Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmensenet» 500 tonna spunbond öndürdi

11:4303.08.2020
0
13777

Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da «Türk­men­se­net» hu­su­sy kär­ha­nasy do­kal­ma­dyk ma­teria­lyň (spun­bond) önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­dy ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän za­wo­d ýyl­da bu önü­miň 2,5 müň ton­na­sy­ny ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nil­di. Kär­ha­na­ da­şa­ry ýurt­lar­dan geti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri özü­miz­de ön­dür­mek bo­ýun­ça iş alyp bar­ýar. Önüm­çi­li­k çig ma­ly hökmünde Türk­men­ba­şy­nyň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da, şeý­le-de Gy­ýan­ly po­li­mer za­wo­dyn­da ön­dü­ril­ýän po­lip­ro­pi­len ýa­ly sü­ýümeme­le ge­tir­ýän po­li­mer­ler ula­nyl­ýar.

Olar­da ön­dü­ril­ýän po­li­mer­ler dü­zü­mi bo­ýun­ça ýo­ka­ry hil dere­je­le­ri­ne ky­bap gel­ýär. Ön­dür­ýän önüm­le­ri eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa bo­lup, daş­ky gur­şa­wa hiç-hi­li zy­ýan­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­me­ýär.

Kär­ha­na­da hä­zir­ki döw­re çen­li dür­li öl­çeg­dä­ki we dür­li reň­kdä­ki spun­bon­dyň 500 ton­na­dan gow­ra­gy ön­dü­ril­di.

«Türk­men­se­net» kär­ha­na­syn­da ön­dü­ril­ýän in­nowa­si­ýa önüm­le­ri müş­de­ri­le­r ta­ra­pyn­dan uly is­le­ge eýe bol­ýar. Önüm­le­r luk­man­çy­lyk eşik­le­ri­ni we es­bapla­ry­ny, ýor­gan-dü­şek ýa­sa­mak üçin giň­den ula­nyl­ýar.

Şeý­le-de gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny, ör­tük­le­ri,sum­ka­la­ry, aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek­de ula­ny­lyp bil­ner. Kär­ha­na hä­zir­ki wagt­da bir ge­zek ula­nyl­ýan luk­mançy­lyk eşik­le­ri­niň, go­rag ör­tük­le­ri­niň, aýak­gap ör­tük­le­riniň, ope­ra­si­ýa otag­la­ry üçin bir ge­zek ula­nyl­ýan se­rişde­le­riň önüm­çi­li­gi­ni-de ýo­la goý­dy. Şeý­le-de gel­jek­de dür­li ulu­lyk­da­ky sum­ka­la­ry, eşik­le­ri, baş­gap­la­ry we aýak­gap­la­ry ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýä­r. Do­kal­ma­dyk önüm­le­riň gid­ro­fo­bi­ki (suw ge­çir­me­ýän) hä­si­ýet­leri­niň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. Mu­nuň özi önüm­le­ri ulan­mak­da amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň