Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 10-njy sentýabrda açyljak 79-njy sessiýasynda möhüm teklipleri öňe sürer

11:1307.09.2024
0
6247

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 10-njy sentýabrynda açyljak 79-njy sessiýasyna gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, hasabatda BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Dünýä bileleşigi Türkmenistanyň howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, syýasy, ykdysady, energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebit hem-de halkara ähmiýetli başlangyçlaryny doly goldaýar. Türkmenistanyň oňyn teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalarynda we beýleki resminamalarynda öz beýanyny tapýar.

Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26 Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň 8 gezek Baş Assambleýanyň wise-başlyklygyna saýlanylandygy, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň 10 sany komissiýasynyň we geňeşiniň agzasy bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistanda guramanyň agentlikleriniň 9-synyň wekilhanalary hereket edýär. Olaryň gatnaşmagynda häzirki wagtda BMG bilen bilelikde jemi 40-dan gowrak taslama durmuşa geçirilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde 24 — 30-njy sentýabrda ýokary derejeli hepdeligiň geçirilmegine garaşylýar. 22-23-nji sentýabrda “Geljegiň sammitiniň” we beýleki çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanynyň goldawy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Onda möhüm ugurlaryň birnäçesi beýan edildi. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek wajyp ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek boýunça daşary ýurtlar hem-de BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen bilelikde işleri alyp barmak meýilleşdirilýär. Öňde açyljak sessiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek hem göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, geljek ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistan halkara we sebit derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin BMG-niň “Durnukly ulagyň onýyllygyny” durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmegi, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmegi teklip edýär.

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň howanyň üýtgemegi we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça tagallalaryna işjeň gatnaşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işler dowam etdiriler. Mundan başga-da, türkmen döwletiniň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasyna laýyklykda geňeşmeler geçiriler. Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda Hazar ekologiýa forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge-de uly ähmiýet berýär. Bu ugurda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek teklip edilýär. Şeýle hem «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara meýilnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogy boýunça degişli işler amala aşyrylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny we onuň ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň işine gatnaşmagyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň