Soňky habarlar

Arhiw

Spanbondy öndürmegiň tehnologiýasy

0
7941

Spanbonddan öndürilen önümler bilen biz her gün diýen ýaly duş gelýäris. Ondan lukmançylyk örtükleri we çagalar üçin arlyklaryň ýokarky gatlagy, birgezeklik lukmançylyk başgaplary, halatlary we bahilalary öndürilýär, spanbonddan kompaniýanyň logotipleri bolan söwda sumkalary we haltalary öndürilýär, şeýle hem spanbond örtük materialy hökmünde ýyladyşhanalaryň gurluşygynda ulanylýar. Ýeňil, çydamly, ekologiýa taýdan arassa, howa we yşyk geçirýän, üstesine-de, gymmat bolmadyk material barha meşhurlyga eýe bolýar, onuň ulanyş ugurlary bolsa günsaýyn giňelýär.

Spanbondyň emeli sapakdan ýasalan dokalmadyk materialyň bir görnüşi bolup durýandygyny köpümiz bilýäris, ýöne spanbondyň nähili ýasalýandygyny az adam bilýär.

Polipropilen süýüm emele getirmek ukyby sebäpli, spanbond üçin esas bolup durýar. Polipropilen ilki eredilýär we filýer deşikleri bolan ýörite görnüşlerden geçirilýär. Eger reňkli spanbond gerek bolsa, bu tapgyrda ergine boýag goşulýar.

Eredilen polimer diametri 240-1100 mikron bolan mikroskopiki deşiklerden geçýär we, şeýlelik bilen, spanbonduň esasyny – sapagy emele getirýär. Geljekki materialyň galyňlygy filýer deşikleriniň diametrine baglydyr.

Taýýar süýümler sowadylýar, çekilýär, transportýora ýerleşdirilýär we soňra bolsa himiki emdirmek usuly, suw pürkmek usuly ýa-da gyzgyn howanyň kömegi bilen polotno emele getirmek prosesi başlaýar. Süýümler öz aralarynda birleşmeli däldir, olar diňe bir-birine ýapyşmaly.

Ahyrky tapgyrda spanbondyň öndürilen maksadyna baglylykda ol dürli goşmaça birleşmeler bilen goşulýar, soňra bolsa rulonlara saralýar we gaplanýar.

Spanbonddan önümler öndürilende, hem tikiş usuly, hem termiki ýelimlemek usuly ulanylýar.

“Türkmen Senet” Hojalyk jemgyýeti – Türkmenistanda spanbondyň we ondan öndürilen önümleriň ýeke-täk öndürijisidir. Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 7,56 müň tonna önümden ybarat. Ulanylýan çig mal hökmünde Türkmenistanda öndürilýän, ýagny Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki Polimer zawodynda öndürilýän süýüm emele getirýän polipropilen ulanylýar. “Türkmen Senet” HJ- niň galyň – 1 inedördül metre 100 gramlyk önümden başap, iň agramsyz – 1 inedördül metre 0,20 gramlyk önüme çenli jemi 2500 tonnadan gowrak önüm öndürdi.

“Türkmen Senet” birgezeklik lukmançylyk örtüklerini, halatlary, bahilalary we hirurgiki eşikleri öndürýän “Saglyk” kärhanasyny spanbond bilen üpjün edýär. Mundan başga-da, “Türkmen Senet” HJ-da birgezeklik gorag eşikleriň toplumy, sumkalary, daşlyklary we başga-da köp sanly önümleri tikýän tikin ussahanasy bar.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar