Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary bolar

10:4031.08.2024
0
32666
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary bolar
Surat: turkmenistan.gov.tm

Sanly ulgam arkaly 30-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Bilimler we talyp ýaşlar gününe, 2024-2025-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli dabaralaryň, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 1-nji sentýabrda ýurduň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan “Bilimli” atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Şol gün Türkmenistanyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralary açylyp, bilimler baýramçylygy has-da dabaralandyrylar. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky 1200 orunlyk orta mekdep, Lebap welaýatyndaky 1360 orunlyk 2 sany orta mekdep, Mary welaýatyndaky 160 orunlyk çagalar bagy hem-de 500 orunlyk orta mekdep bar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykda geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna döwrebap kompýuterleri sowgat bermek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Hökümet agzalarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, türkmen halkynyň, ýurduň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle-de döwlet Baştutanyna ýurduň ýolbaşçylar düzümine zähmet dynç alşy döwründe şypahanalarda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň