Turkmenportal logo
25.11.24
1397413974
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
17-nji dekabrda Türkmen-ýapon komitetleriniň bilelikdäki 15-nji mejlisi geçiriler

17-nji dekabrda Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 15-nji mejlisi geçiriler.


Halkara habarlar merkeziniň ýazmagyna görä, çärä gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň iň öňdebaryjy korporasiýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny öz içine alýan 100-e golaý adamdan ybarat ýapon wekiliýeti türkmen paýtagtyna geler.


Çäräni Ýaponiýanyň Russiýa we GDA ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary boýunça Assosiasiýasy (ROTOBO) guraýar. Mejlisiň gün tertibinden ulag infrastrukturasy, elektroenergetika, senagat, suw hojalygy, maliýe, ekologiýa, bilim we saglygy goraýyş ugurlary bilen bagly meseleler giriziler. Şeýle-de taraplar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, maýa goýumlary çekmäge we innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen taslamalary ara alyp maslahatlaşarlar.