Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bahar pasly barada hemmelere gyzykly boljak täsin maglumatlar

0
111666

Näme üçin adamlaryň köpüsi ýaz paslyny halaýar we oňa ýylboýy garaşyp ýaşaýarlar? Belki, aýazly gyşyň öz ornuny güller açýan möwsüme berýändigi üçin, belki-de, ýaşyl tebigatyň ynsanlarda ynam döredip, täze başlangyçlara ylham paýlaýandygy üçinmikä?.. Goý, olam nähili duýguly bolsa-da, bu möwsüm barada size ýetirýän täsin maglumatlarymyz hem ünsüňizi çekse gerek.

Çagalar ýazda we tomusda örän tiz ösüp ýetişýärler. Iňlis alymlarynyň geçiren ylmy barlaglary mart aýyndan awgust aýyna çenli aralykda çagalaryň güýz-gyş möwsümine garanyňda boýlarynyň we agramynyň üç esse artýandygyny görkezdi. Işjeň ösüşe kömek edýän täsirler şulardan ybarat:

  • Gün şöhlesi. Onuň täsirinde D witamini öndürilýär we madda çalşygy hem çaltlaşýar;
  • Yssy howada beden ýylylygyny sarp etmeýär we ol boýuň ösmegine oňyn täsir edýär;
  • Çagalaryň köp wagtyny geçirýän arassa howasy hem-de ter miwedir gök önümler çaganyň ösmegine ýardam edýär.

Ýazyň güni adamlar beýleki pasyllar bilen deňeşdirilende köp dem alýarlar. Ýazda oýanýan ösümlikleriň kömegi bilen howa köp mukdarda kislorod bilen doldurylýar. Gyş aýlarynda kislorodyň ýetmezçilik eden möwsüminden soň, adam bedeni dikelip başlaýar, şol bir wagtyň özünde dem alyş öz derejesini üç esse ýokarlandyrýar.

Baharda hereketleriň tizligi bolup geçýär. Aýry-aýry ösümlikleriň gülläp ösmegine gözegçilik etmek arkaly alymlar bahar paslynyň hereket tizligini — günde 50 km diýip kesgitleýärler.

Sakura ýaz paslynda ilkinji gül açýan bag hasap edilýär. Gyzykly ýeri, agaçlaryň Watany bolan Ýaponiýada “hanami” (sakuranyň güllemeginiň baýramy) üçin iň oňat ýerleriň sanawy çykarylýar.

Bahar paslynyň resmi taýdan başlanmagy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde kantonal hökümetiň penjireleriniň aşagynda ösýän kaştan ösümliginiň güllemegi bilen kesgitlenýär. Adatça bolşy ýaly, kaştan ösümliginiň güli mart aýynda peýda bolýar, ýöne bu yzygiderliligiň bozulýan ýyllaram bolýar. Ýagny, 2002-nji ýylda kaştan ilkinji gezek dekabr aýynyň ahyrynda, 2006-njy ýylda bolsa iki gezek — mart we oktýabr aýlarynda gülläpdi.

Täsin bir geň galdyryjy maglumat — rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkin ýaz paslyny halamandyr. Hatda ol bu pasla bolan garaýşyny goşgularynda hem beýan edipdir:

Теперь моя пора: я не люблю весны;
Скучна мне оттепель – вонь, грязь весной я болен;
Кровь бродит, чувства, ум тоскою стеснены.
Суровою зимой я более доволен.

Ýaz paslynda köplenç tüweleý bolup, tupan turýar. Şeýle tebigy hadysalar bu pasylda beýleki möwsümlerden tapawutlylykda bäş esse ýokarlanýar. Alymlar muny planetamyzyň biologik sagatlarynyň gyşky wagtdan tomusky wagta geçýändigi bilen düşündirýärler.

2023-nji ýylyň 21-nji martynda günüň ýazky deňleşmesi bolup geçýär. Bu gün ýaz paslynyň astronomik taýdan başlanmagy hasaplanyp, gündiz bilen gijäniň deňleşýän wagtydyr. Käbir yrymlara görä bolsa, bu günde howa sowuk bolsa, onda geljekki 40 gün howa sowuk bolarmyş. Eger asmandaky bulutlar tiz we has ýokardan süýşseler, bu ýagdaý ýetip gelýän tomsuň hem-de güýzüň yssy-maýyl boljagynyň alamaty hasaplanýar.

Baharda guşlaryň saýramagy öwrenýändigi haýran galdyryjy hadysadyr. Dogry, aslynda guşlarda saýramak ukyby dogabitdi ýüze çykýan ýagdaý, ýöne olar öz keşbine laýyklykda jürküldemegi bahar paslynda öwrenýärler. Onsoň, guşlaryň örän owazly saýrap bilmegi üçin ortaça 300 gün gerek bolýar. Bu bolsa guşlaryň owazyny geljekki ýaz paslynda aýdyň ýüze çykarýar.

Peýdalanylan çeşmeler: aif.ru; azertag.az; yesmagazine.ru; i-fakt.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar