Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maýkl Jeksonyň dogany 70 ýaşynda aradan çykdy

14:4417.09.2024
0
4151
Maýkl Jeksonyň dogany 70 ýaşynda aradan çykdy
Surat: gazeta.ru

Merhum pop-aýdymçy Maýkl Jeksonyň dogany, sazanda Tito Jekson 70 ýaşynda dünýäden ötdi, bu barada amerikan habar beriş serişdelerine salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.

Tito Jekson geçen ýekşenbede ýürek agyrydan aradan çykdy. Ol Jeksonlaryň maşgalasynda üçünji çaga bolmak bilen, üç gezek «Jackson 5» maşgala sazandalar toparynyň düzüminde «Grammy» baýragyna hödürlendi. Maşgala topary on alty sany aýdym-saz albomyny çykardy. 2003-nji ýylda Tito Jekson özbaşdak aýdym aýdyp başlady. Şeýle hem doganlary Jeki we Marlon bilen bilelikde toparda çykyş etdi.

Aradan çykmazyndan dört gün öň Mýunhendäki konsertiň öňýanynda Tito Jekson doganlary bilen Maýkl Jeksonyň guburyna zyýarat etdi.

Maýkl Jekson 2009-njy ýylda 50 ýaşynda aradan çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň