Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabatda diplomatlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň (KHBS) wekilleri üçin brifing geçirdi. Oňa käbir ilçihanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýurtda kowçum bolup ýaşaýan gyrgyzlaryň wekilleri, žurnalistler gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Brifingiň dowamynda Azizbek Madmarow çykyş edip, öz wekilçilik edýän ýurdunyň soňky üç ýyldaky ykdysady ösüş depgini, amala aşyrylýan durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler, gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berdi.
Diplomatyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ýurduň ykdysadyýetinde durnukly ösüş saklanyp, jemi içerki önümiň ortaça ösüş depgini 7 göterime deň boldy we ähli pudaklarda ýokary netijeler gazanyldy. 2023-nji ýylda jemi içerki önüm babatda taryhy sepgide ýetildi. Şonda onuň möçberi 1 trillion 229 million soma (takmynan, 14 milliard amerikan dollary) barabar bolup, munuň özi geçen ýyllardakydan görnetin ýokary görkezijidir.
JIÖ-niň jan başyna düşýän möçberini artdyrmak, puluň hümmetsizlenmek derejesini azaltmak boýunça-da anyk çäreler görüldi. Döwlet tarapyndan edilen şeýle tagallalar netijesinde, bu günki gün Gyrgyz Respublikasy öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge ukyply ygtybarly hyzmatdaşa öwrüldi.
Brifingiň ahyrynda ilçihana tarapyndan taýýarlanan, Gyrgyzystanyň sebitlerinde amala aşyrylýan dürli maksatly taslamalar bilen tanyşdyrýan gysgaça wideofilmler görkezildi. Soňra diplomat žurnalistleri gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.