Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Astrahan döwlet uniwersitetiniň aspiranty Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň awtordaşy boldy

15:1825.07.2024
0
10742

W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň düýpli biologiýa kafedrasynyň aspiranty Aleksandr Pawlenko golaýda neşir edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji jildiniň awtordaşlarynyň biri boldy. Bu barada ast.mk.ru saýtynda habar berildi.

Aleksandr Pawlenko Türkmenistanyň raýaty bolup, ol Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezinde işleýär. A.Pawlenko howply keselleriň göterijileri bolup bilýän gemrijileri öwrenmek üçin ekspedisiýalara yzygiderli gatnaşýar.

Ýaş alym Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji jildinde Merkezi Aziýanyň ozal ylym üçin näbelli bolan ösümlikleriniň birnäçesine düşündiriş berýär.

«Geljek ýyl Astrahan döwlet uniwersitetiniň aspiranty Türkmenistan bilen Eýranyň serhedindäki Köpetdag dag ulgamynyň ösümlik dünýäsini öwrenmek boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny goramagy meýilleşdirýär» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji jildi şu ýylyň iýun aýynda neşir edilipdi. Ol ýurduň çäginde duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň goraga mätäç bolan seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan görnüşlerini öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti bu neşiriň çapdan çykmagy bilen ony taýýarlanmaga gatnaşan köpçülikleýin monografiýanyň ähli awtorlaryny, şol sanda alymlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Ylymlar akademiýasynyň işgärlerini, botanikleri we zoologlary gutlapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň