Paýtagtda we ýurduň ähli welaýatlarynda şu hepdede gysga wagtlaýyn ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Gündizlerine howanyň ortaça temperaturasy +26 gradusa çenli bolar – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Aşgabatda az bulutly howanyň bolmagyna, wagtal-wagtal ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, howanyň temperaturasy: gijelerine +5... +7 gradusdan +11... +13 gradusa çenli, gündizlerine +10... +12 gradusdan +16... +18 gradusa çenli bolar.
Ahal welaýatynda hem az bulutly howanyň bolmagyna, wagtal-wagtal ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, howanyň temperaturasy: gijelerine +4... +9 gradusdan +9... +14 gradusa çenli, gündizlerine +8... +13 gradusdan +18... +23 gradusa çenli bolar.
Balkan welaýatynda – üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, howanyň temperaturasy: gijelerine +5... +10 gradusdan +10... +15 gradusa çenli, gündizlerine +14... +19 gradus, kenar ýaka etraplarda +11... +16 gradus bolar.
Mary welaýatynda – üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy: gijelerine +3... +8 gradusdan +9... +14 gradusa çenli, gündizlerine +10... +15 gradusdan +21... +26 gradusa çenli bolar.
Lebap welaýatynda – üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy: gijelerine +2... +7 gradusdan +8... +13 gradusa çenli, gündizlerine +9... +14 gradusdan +20... +25 gradusa çenli bolar.
Daşoguz welaýatynda az bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar, wagtal-wagtal ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, howanyň temperaturasy: gijelerine +1... +6 gradusdan +5... +10 gradusa çenli, gündizlerine +8... +13 gradusdan +13... +18 gradusa çenli bolar.