Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Güýz: immunitetimizi gyş paslyna taýýarlalyň

0
11714

Gyş – Ýeriň her bir ýaşaýjysy üçin synagdyr, elbetde, muňa pasyllaryň biri-birinden düýpgöter tapawutlanmaýan ýeri bolan ekwatorda we oňa ýakyn zolaklarynda ýaşaýanlar degişli däldir. Hut gyş aýlarynda gün şöhlesiniň ýetmezçiligi, pes temperatura we ter gök önümleriň we miweleriň sarp edilişiniň azalmagy sebäpli, beden möwsümleýin ýokançlyklara has ejiz bolýar. Ultramelewşe ýagtylygyň we açyk reňkleriň ýetmezçiligi, möwsümleýin depressiýa çenli keýpiň peselmegine sebäp bolýar. Mümkin boldugyça az hereket etmek we has köp ýatmak islegi peýda bolýar.

Her bir adam bu hadysa bilen özüçe göreşýär. Kimdir biri özüni gyzgyn örtmäge synanyşýar we bar güýji bilen sowuk howadan gaça durýar, kimdir biri immunostimulýatorlary içip başlaýar. Başga biri bolsa, geljekde organizmi witaminler bilen doldurmak üçin tomusdan bäri miweleri we gök önümleri has köp iýmäge synanyşýar. Köplenç bu hileler peýdasyz, käbirleri bolsa zyýanly bolýar.

Bedenimizi gyşa taýýarlamak üçin näme etmeli?

Witaminler we mikroelementler

Tomus witaminlerini “ätiýaçlyk üçin” doldurmak mümkin däl, sebäbi olar organizmde ýygnanman, derrew siňýär. Şonuň üçin tomusda näçe gök önümleri we miweleri iýeniňiz möhüm däl – organizmi gyşda witaminler bilen üpjün etmeli. Bu ýerde witaminler we mikroelementler toplumy kömege gelýär, olar organizmi deňagramly utgaşmalarda we dozirowkalarda peýdaly maddalar bilen üpjün edýär.

Wajyp duýduryş: witamin toplumlaryny kabul edeniňizde, özüňizi bejermeli dälsiňiz, witaminler – dermandyr, olary hökmany ýagdaýda lukman bellemelidir. Muňa garamazdan, witaminleriň we mikroelementleriň dogry saýlanan toplumlary özüňi duýşuňy we umuman durmuş hilini ep-esli ýokarlandyryp biler.

Dermanlary içmegi halamaýanlar adaty önümlerdäki witaminlere üns bermelidir. Ýylyň sowuk möwsüminde dürli sitrus miweleri peýda bolýar – olar C witaminiň güýçli çeşmesidir. Apelsinler, mandarinler, limonlar we greýpfrutlar gyş iýmitimizde hökman bolmaly. Şeýle hem süýji burç we kiwi miwesi C witaminine baýdyr.

B toparynyň witaminleri özüňi gowy duýmak we güýçli immunitet üçin möhümdir. Olar deriniň we saçyň ýagdaýyna oňyn täsir edýär, şeýle hem nerw ulgamyny güýçlendirýär. Bu witaminler haýwan önümlerinde – etde, balykda we ýumurtgada, bananlarda, hozlarda, şeýle hem kösükliler, tüwi, arpa, süle ýaly birnäçe ýarmalarda bolýar.

D witamini we sink gyş möwsüminde immuniteti güýçlendirmekde gowy täsir edýär.

Gyşda organizmi demir bilen iýmitlendirmeli. Demiriň ýetmezçiligi ganazlyga sebäp bolýar, ganazlyk – hemişelik gowşaklyk, ukusyzlyk, baş aýlanmak we immunitetiň peselmegini aňladýar. Iýmitdäki demir çeşmeleri – alma, sygyr bagry, et, greçiha ýarmasy, arahis hozy, gara şokolad, ysmanak.

Sowuklama möwsüminde ýagly balyklar has dogrusy, düzüminde bolan Omega-3 örän peýdaly. Doýgun bolmadyk ýag kislotalarynyň çişmä garşy täsiri bolup, olar immunitete oňyn täsir edýär. Munda deňiz balyklaryny we zeýtun ýagyny öz içine almak şerti bilen konserwirlenen balyklar hem peýdaly täsir edýär.

Fiziki amallar

Bedeniň ýokançlyklara garşylygyny ýokarlandyrmakda beden berkitmegiň peýdasy hem öran ulydyr. Elbetde, bu ýerde çäräni berjaý etmek we organizmi ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişdirmek möhümdir – taýýaryksyz buzly suwuň aşagyna girmeli däl we daşarky temperatura nol derejä ýetende, ýeňil eşikli ylgap başlamaly däl. Beden berkitmäni sowuk howa başlamazdan öň başlamaly we organizme bolan güýjüni tapgyrlaýyn köpeltmeli.

Ýüzmek we buzda typmak ajaýyp güýçlendiriji täsire eýedir. Sport bilen, esasanam, arassa howada ortaça meşgulanmak diňe organizmiň garşylygyny ýokarlandyrman, eýsem dartylmalaryň we şikes ýetmegiň howpuny ýokarlandyrýan we gyşda has az çeýe bolan we süýnýän myşsalaryň tonusyny hem ýokarlandyrar.

Immuniteti güýçlendirmek üçin witamin toplumlarynyň giň görnüşi “Boý Bodron” dermanhanasynda hödürlenýär. Bu ýerde diňe bir witamin ýa-da üçden köp bolmadyk witamineri özünde saklaýan serişdeleri däl-de, eýsem ulular we çagalar üçin mikroelementler bilen kadalaşdyrylan multiwitamin toplumlaryny tapyp bilersiňiz.

Köp lukmanlar adaty lukmançylyk usullaryna, hususan-da, derman ösümliklerine üns bermegi maslahat berýärler, olary “Boý Bodron” dermanhanasynda satyn alyp bilersiňiz.

“Boý Bodron” dermanhanasyndaky ähli dermanlar we lukmançylyk enjamlary “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň talaplaryna we GMP halkara standartlaryna doly laýyk gelýär. Dermanhana harytlaryň hilini kepillendirýär, sebäbi ol diňe ygtybarly üpjün edijiler bilen işleýär we dermanlary saklamak we ulagly daşamak üçin ähli düzgünleri berjaý edýär.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar