Soňky habarlar

Arhiw

Seresap boluň: Adamyň we jandarlaryň saglygyna zyýanly 10 sany otag ösümligi

0
37214

Penjiräniň öňünde tertipleşdirilip ýerleşdirilen otag ösümlikleri... Owadan ýaşyl ýapraklarda we gülleriň gunçalarynda howp döredip biljek näme bolup bilerkä. Şeýle-de bolsa, diňe kiçi çagalar we öý haýwanlary üçin däl, eýsem ulular üçinem howply bolan giňden ýaýran zyýanly ösümlikler bar.

Surat: flo.discus-club.ru

Anturiýum — bu ösümligiň gülüniň şiresinde oksalatlar — oksalat kislotasynyň duzlary bar. Ol derä degen ýagdaýynda allergiki täsire sebäp bolup biler, iýmit siňdiriş organlaryna düşse bolsa, bogazyň çişmegi we agyz boşlugynyň ýanmagy ýaly zyýanlara getirip biler.

Şonuň üçin bu ösümligi öýde el ýetmejek ýerde goýmak maslahat berilýär.

Surat: flo.discus-club.ru

Diffenbahiýa — baldagyndaky zäherli şire deriniň hem-de gözüň we agzyň ýanmagyna täsir edip, gijilewüge getirýär. Ýuwudylan ýagdaýynda bolsa, iýmitden zäherlenmä sebäp bolup biler.

Diffenbahiýany ýatylýan otagda goýmazlyk maslahat berilýär.

Surat: rastenievod.com

Plumeriýa — bu ösümligi ellejek mahalyň hökmany suratda ellik geýmelidir. Plumeriýanyň şiresi deriniň açyk ýerine degse, ol bedeni gijileder. Bu gülüň peýdasy otagdaky howany gowy arassalaýanlygy bilen baglydyr.

Taýlandyň halky bu ösümligiň şowlulyk we bagt getirýändigine ynanýarlar.

Surat: flo.discus-club.ru

Zamiokulkas — hatda ýaş gül ösdürijilerem onuň «Dollar agajy» diýen adyny eşidendirler. Zamiokulkas şiresinde kalsiý oksalady bar. Onuň zäherli şiresi esasanam kiçi çagalar we haýwanlar üçin howpludyr, çünki onuň aşgazana düşüp biljek kiçijik bölegi hem örän zyýanly zäherlenmä getirýär.

Zamiokulkasy allergik adamyň bar öýünde ösdürip ýetişdirmek maslahat berilmeýär.

Surat: rastenievod.com

Otag çyrmaşygy — bezeg lianasynyň baldaklary, ýapraklary we miweleri zyýanlydyr. Ösümlik hasam gök otlara ünsi gidýän pişikler üçin howpludyr.

Iýmitdäki maddalar parazit bakteriýalary we kömelejikleri ýok edýär. Otag çyrmaşygy howany gowy arassalaýar.

Surat: flo.discus-club.ru

Puansettiýa (Roždestwo ýyldyzy) — onuň açyk gyzyl reňkdäki gülleri öräm owadandyr, ýöne euforbiýa maşgalasyna degişli bolany üçin bu ösümlik zäherlidir. Gül döwülende ondan ýaýrap çykýan şire gyzarma we gijilemäge getirýär.

Surat: flo.discus-club.ru

Pahipodiýum — adatça ol «Madagaskar palmasy» diýlip atlandyrylýar. Agajyň sütüni ýiti tikenler bilen örtülendir, şonuň üçin ony çagalaryň we haýwanlaryň eli ýetmez ýaly ýerde goýmaly. Ösümligiň şiresi adamyň derisi üçin zyýansyzdyr, ýöne ýaralara düşen ýagdaýynda ýaramaz täsiri döredýär.

Surat: flo.discus-club.ru

Oleander — kiçi göwrümli otagda bu gülüň ysy kelleagyry döredýär. Mundan başga-da, oleander şiresi adam organizmine düşen mahaly gusma, içgeçme we ýürek-damar kesellerine getirýär.

Surat: flo.discus-club.ru

Amarillis belladonna — bu ösümlik gülleýän döwründe ajaýyp gözelligi emele getirip, otag medeniýeti hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Amarillisiň howply ýeri onuň soganlygy bolup, onuň şiresi gusmaga we sudoroga bermäge getirýär.

Surat: rastenievod.com

Adeniýum — bu kiçijik agaja meňzeýän ekzotik ösümlik. Onuň ajaýyp görnüşiniň aňyrsynda zäherli «häsiýeti» gizlenýär. Ösümligiň şiresi deriniň üsti bilen bedene geçip, ölüme sebäp bolup bilýär. Käbir afrikaly taýpalar henizem atýan oklaryna adeniýum şiresini goşýarlar.

Tebigatda dürli hili ýagdaýlar ýüze çykýar, käbir ösümlikleriň daşky görnüşi özüne çekiji bolsa-da, olar düzüminde ýeterlik derejede zäheri jemläp bilýärler. Şonuň üçin otag gülüni satyn alan mahalyňyz bu ugra has oňat düşünýän hünärmenler bilen maslahatlaşyň. Şunuň bilen birlikde, güllere ideg etmekde «howpsuzlyk çäreleriniň» ýönekeý düzgünlerine eýeriň, ýagny gülleri diňe ellik bilen ellemäge çalşyň, şeýle-de elleriňizi sabyn bilen gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň.

Bu ýagdaýlara aýratynam öýünde kiçi ýaşly çagalary bolanlar üns bilen çemeleşmelidir. Çagalar töweregindäki zatlar barada bilmegi, owadan gülleri elläp görmegi gowy görýärler. Şonuň üçinem ene-atalar otag ösümliklerini çaganyň eliniň ýetmejek ýerinde goýup tertipleşdirmelidir.

Peýdalanylan çeşmeler: wikibotanika.ru; proklumbu.com; selo.guru 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar