Soňky habarlar

Arhiw

Spanbondan nämeleri öndürip bolýar

0
7349

Mikrosüýümli polipropilenden öndürilen material häzirki zaman adamyň gündelik durmuşyna has içgin aralaşdy.

Spanbond önüminiň mahabatda ulanylyşynyň geljegi has uludyr. Çünki bu hili gaplama önümlerine kompaniýalaryň adynyň we nyşanynyň ýazylmagy ýokary islege eýedir. Ol, esasan-da, kosmetologiýada we lukmançylykda has islegli. Şonuň üçin-de daşary döwletletde spanbonddan öndürilen ýantorbalar mahabat maksady bilen peýdalanylýar. Spanbonddan ýasalan önümler eýýäm ençeme wagt bäri ýer ýüzüniň ekologiki ýagdaýyna howp salýan bir gezeklik plastik torbalaryň ýerini tutup gelýär. Tebigatda birnäçe ýüz ýyllap çüýremeýän polietilen paketlerden tapawutlylykda, spanbond Gün şöhlesiniň täsiri bilen 10-12 aýda, toprakda bolsa 3 - 5 ýylyň dowamynda doly çüýreýär. Mundan başga-da, spanbondy gaýtadan işlemek bolýar.

Spanbond gaplamasy berkligi we owadanlygy bilen tapawutlanyp, olar islendik reňkde öndürilýär we dürli suratlardyr nyşanlar bilen bezelýär. Spanbond önümçiliginiň arzandygy olardan lukmançylyk işgärleri üçin bir gezeklik ýörite eşikleri, aýakgap örtüklerini, agyz-burun örtüklerini, bir gezek ulanylýan hirurgiki enjamlary öndürmäge mümkinçilik berýär. Spanbondy awtoklawlarda ýa-da bugda zyýansyzlandyryp bolýar. Oňa howa geçirmek häsiýeti mahsusdyr. Şonuň üçin-de bu önümler geýmek we dakynmak üçin amatlydyr. Şeýle hem spanbondlar çagalar üçin bir gezeklik arlyklaryň ýokary gatlagynyň önümçiligi üçin zerur çig maldyr.

Spanbonddan eşikleri saklamak üçin berk we howa geçiriji gaplamalar ýasalyp, olarda zatlar tozandan we gün şöhlesinden goragly bolýar. Şeýle hem olardan sowgatlyklar üçin owadan we berk gaplamalar taýýarlanylýar.

Spanbonddan taýýarlanan önümleri diňe el bilen ýyly suwda ýuwmalydyr. Şunda olary arassalamak üçin çotga ýa-da gury mata ulanmak ýeterlikdir.

Türkmenistanda spanbond önümçiligi bilen «Türkmen Senet» kärhanasy meşgullanýar. Bu kärhana ýurdumyzda ilkinji bolup, milli ykdysadyýetiň zerurlyklary üçin dokalmadyk materiallaryň önümçiligini ýola goýdy. Zawodyň kuwwaty dürli dykyzlykly spanbondlaryň — iň inçeden (inedördül metr üçin 15 gram) dykyz we reňksiz (inedördül metr üçin 140 gram) görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 8 müň tonna taýýar önümi öndürmäge mümkinçilik berýär. «Türkmen Senet» islendik reňkde — ak, gara, gök, goýy, gyzyl, mämişi we başgalar spanbond öndürýär. Mundan başga-da, kärhana sargytlar boýunça dürli nyşanly eko-ýantorbalary we paketleri, uçar oturgyçlaryň kelleliklerini, bir gezeklik egin-eşik toplumlaryny, lukmançylyk edaralary, dükanlar we naharhanalar üçin agyz burun örtüklerini we bir gezeklik aýakgap örtükleri öndürýär. Spanbond oba hojalygynda örtüji-gaplaýjy serişde hökmünde ulanylýar. Şeýle hem ýyladyşhanalaryň gurluşygynda onuň hyzmatyndan peýdalanylýar.

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherindäki polimer zawodynda spanbonddan polipropilen süýümi öndürilýär. «Türkmen Senet»-iň hyzmatdaşlarynyň arasynda Abadan Haly, Lukmancylyk enjamlary, Ak bulut ýaly ýerli, şeýle hem Eurasian Health Care LLP, Magnetic Limited, Medexpress Limited ýaly daşary ýurt kompaniýalary bar. Kärhananyň önümleriň hili ISO 9001: 2015 standartynyň halkara şahadatnamasy bilen tassyklandy. Şeýle hem Türkmenistanyň «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy tarapyndan «Türkmen Senet» kärhanasyna degişli Şahadatnama berildi. Türkmenistanyň hususyýetçileriniň gazananlarynyň sergisinde bu kärhana üçünji derejeli diplom bilen sylaglandy.

Tebigy şertlerde dargaýan mata däl önümler sarp edijileriň we öndürijileriň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Olardan öndürilýän önümler has gymmat dokma önümleriniň we ekologiýa taýdan zyýanly plastmassa gaplamalarynyň ýerini tutup biler.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar