Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýär

10:4007.09.2024
0
7091

Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine giňden taýýarlyk görülýär. TDH-nyň habar berşi ýaly, 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa bu baýramçylyk mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli şu ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri we aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Aýyň esasy çäreleriniň hatarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine we Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabaralary, “Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk!” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň jemini jemlemek, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlary sarpalamak çäreleri, dabaraly ýöriş, baýramçylyk konsertleri, feýerwerk, at çapyşyklary we beýleki çäreler bar.

Şu günler teatrlarda, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde halk köpçüligine täze sahna oýunlary, filmler görkezilýär. Ýurduň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri giňden beýan edilýär. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan dokumental filmler, wideoşekiller, dürli mazmunly gepleşikler taýýarlanylyp, ýaýlyma berilýär. Şeýle hem olary daşary ýurt teleýaýlymlarynda görkezmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletiň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli bellenen dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

"Olarda ýurdumyzyň ähli ugurlardaky üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr" diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň