Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýady döwrebaplaşdyrylýar

11:2107.09.2024
0
5800
Ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýady döwrebaplaşdyrylýar
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurduň ulag-kommunikasiýa toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda zerur çäreleriň görülýändigi habar berlip, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we hödürlenen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň