Soňky habarlar

Arhiw

Çagaňyzy geň galdyrjak gyş barada gyzykly maglumatlar

0
61237

Gyş pasly – ýylyň iň täsin wagty. Onuň gelmegi bilen bütin tebigat ajaýyp gyş ertekisine öwrülýär. Gyş bilen baglanyşykly näçe gyzykly maglumatlaryň bardygy hakynda şu güne çenli pikir edip gördüňizmi?

Bu döwürde daş töwerekde bolup geçýän wakalar hakynda biziň şu makalamyzdan öwrenip bilersiňiz, şeýle-de olary çagalaryňyz bilen paýlaşmagy ýatdan çykarmaň, sebäbi bu maglumatlar gyşy hasam jadyly we ajaýyp eder.

Gyş barada gyzykly maglumatlar:

  • Her bir gar tozgasy özboluşlydyr, tebigatda iki meňzeş gar tozgasy ýokdyr, ýöne şonda-da olaryň umumy bir zady bar – ýagny olaryň hemmesinde alty şöhle  bolýar.
  • Biziň hemmämiz garyň reňkiniň ak bolmagyna öwrenişdik, ýöne Antarktidanyň iň uly dagynda gyzyl, sary we gülgüne reňkdäki garlary hem görmek bolýar.

  • Gar tozgalarynyň aýdymlaryny eşidip gördüňizmi? Gar tozgalary, suwa degip, ýokary ýygylykly ses çykarýarlar, emma gynansak-da bu sesler adamlar tarapyndan eşidilmeýär.
  • Ýer ýüzünde ýedi milliarddan gowrak adam ýaşaýar we bu sanyň ýarysyndan gowragy öz gözleri bilen hiç-haçan gar görmändir.
  • Häzire çenli adamyň eline düşen iň uly gar tozgasynyň diametri 38 santimetre barabar bolupdyr.

  • Gary näçe söz bilen beýan edip bilersiňiz? Mysal üçin, eskimoslar garyň ähli mümkin bolan ýagdaýlaryny beýan etmek üçin 24 sany söz ulanýan bolsalar, sami ýaly demirgazyk halky bolsa gündelik durmuşynda bu maksat üçin 41 sany söz ulanýar.

  • Ýaponiýada tebigy buz kristallarynynyň öwrenijisi hökmünde meşhurlyk gazanan atmosfera buz fizikasynyň hünärmeni, ýapon professory Nakaýa Ukisironyň adyny göterýän gar tozgalarynyň muzeýi bar.
  • 2013-nji ýylda gyş möwsüminde Antarktidadaky stansiýada galan ýapon alymlarynyň kömegi bilen -91.2 gradusa deň bolan haýrana galdyryjy pes temperatura hasaba alyndy.
  • Bütindünýä gar güni! Eýsem, beýle baýramçylyk barmy näme? Howa bar, ol her ýylyň 19-njy ýanwarynda bellenilip geçilýär.
  • Buzyň temperaturasy dürli-dürli bolýar. Mysal üçin, Antarktida buzluklarynda olaryň temperaturasy minus 60 gradusa, Grenlandiýa buzluklarynda bolsa minus 28 gradusa çenli ýetip bilýär, iň ýyly gar bolsa Alp we Skandinawiýa daglarynyň depesinde ýerleşýär, onuň temperaturasy 0 gradus töwereginde bolýar.
  • Iň dowamly gar ýagmyryna 1932-nji ýylda Kanadanyň ýaşaýjylary şaýat bolupdyrlar. Gar ýagmagyny 9 gün dowam edipdir, munuň netijesinde garyň boýy bir gatly jaýlaryň üçegine çenli baryp ýetipdir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar