Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasy dowam edýär

09:2620.08.2024
0
11283

«KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň ikinji güni hem gyzykly we üns çekiji boljakdygyny wada berýär. Guramaçylar körpeje myhmanlar we olaryň ene-atalary üçin wagtlaryny peýdaly hem gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýän dürli maksatnamalary taýýarladylar.

Körpejeler üçin işewürlik

Sergide çagalaryň we ýetginjekleriň telekeçilik ukyplaryny ösdürmäge hem özboluşly üns berilýär. «Iş Nokady» kompaniýasy «MiniBoss» taslamasy bilen bilelikde interaktiw işewürlik sessiýalarynyň birnäçesini geçirer. Bu ýerde ýaş gatnaşyjylar öz taslamalaryny nädip tapmalydygyny, iş meýilnamalaryny nähili görnüşde döredip, öz ideýalaryny ösdürmelidigini öwrenip bilerler.

Moda we döredijilik

Moda bilen gyzyklanýan oglanjyklar we gyzjagazlar üçin sergide türkmen dizaýnerleriniň taýýarlan çaga lybaslarynyň görkezilişi guralar. Kiçijik modeller möwsümiň iň ýörgünli trendlerini tanyşdyrarlar.

Mundan başga-da, serginiň myhmanlaryna «Studio Keramiki», «Ýenme», «Demis handmade», «Yarmarka masterow», «Businka» ýaly meşhur studiýalaryň we hünärmenleriň geçirjek gyzykly döredijilik ussatlyk sapaklary garaşýar. Çagalar küýzegärçilik, şaý-sepleri ýasamak, senetçilik we beýleki gyzykly işlerde ellerini synap görerler.

Ýaş zehinler üçin sanly tehnologiýalar

Geljekki programmistler we tehnologlar üçin sergide «KiberOne», «Moderm», «3D print» hem-de «American center» kompaniýalarynyň ýörite ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutuldy. Ýaş myhmanlar programmirlemegiň, 3D usulda çap etmegiň hem-de beýleki häzirki zaman tehnologiýalarynyň esaslaryny öwrenip bilerler.

«KidsExpo» sergi-ýarmarkasyna näme üçin baryp görmeli?

- çagalar üçin harytlaryň giň görnüşi: sergide täze doglan çagalar üçin harytlar, oýunjaklar, egin-eşikler, okuw esbaplary, döredijilik esbaplary we beýlekiler hödürlenýär.

- çäreleriň köpdürlüligi: bu ýerde her çaga öz göwün küýsegini tapyp biler — ussatlyk sapaklaryndan, oýunlardan başlap, işewürlik sessiýalaryna hem-de moda görkezilişlerine çenli.

- çagalar harytlary we hyzmatlary pudagyndaky täze önümler bilen tanyşmak mümkinçiligi.

- tutuş maşgala bolup wagt geçirmek üçin ajaýyp ýer.

Aşgabatda geçirilýän «KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasy 22-nji awgusta çenli dowam eder. Geçirilýän ýeri: «Garagum» myhmanhanasynyň arkasyndaky meýdança.

Habarlaşmak üçin: info@turkmenexpo.com, (+993 63) 71 49 83.

Fotoreportaž: Çagalar baýramy: Kids Expo sergisi ýaş myhmanlara gapylaryny açdy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň