Turkmenportal logo
22.10.21
1079010790
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Boý bodron” dermanhanasynda ýerli dermanlyk serişdeleri müşderilere ýetirilýär

“Boý Bodron” dermanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Saglyk” derman kärhanasynyň köp sanly dermanlyk serişdeleri we ösümlikleri raýatlara hödürlenilýär.


Dermanhanadan çalynýan dermanlyklary (melhemler, erginler we ş.m.), şeýle-de gerdejik görnüşindäki dermanlaryň dürli görnüşlerini tapmak bolýar. Şol sanda sowuklama garşy dermanlar, antibiotikler, ýürek dermanlary we aşgazan-içege ulgamy üçin niýetlenen dermanlar we beýleki serişdeler hem melhemler alyjylaryň islegini kanagatlandyryp biler.


“Boý Bodron” dermanhanasy müşderileriň amatlyklary üçin ball toplaýyş kartyndan peýdalanmaga hem çagyrýar. Toplanan ballar esasynda satyn alynýan dermanlar üçin töleg edip bolýar.


“Boý Bodron” dermanhanasy Aşgabat şäher, Görogly köçesi, “Aşgabadyň ýalkymy” söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýär.



Şeýle-de okaň: