«Spanbond» - bu polipropilen süýümden öndürilýän dokma däl material, bu täze önüm türkmen bazarynda ýaňy-ýakynda peýda boldy. 2019-njy ýylyň fewralynda “Türkmen Senet” zawody ulanmaga berildi, 2020-nji ýylda bolsa zawodda dokma däl spanbond matasynyň önümçiligi ýola goýuldy.
Häzirki wagtda tebigy reňkli, ak, mawy, goňur, mele, sary, mämişi we ýaşyl reňkli spanbond önümçiligi alnyp barylýar. Ýylda 2,5 müň tonna golaý önümçilik mümkinçiligi bolan spanbonddan eýýäm ekologik paketler, medisina, senagat we tekstil önümçiligine niýetlenen harytlar öndürilýär.
Spanbondyň ulanylýan esasy ugurlary – agrotekstil, mebel önümçiligi, mahabat hyzmatlary, tikinçilik önümçiligi, medisina we ş.m.
- Spanbond oba hojalygynda, esasan, örtgi materialy hökmünde ulanylýar – çünki ol göni düşýän Gün şöhlelerinden goraýar, munuň üçin ak spanbond ulanylýar. Matany üç ýyla çenli ulanmak mümkindir.
- Mebel önümçiliginde ýumşak mebel almak üçin reňkli spanbond ulanmagyň mümkinçilikleri örän köpdür.
- Şeýle-de spanbond dürli mahabat önümlerini, dürli torbalary, supermarketler üçin paketleri we gaplama önümlerini taýýarlamak üçin örän amatly materialdyr.
- Dokma däl matalar şahsy gorag serişdeleriniň, esasan hem bir gezeklik gorag geýimleriniň, agyz-burun örtükleriniň we ş.m. önümçiliginde ulanylýar.
Spanbond materialynyň giňden peýdalanylmagynyň esasy aýratynlygy, elbetde, önümçilikde özüne düşýän gymmatynyň arzanlygydyr, bu bolsa çig malyň öz ýurdumyzda önýänligi bilen mümkin bolýar. Spanbond öndürijileri Gyýanlydaky polimer zawody we Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy çig mal bilen üpjün edýär. Ýerli öndürijiden çig mal almak bolsa uly ykdysady üstünlikdir.
Spanbondyň senagatda giňden peýdalanylmagynyň esasy tehnologik aýratynlyklary şulardan ybarat:
- Ekologiki taýdan arassalyk we zyýansyz bolmagy – materialy emele getirýän sintetiki süýümler ýelim ulanylmazdan biri-birine berkidilýär, bu bolsa ýokary temperaturanyň täsiri bilen zyýanly maddalaryň bölünip çykmagynyň öňüni alýar;
- Ýeňillik, berklik we könelmezlik;
- Howa geçirijilik we ýylylygy saklamak ukyby;
- Temperaturanyň peselmegine durnuklylyk;
Spanbondyň esasy aýratynlygy – dykyzlykdyr, beýleki häsiýetleri bolsa (reňki, giňligi) islege görä üýtgeýär. Spanbondyň dykyzlygy öndüriji tarapyndan harydyň etiketkasynda görkezilýär, satyn almazdan öň dokma däl matany ulanylyş maksadyna görä gerek bolan görnüşini saýlamak gerekdir.
Spanbond ähli aýratynlyklaryndan we giňden peýdalanylmagyndan başga-da, ol bütin dünýäde polietileniň ornuny tutýan material hökmünde barha meşhurlyga eýe bolýar. Bu ýörelge häzirki wagtda diňe başlangyç tapgyrda, emma polietilen önümleriň ýerine spanbondyň ulanylyp başlanmagy has giň gerime eýe bolýar.
«Türkmen Senet» zawody öz önümçiligini artdyrmagy maksat edinýär, çünki zawod dokma däl mata bilen diňe bir içki bazarlary däl, eýsem, halkara bazarlaryny hem üpjün edýär. Munuň bilen baglylykda, «Türkmen Senet» zawodynyň dürli görnüşli önümçiligiň giňeldilmeginde bolşy ýaly, umumy önümçilikde hem uly geljeginiň bardygy hakynda netije çykarmak bolar.
Şeýle-de okaň: