Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda güýzlük bugdaýyň “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” atly täze görnüşleri döredildi

08:5617.09.2024
0
3366

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň täze görnüşleri döredildi. Munuň özi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek boýunça berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, pudagy ösdürmegiň ylmyň ýokary gazananlaryna, tehnologiýalara daýanýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Degişlilikde, bu täze tohumlaryň birinji görnüşi “Serdar”, ikinji görnüşi “Arkadag”, üçünji görnüşi bolsa “Pyragy” diýlip atlandyryldy. Bu barada TDH ýazýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda oba hojalyk önümleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Merkeziň öňündäki meýdançada emeli döredilen pagta we bugdaý meýdanlarynyň, dürli bakja ekinleriniň, miweleriň we gök önümleriň bölümleri ýurduň oba hojalyk pudagynyň gazananlarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergi myhmanlara orta süýümli we aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň naýbaşy görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Olaryň her biri köpýyllyk milli seçgiçilik işleriniň netijesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň