Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Agyr atletika boýunça dünýäniň çempiony Ýulduz Jumabaýewanyň ilkinji tälimçisi bilen söhbetdeşlik

0
6314

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy baharynyň ilkinji aýynyň 10-njy güni türkmen sportunyň taryhynda aýratyn uly waka boldy. Ozal hem habar berlişi ýaly, şol gün milli Liderimiz 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň altyn medallarynyň eýesi Ýulduz Jumabaýewa mynasyp bolan medallaryny, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyny we Şa serpaýyny ― ýeňil awtoulagy gowşurdy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bu ýakymly wakanyň dowam edýän pursatlarynda dünýä çempionynyň ilkinji tälimçisi, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Zeripbaý Kerimbaýew bilen söhbetdeş bolduk.

― Zeripbaý aga, Ýulduzyň obalarda türgenleşýän müňlerçe ýaş türgenler üçin nusga bolup biljek sport ýolunyň bolandygyndan habarymyz bar. Käbir makalalarymyzdyr söhbetdeşliklerimizde bu ýol barada gysgaça bolsa-da agzapdyk. Ýöne agyr atletikaçy gyz barada ýakymly habarlaryň dünýä dolan günlerinde şol ýoly has içgin yzarlamak isledik. Çünki şol ýol ony Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 1-nji sport mekdebinden dünýä çempionlygyna çenli alyp geldi. Siz bolsa bu ýola iň belet adamlaryň biri ― Ýulduzyň ilkinji tälimçisi. Şonuň üçin söhbedimizi onuň sport älemi bilen didarlaşyşyndan başlaýalyň!

― Baş üstüne! Ýulduz meniň doganymyň gyzy, ýegenim. Tälimçi bolamsoň, gözüm obanyň 10 — 12 ýaşlaryndaky çagalaryndady. Olaryň içinden agyr atletikaçy bolup biljeklerini saýlap, türgenleşdirip başlaýardym. Heniz 11-12 ýaşlaryndaky gyzjagazka Ýulduzda hem şol ukyby gördüm. Ol şol wagt (2010-njy ýylyň gürrüňi) sportdan uzak, adaty bir mekdep okuwçysydy. Biziň töwereklerimizde agyr atletika sportuna kän üns berilýän hem bolsa, çagalary türgenleşige çekmek ýeňil däldi. Olaryň özi razy bolsa-da, ata-enelerini razy etmek kyndy. Doganym Eminedir giýewimiz Alymbaý hem ilki başda Ýulduzyň türgenleşiklerine gatnaryny göwnemediler. Olary razy etjek bolup hem ep-esli wagtym gidendir. Ýöne başardym, şeýdibem bu günki dünýä çempiony sport älemine ilkinji gezek mundan 11 ýyl ozal salam berdi. Şol wagt ol 12 ýaşyndady.

― Ýulduz dört doganyň iň körpesi. Siz agyr atletika bolan ukyby diňe şonda gördüňizmi ýa-da beýleki doganlary hem sport bilen meşgullandymy?

― Dogrusy, onuň agasy Atajan hem türgenleşdi. Ýurt derejesindäki ýaryşlara-da gatnaşdy. Ýöne ol soň başga ýoly saýlap aldy. Bu maşgaladan sporty ykbalyna öwren wekil ― diňe Ýulduz.

― Onuň özüni agyr atletika nädip höwrükdirdiňiz?

― Ilki-ilkiler ony türgenleşiklere öz ýanym bilen getirsem hem birbada diňe türgenleşige goýbermedim. Ýulduz diňe bir çetde oturyp, ozaldan türgenleşip ýören gyzlary synlaýardy. Wagtyň geçmegi bilen, onuň özünde-de höwes oýandy. Ilkinji käbir agram daşlaryny göterip gördi, soň hem assa-ýuwaşdan ştanga höwrükdi gidiberdi.

― Ýulduz eýýäm ilkinji türgenleşiklerinde sizde kanagatlanarly täsir döreden bolsa gerek.

― Hawa, onuň aýratyn yhlasy bardy. Synanyşmakdan ýadamaýardy. Onda halaýan häsiýetlerimiň ýene biri hem az sözlüdi. Esasy ünsi türgenleşiklere berip, öňünde goýan maksatlaryna tiz ýetmäge çalşardy. Şol erjelligi hem onuň soňky üstünlikleriniň gözbaşy boldy.

― Onuň ilkinji gatnaşan ýaryşlary ýadyňyza düşýärmi?

― Hawa, ilkinji gezek türgenleşip başlanyndan 6 aý soňra sport mekdebimiziň birinjiligine gatnaşdy. Ilkinji ýaryşynda köp türgenlerde tolgunma, aljyrama bolýandyr welin, Ýulduzda beýle ýagdaýy görmedim. Ynam bilen ýaryşdy we öz agram derejesinde mekdebimiziň çempiony boldy. Soňra etrap, welaýat, döwlet derejesindäki ýaryşlarda hem yzygiderli üstünlikleri gazandy. Belki, ýadyma düşýän däldir, ýöne meniň bilşime görä, Ýulduz içki ýaryşlaryň ýekejesinden hem medalsyz dolanmady.

― Ýulduz ilkinji halkara ýaryşyna 2013-nji ýylda gatnaşypdy. Şol wagtam siziň eliňizde türgenleşýärdimi?

― Hawa, hem biziň mekdebimiziň türgeni, hem etrabymyzdaky 51-nji orta mekdebiň okuwçysydy. Şol wagt ol Daşkentde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşypdy. Ilkinji halkara ýaryşy bolanlygy üçin Ýulduza «B» toparçada çykyş etmäge mümkinçilik berdiler. Ol bolsa ýaryşda iň gowy netije görkezen 10 türgeniň arasyna girip, uly geljeginiň bardygyny eýýäm şol gezek ykrar etdiripdi. Şol ýaryşdan gaýdyp gelensoň, ony paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine okuwa aldylar.

― Söhbetdeşliklerimizde ol sizi häzir hem ýakym bilen ýatlaýar. Bu bolsa häli-häzirlerem siz bilen maslahatlaşyp durýandygyny görkezýär.

― Hawa, häzir hem aramyzda halypa-şägirtlik baglanyşygy güýçli. Uly ýaryşlaryň bosagasynda hökman jaň edip maslahatlaşýar. Dynç alyşlarda biziň bilen türgenleşýär.

― Agyr atletika hemişe garaşanyň çykyp durýan sport däl. Käte garaşylmadyk ýerde şowsuzlyklar hem ýüze çykaýýar. 15 ýaryşdan gowrak halkara tejribesinde şol şowsuzlyklardan Ýulduz hem halas däl. Onuň ruhy çökgünlige garşy göreşip bilşi nähili?

― Dogry aýdýaň, inim! Şeýle pursatlar agyr atletikada has kän bolýar. Ýulduz muňa düşünerçe tejribe toplady. Onsoň hem janköýerler kim bolsa-da her bir türgenden hemişe gowy netijä garaşmaly däl. Ol şowsuzlyga uçranda goldamaly. Ýulduzyň özi bolsa şeýle pursatlardan tiz sapak çykaryp bilýän türgen. Ol şowsuzlygy dessine unudyp, ähli ünsüni öňdäki ýaryşda jemläp bilýär. Onsoň hem Ýulduz heniz bary-ýogy 23 ýaşynda. Ýene kän ýyllap ýokary derejede çykyş edip biler. Belki, onuň ýeneki üstünlikleri barada gürrüň ederis.

― Biz sizi dünýä çempionynyň ilkinji tälimçisi hökmünde tanaýarys. Ýöne okyjylarymyz öz sport ýoluňyz barada hem bilse has gowy boljak.

― Bu babatda Ýulduz menden bireýýäm ozdurdy. Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň birinji ýarymynda Özbegistanyň Horezm welaýatynda weterinariýa boýunça okapdym. Şol ýyllarda agyr atletika boýunça türgenleşiklere gatnadym. Kiçiräk ýaryşlaryň birnäçesine baryp, sport ussatlygyna dalaşgärlige çenli ýeten hem bolsam, harby gullugy tamamlap, ymykly tälimçilige üns berdim. Indi 32 ýyl bäri hem etrabymyzdaky 1-nji sport mekdebinde çagalara agyr atletika boýunça tälim berýärin.

― Häzir näçe şägirdiňiz bar?

― Meniň toparymda 24 türgen bar. Şolaryň 11-si gyzlar.

― Gyzlaryň arasynda geljegimiziň Ýulduzlary bolup biljekleri barmy?

― Ýok däl. Enemjan Rustamowa, Şahnoza, Asal Kerimbaýewa ýaly gyzlarymyz eýýäm ýurt derejesindäki ýaryşlarda hem medallara mynasyp boldular.

― Umuman, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan ýurdumyza belli agyr atletikaçylar kän ýetişýär diýseňizläň!

― Hawa, häzir etrabymyzdaky sport mekdepleriniň tas ählisinde diýen ýaly agyr atletika has öňe çykan sport görnüşidir. Şonuň netijesinde etrabymyzdan dünýäniň wise-çempiony Rejepbaý Rejebow, doganlar Izzatbek, Ihtiýar, Rejepbaý Matkerimowlar, VII Bütindünýä Uniwersiadasynyň çempiony Ömürbek Bazarbaýew, Bütindünýä Uniwersiadalarynyň ikisiniň medalçysy Tolkunbek Hudaýbergenow, ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Öwez Öwezow, Aziýanyň klublaýyn çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Jasurbek Jumaýew, IV Yslam Raýdaşlyk oýunlarynyň altyn medalynyň eýesi Gülnabat Kadyrowa ýaly agyr atletikaçylar ýetişdi. Gülnabat edil Ýulduz ýaly hut meniň elimde türgenleşen gyz.

― Zeripbaý aga, köp sag boluň! Söhbetdeşlik meniň üçin-ä gyzykly boldy. Ol okyjylarymyzy hem dünýä çempionynyň kemala gelşine gaýybana syýahata alyp gider diýip tama edýäris. Size bolsa mundan beýläk hem işiňizde üstünlik arzuw edýäris! Ýeneki şägirtleriňiziň ýeňişlerine guwanmak miýesser etsin!

― Sag bol, inim! Eger ýurdumyzdan dünýäniň we beýleki halkara ýaryşlarynyň çempionlary ýetişýän bolsa, bu ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmek babatyndaky tagallalarynyň ýerine düşýändiginiň miwesidir. Şonuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, türkmen sportunyň şan-şöhraty mundan beýläk hem belende göterilsin!

Çeşme: "Nesil" gazeti, 13.03.2021 ý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar