Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň Prezidenti paýtagty Tährandan göçürmek barada aýtdy

09:3909.09.2024
0
6270
Eýranyň Prezidenti paýtagty Tährandan göçürmek barada aýtdy
Surat: belta.by

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýurduň paýtagtyny Tährandan günorta serhet ýakalara, ýagny Pars aýlagynyň kenaryna göçürmek maksatnamasy barada aýtdy. Bu barada «Fars» habarlar gullugyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

«Ýurduň paýtagty bolmak bilen, Tähran bizde paýtagt merkezini göçürmekden başga çözgüdi bolmadyk kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar» diýen Pezeşkianyň sözlerini «Fars» habarlar gullugy getirýär.

EYR-niň döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, Tährany paýtagt hökmünde galdyrmak birgiden kynçylyklar, ilkinji nobatda ykdysady babatda amatsyzlyklar zerarly mümkin däl. «Häzirki ýagdaýy dowam etmek bilen, ýurdy ösdürmek mümkin däl. Eger biz Tährana günortadan we deňizden gorlary getirmek hem-de olary haryda öwrüp ýene yzyna – gündogara, eksporta iberjek bolsak, bu biziň bäsdeşlige ukyplylygymyzy barha güýçli peselder» diýip, ol aýtdy.

Pezeşkian täze paýtagt saýlanyp alnandan soňra ol ýere ähli döwlet edaralarynyň göçüriljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň