Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

11:1410.08.2024
0
9945

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň guramagynda “Çarlak” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda 12-nji awgustda bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli “Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak” atly maslahat geçirildi. Bu barada agentligiň saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahata agentligiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň işgärleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar Hazar deňziniň gurşawyny ygtybarly goramak, ekologiýa howupsyzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletiň ekologiýa syýasatynyň bu ugurda gazananlaryny gorap saklamak babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ägirt uly işleri barada çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Ýaşyl port” güwänamasyna eýe bolandygy barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine ýurduň ösüşi we ýagty geljegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň