Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bu gyşda nädip ýylanmaly: gyzgyn çaýyň taýýarlanyşynyň 7 usuly dogrusynda

0
21514

Hawa, gyş dünýämize doly gadam basdy we onuň gelmegi bilen sowuk günler hem geldi. Gyş möwsüminde üşemezlik üçin dürli sitruslardan we ýakymly ysly ösümliklerden taýýarlanylýan, şol sanda özüňize ýakymly bolan çaýymyzy mümkin boldugyça ýygy-ýygydan içmäge synanyşyň. Şeýle içgiler sizi diňe bir gyşyň sowugyndan goraman, eýsem sowuklamany ýeňmäge, rahat dynç almaga we tutuş maşgalanyň bir saçagyň başyna üýşmegine ýardam eder. Gyş möwsüminde çaý taýýarlamak üçin dürli reseptleri siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Imbirli çaý

Imbir bedenden zyýanly maddalary aýyrýan, metabolizmi çaltlaşdyrýan we gany ýitirýän witaminleriň hakyky ammarydyr. Bu önüm limon bilen bilelikde ARVI, ýiti dem alyş ýokançlyklary, dümew we beýleki sowuklamalar üçin oňyn täsirli bolan halk lukmançylyk serişdesidir.

Dalçyn bilen alma

Hünärmenleriň alma bilen dalçynyň şeýle ýakymly we güýçlendiriji utgaşyklygyny kimiň döredendigi belli däl, ýöne bu çaý taýýarlanylyşy köp ýyllar bäri wajyplygyny ýitirmän gelýär. Alma bilen dalçyna gök çaý ýapraklaryny goşup, 30 minutlap hoşboý ys bilen doldurmaly. Termosly gezelenç etmek üçin ýakymly we göwnejaý içgi alyp, sowukdan-da lezzet alyp bilersiňiz.

Bally we malinaly içgi

Malina C witamine baý miwedir, oňa ary balyny goşmak bilen ondan öndürilen içgi sowuklama üçin ajaýyp antipiretiki serişde bolup hyzmat eder. Şeýle içgini taýýarlamak üçin çaý ýapraklaryny we malinany suwa atyň, otda 5 minut gaýnadyň, soňra az salymdan sowadyp, onuň üstüne bal goşuň.

Imbir hem-de oblepihaly içgi

Oblepiha çişleri ýok etmäge ýardam edýär, imbir bolsa umumy saglygy gowulandyrýar we keýpiňizi ýokarlandyrýar. Aslynda, çaýy frenç-presse demlemek ýerliklidir. Imbiri, oblepihany, miwe sirobyny, baly we narpyzy frenç-presse goýup, üstüne gaýnag suw guýuň we birnäçe minutlap goýuň. Netijede, örän tagamly içgi taýýar bolar.

Apelsinli Täze ýyl çaýy

Ruhuňyzy göterip, stresden dyndyrjak sitrus ysyndan gowy näme bolup biler? Şeýle jadyly içgini taýýarlamak üçin güýçli gara çaý demlemeli, soňra apelsiniň gabygyny artman kesmeli, ony jama salyp, üstüne şiräni, jemi hem-de dalçyn taýajygyny goşmaly. Pes derejedäki otda goýup, 15 minut bişirmeli. Soňra apelsin garyndysyny üwemek üçin ony blenderden geçirmeli. Çaýy alan garyndyňyz bilen goşup, hoşboý ysly içginiň lezzetini alyň.

Şipownikli çaý

Gyş agşamlaryna şipownik demlenip içmek immunitet ulgamyny güýçlendirmekde iň oňat usuldyr. Ony taýýarlamak üçin diňe şipownigi böleklere bölüp, 10 minut ýaly goýmaly, süzeniňizden soň bolsa limon suwy we bal goşmaly.

Armytly çaý

Ahyrky reseptleriň biri hökmünde armyt çaýyny bellemek gerek. Bu içginiň bir käsesi islendik agşama ýagtylyk nuruny berer. Ilki bilen, ýasmin çaýyny taýýarlamaly, ondan soň armydy, laým şiresini we dalçyny goşuň. Içgini 15 minutdan guýup bilersiňiz.

“Turkmenportal” informasion saýtynyň redaksiýasy maşgalaňyz bilen hemişe mylaýym gurşawda bolmagyňyzy we tagamly çaýlardan lezzet almagyňyzy isleýär. Hemişelik sagdyn boluň!

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar