Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana salkyn howa akymy aralaşýar

12:1409.09.2024
0
15890
Türkmenistana salkyn howa akymy aralaşýar
Surat: rg.ru

Bu barada Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +28... +33 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +25... +30 gradusdan +30... +35 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +28 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +28 gradusdan +30... +35 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +28 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14... +16 gradusdan +18... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +29 gradusdan +32... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň