Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

22-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11:1922.05.2024
0
8670

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy, türkmen ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy, Döwletjan Ýagşymyradowyň 35 ýaşy doldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy doganlyk Eýranda agyr betbagtçylygyň bolandygyny aýtdy we şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan hem-de hut öz adyndan, türkmen halkynyň adyndan gynanç sözlerini beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-eýran dost-doganlygynyň mizemez nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

2. Türkmenistanyň ilçisi bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda–ykdysady gatnaşyklar, senagat, ulag, ýangyç, energetika pudagaklary we medeni–ynsanperwer ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetara türkmen-gruzin toparynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

3. Aşgabatda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylym-bilim edaralarynyň wekilleri biosenagatyň ösüşi, dermanlyk ösümlikleriň ösdürip ýetişdirmegiň meseleleri, «ýaşyl» önümçilikde biofarmasewtikanyň we biotehnologiýanyň orny hem-de bioykdysadyýet barada pikir alyşdylar. Maslahata gatnaşyjylar Maksatnamanyň biosenagatyň ylmy mazmunyny ýokarlandyrmak we «ýaşy»l innowasiýalary höweslendirmek üçin alymlaryň tagallalaryny birleşdirjekdigini bellediler.

4. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi aw awlamagyň täze düzgünlerini tassyklady. Düzgünler ýabany haýwanlary we guşlary awlamagyň möhletlerini, ýerlerini, usullaryny we kadalaryny düzgünleşdirýär. Aw gurallaryna bildirilýän talaplar we düzgün bozmalar üçin jeza çäreleri kesgitlenildi. Awçylaryň we balykçylaryň birleşen jemgyýetiniň agzalary resminamalary bar bolsa, şeýle hem rugsatnamasy bolan adamlar aw awlamak hukugyndan peýdalanýarlar. Düzgünleriň berjaý edilişine gözegçilik ministrligiň işgärleri we jemgyýetiň inspektorlary tarapyndan amala aşyrylar. Täze düzgünler ýurduň aw baýlyklaryny gorap saklamagy we tygşytly peýdalanmagy üpjün etmek üçin döredildi.

5. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 24-nji maýda Aşgabat şäherinde geçiriljek GDA-nyň agza döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň geňeşine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar çäräniň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Arkalaşygyň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Dünýäde

6. Denwerden 90 ýaşly heýkeltaraş Ed Duaýt kosmos syýahatçysynyň ýaşy boýunça täze rekordyň eýesi boldy. Duaýt bäş ýolagçy, şol sanda ABŞ-dan we Fransiýadan telekeçiler bilen birlikde «Blue Origin» kosmos gämisinde suborbital uçuşy amala aşyrdy. Ondan öň bu rekord 2021-nji ýylda kosmosa syýahat eden aktýor Uilýam Şetnere degişlidi.

7. Hytaýyň häkimiýeti sosial ulgamlarda baýlygyň görkezilmegine garşy göreşip başladylar. Iň iri milli platformalar «baýlygy we pula ybadat etmegi wagyz edýän» mazmunyň – gymmat awtoulaglar, kaşaň jaýlar we aladasyz durmuş baradaky paýlaşylýan ýazgylaryň öçürilendigini habar berdiler. Müňlerçe paýlaşylan ýazgylar we ýüzlerçe hasap bloklandy. Bu çäreler 2016-njy ýylda başy başlanan «internetiň medeni gurşawyny arassalamak» kampaniýasynyň bir bölegidir. Baýlygyň görkezilmegine garşy göreş diňe bir wirtual giňişlikde däl, eýsem, hakyky durmuşda, şol sanda toý senagatynda-da alnyp barylýar.

Sport habarlary

8. 22-nji maýda garyşyk başa-baş söweş sungatlary boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow 35 ýaşady. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda önüp-ösen Döwletjan çagalykdan başa-baş söweşe ukyplydygyny subut etdi. Ýagşymyradow ilkinji üstünligini heniz 11 ýaşyndaka karate boýunça Türkmenistanyň çempionatynda gazanypdy. Döwletjan professional ringe ilkinji gezek 2012-nji ýylda çykdy we mälim bolmadyk sebitleýin ýaryşlardan ýokary derejeli dünýä guramalaryna çenli uzak ýol geçdi. Häzirki wagtda onuň MMA-däki professional tutluşyklarynda 22 ýeňşi, 7 utulyşy we bir sany deňligi bar. Döwletjan wagt ýitirmän, häzirki wagtda 22-nji iýun güni Solt-Leýk-Sitide «PFL» ýaryşynyň çäklerinde kamerunly pälwan Simon Biýong bilen geçirjek tutluşygyna taýýarlanýar.

9. Maurisio Poçettino «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. «Aristokratlar» 52 ýaşly argentinaly bilen 2024/25-nji möwsümiň ahyryna çenli niýetlenen şertnamany ýatyrdylar. Poçettino 2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri «Çelsä» ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 27 ýeňiş gazandy, 10 gezek deňme-deň oýnady we 14 ýeňlişe sezewar boldy. Argentinaly hünärmen karýerasynyň dowamynda «PSŽ», «Tottenhem», «Sautgempton» we «Espanýol» toparlaryna tälim berdi. 2023/24-nji möwsümiň netijeleri boýunça «Çelsi» 63 utuk toplap, APL-iň sanawynda 6-njy orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň