

Öz dogduk mekany Türkiýede Burak diňe bir ýyldyz däl, milli gahryman hökmünde häsiýetlendirilýär. Sosial media ulgamyndaky millionlarça ulanyjylaryň goldawy, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň el çarpmagy — bularyň hemmesi oňa halkyna bolan söýgüsini görkezýär.

Boş wagtlarynda aşpez haýyr-sahawat işlerini alyp barýar. Ynsanperwer kömegi we mätäçleri sowgatlar bilen begendirmek maksady bilen, ol ýurduň çar künjüne aýlanýar.

Emma bu onuň tagallalarynyň hemmesi däl! Burak kiçijik dostlarymyzy hem ýatdan çykarmaýar. Ol öýsüz itler üçin protez satyn alýar, olara täze, doly durmuş üçin mümkinçilik döredýär.

Stambulda üç restorandan başga-da, Buragyň Dubaýda özbaşdak kärhanasy bar. Özüni baýlar üçin aşpez hökmünde görkezýän Nusretden tapawutlylykda, Burak elýeterlilige bil baglaýar. Onuň restoranlarynda tagamlaryň bahalary islendik adam üçin elýeterli.

Burak restoranlaryna köplenç baryp görýär, myhmanlar bilen täsin ýylgyryp surata düşmekden elmydama hoşal bolýar.

Surat: commons.wikimedia.org/Sahinnedim

Nedim Şahin: Daliniňki ýaly murtly tüwiniň şasy

Jyň-jyň! Bugün ne yediniz? — demir bulguryň şeýle jyňňyldysy bilen ýerine ýetirilýän özboluşly çagyryş millionlarça TikTok ulanyjylaryna eýýäm tanyş bolsa gerek.

Nedim Şahin — Salwador Daliniňki ýaly murtly, edil şekiller bilen portretleri döretmese-de, onuň wideoreseptleri tomaşaçylaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Köp ýyldyz aşpezlerden tapawutlylykda, Nedim ekzotik goşundylara ýa-da çylşyrymly usullara daýanmaýar. Onuň baş gahrymany adaty bir tüwi bolup, ony kulta öwürýär. «Her gün üçin» diýlip atlandyrylýan kärhanalarda Nedim tüwi esasly elýeterli we kanagatlandyryjy tagamlary hödürleýär. Et, gök önümler, ýeralma goşuň — ine-de, ýakymly naharyňyz taýýar!

Nedimiň wideolary elmydama şol bir nusga eýerýär. Ak köýnekde, elindäki bulguryna urup, adamlara: Bugün ne yediniz? (Bu gün näme iýdiňiz?) diýip ýüzlenýär. Jogaby dessine taýyn: «Bu gün pylan nahar iýeris». Ondan soň tüwi ýerleşdirmek, üstüne goşmak we ilkinji hereketleri ýerine ýetirýär.

Birnäçe ýylyň içinde Nedim diňe ilkinji restoranyny giňeltmän, eýsem, Beşiktas etrabynda täze restorany hem açdy. Onuň restoranlary elmydama adamlardan doly we myhmanlar bilen myhmansöýerlikli aragatnaşyk saklaýar, olar bilen surata düşýär, şeýle hem pozitiwligi bilen göwünlerini göterýär.

Faruh Gezen deňiz önümlerinden aşpezlik eserlerini döredýär.

Häzirki wagtda Faruh balyk iýmitlerini taýýarlamak bilen meşgullanýan ýeke-täk köpçülikleýin türk aşpezidir. Ol naharlary hödürlemegiň özboluşly stili bilen tanalýar. Nahar bişirilenden soň, elmydama bir bölegini dadyp görýär, soň bolsa kanagatlanarly görnüşde kamera bakyp «OK» belgisini görkezýär we döredijiliginiň ajaýyp tagamyny tassyklaýar.

Faruh wideolarynda balyklary we deňiz jandarlaryny usullylyk bilen kesip, pyçaga erk edişiniň ussatlygyny hem äşgär edýär.

Daş keşbi, sakgaly onuň keşbiniň aýrylmaz bölegidir. Faruh elmydama «stilli» görünýär. Restorany Ankarada ýerleşýändigi sebäpli, ol syýahatçylaryň arasynda o diýen bir meşhur hem däl. 

Eger bu makalany okanyňyzdan soň, Aşgabatdan hiç ýere gitmezden şeýle hakyky türk tagamlarynyň lezzetini duýmak isleýän bolsaňyz, onda «Soltan» restoranlaryna barmak ýeterlik bolsa gerek. Restoranlar tory bu ýurduň gastronomiki däpleriniň dünýäsine syýahata alyp gitmekden hemişe hoşaldyr.

Tagamnamada bu ýere gelýän myhmanlara hoşboý ysly kebaplardan, pideden iň näzik lahmajunlara hem-de dönerlere çenli köp sanly datly tagamlar hödürlenýär. Bu ýerdäki mylakatly hünärmenler öz islegiňize görä nahar saýlamaga hem-de islendik gyzyklanýan soraglaryňyza jogap bermäge şatdyrlar.

Işine ukyply, zehinli baş aşpez Öwez Ataýew türk aşhanasynyň iň gowy reseptlerini ussatlyk bilen taýýarlamagy başarýar. Özboluşly marinadlar, tagam we ys beriji goşundylar hem-de awtorlyk souslary naharlara täsin tagam berýär.

«Soltan» diňe bir restoran däl, ol Aşgabadyň ýüreginde ýerleşýän Türkiýäniň bir bölegi.

«Soltan» restoranlarynyň salgylary we telefon belgileri:

• «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 17. Telefon belgileri: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;
• «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 2. Telefon belgileri: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;
• «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, K 1. Telefon belgileri: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81;
• Andalyp köçesi, 80 B, 2-nji gat (Parahat-4). Telefon belgileri: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26;
• Magtymguly şaýoly, 217-nji jaý, «Gül Zemin» söwda merkezi, 3-nji gat, D 09. Telefon belgileri: (+993 63) 20 86 86, (+993 12) 90 33 70, (+993 12) 90 33 80;
• «Aşgabat» SDAM, 3-nji gat, C-3.24. Telefon belgileri: (+993 62) 21 86 86, (+993 12) 41 54 50, (+993 12) 41 54 51;
• 2127-nji köçe (G. Kuliýew), 72-nji jaý, 2-nji gat. Telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.

Peýdalanylan çeşmeler: perito.media

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar