Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

16:4025.11.2024
0
18050

24-nji noýabrda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 100 sany saýlanan goşgularynyň hytaý dilindäki täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatyň dowamynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan, şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew çykyş etdiler.

Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti we şahyryň eserleriniň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki orny bellenildi. Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň howandarlygynda we Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň goldaw bermeginde jemi 1000 nusgada çap edilen, Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory Daý Guýsýu tarapyndan terjime edilen nusgawy şahyryň täze goşgular ýygyndysy barada aýratyn durlup geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň giriş sözleri bilen başlanýan bu kitap «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşurylan Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofenanyň sözbaşysyny, şeýle hem Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Alymlar geňeşiniň makalalaryny öz içine alýar.

Çäräniň barşynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplar Magtymgulynyň goşgularyny türkmen we hytaý dillerinde okadylar. Soňra Türkmenistanyň ilçisi we hormatly myhmanlar şahyryň hytaý dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler.

Maslahatyň çäginde TürkmenistanyňiIlçisi Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan bilen duşuşdy. Taraplar türkmen we hytaý dillerini öwrenmäge, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny degişli maksatnamalaryň çäginde terjime etmek boýunça işleri dowam etdirmäge ünsi çekip, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomaty Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektoryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň